Radioýaýlymy dowam edýärdi we onda bir zenanyñ sesi eşdilip başlady "... Men Allatagallañ maña beren her günine şükür etýän. Meniñ adamym ýok ýöne üç sany garagöz çagam bar. Kyn durmyşym bolsada, Allanyñ maña şeýle çagalary bermegi meñ üçin iñ uly bagytdyr. Men näçe kyn durmyşda ýaşasamam Allamdan ýüz öwürmerin. Onuñ maña kömek etjekdigine ynanýaryn..."
Bu sòzleri öz ofisinde radio diñläp otyran adam eşitdi. Gepleşigiñ soñunda radioda gürlän zenanyñ öý salgysyny kagyza belläp aldy. Sekretar gyzy ýanyna çagyrdy. " Sen markete git. Bir hojalyga gerek boljak ýag, mäş, et, we hemme ìýer içer ýaly zatlary alda şu adrese eltip ber, ýöne... haçanda zenan bu zatlary kimiñ ugradandygyn soranda oña Şeýtan diýip jogap ber" diýdi.
Sekretar gyz hemme gerek zatlary aldy we şol adrese bardy. Gapyñ jañyny basdy we gapy açyldy. Gapydan ýaş zenan çykdy ol gyzyñ getiren zatlaryny görip dyzyna çökdi we " Eý Allam sen beýiksiñ " diýdi. Zenan hemme zady alyp öýine girip barýaka sekretar gyz "Bagyšlañ, siz bu zatlary kimiñ ugradandygyny bilmek isläñizokmy ?" diýip soragly nazar aýlady.
Zenan gyza tarap seretdi we " Ýok, islämok. Men diñe bir zady bilýän. Haçanda Allatagalla buýruk berende, oña Şeýtan hem boýun egýändir..."
📌 Söz ýalñyşlygy bar bolsa bagyşlañ.