okayjy
10.08.2023 16:44

BAGYŇ GÖZÝAŞY


Hiç kimiň işi ýok gül bilen,

gaýgysyn edýän ýok balygyň,

hiç kimiň ynanasy gelenok

harap bolýanyna bagymyň.

Bagymyň kalbynyň bireýýäm guranyna güneşe,

bireýýäm aňynyň solup

terligi bilmeýşine,

bagymyň hyýalynyň –

uzakda hem geňdigin

ynanasy gelenok hiç kimiň.


Ýürekgysgynç biziň öýde ýaşamak,

Ýürekgysgynç –

bir buluda ýa ýagmyra

garaşyp ýaşamak biziň öýde.


Kakam diýýär:

“Bizar her zatdan!

Ýeterlik menden!

Indi, taşlaýan işi”.

Soňra, çykman otagyndan okaýany

ýa taryhy senenama

ýa-da “Şanama”.

Kakam diýýär:

“Ýoguna gitsin bu balyklar, guşlaram!

Maňa näme,

bu bag ölse ýa galsa,

eger, ertir özüm ölmeli bolsa?

Pensiýam ýeterlik maňa”.


Ejeme – musallat boldy

jähennemiň oý-hyýaly –

namazlygyn ýazar-da ol

her zatda şübhelener

günäkär pikirlerden,

hem otlaryň saralmagyny

hapysa arwahdan görer.

Doga edýär ejem gije we gündiz,

soň dem salýar güllere,

dem salýar balyklara,

dem salýar özüne,

hem garaşýar asmanyň kömegine.


Agamyň bag barada diýýäni: gabyr.

Ol kellesini agyrtmagam islänok

narpyz otly,

aňkap duran ýata suwda çüýreýän

hem azalýan

porsy balyklara.


Agam – ol uly bir filosof:

oňa görä bu bagy bejermek

ony ýok etmekmiş,

şol sebäpli içýär ol,

ýumruklaýar gapyny hem diwary,

görünjek bolýar

gaýgyly we hasratly,

hem öz gussasyny –

edil pasport, kalendar, el ýaglyk ýa-da galam ýaly,

äkidýär ýany bilen

köçä, bazara,

ýöne şonda-da onuň gyssasy

çäksiz däl,

çünki her agşam siňip gidýär

meýhananyň dumanyna.


Ýöne, aýal doganym – şeýle bir gülleri söýýär!

Hem şeýle bir ynamdar kalby bar!

Balyklary ol bir zaman

ekläp saklapdy ýadaman,

gidip güllere için dökerdi,

käýinç alan wagty ejemden.

Indi onuň öýi şäheriň o çetinde.

Öýüniň ähli goşy – ýasama,

gyzyl balyklary – ýasama,

ýatýan düşekleri – ýasama,

ýasama alma şahasynyň astynda

aýdýan aýdymlaram – ýasama,

emma, dogran çagalary – hakyky.

Her gezek, uýam görüşmäge bize gelende,

köýneginiň etegin bagda hapalap,

hökman, tämizlär ol atyrlap.

Her gezek, uýam görüşmäge bize gelende,

göwrelidir her gezek.


Ýürekgysgynç biziň öýde ýaşamak,

ýürekgysgynç biziň öýde ýaşamak.


Uzak gün

bu diwarlaň arkasynda ok sesleri eşdilýär

hem snarýadlar ýarylýar.

Goňşular bagynda gül ekenok indi,

olar bagynda ýarag saklaýar;

syrçalanan howzuň içi

däriden doly

hem örtülen çadyr bilen.

Köçämiziň çagalarynyň

okuw sumkalary

kitap däl granat doly.


Biziň öýdäki durmuşdan başym aýlanýar.


Gorkunç maňa bu ruhsuz zaman.

Gorkunç maňa bu oýunlaň manysyzlygy

hem dereksiz amala aşmagy etsem-goýsamlaň.

Ýalňyz men,

geometriýa aklyny aldyran okuwçy ýaly.

Oýlanýan harap bolan bagymyz hakda,

oýlanýan,

oýlanýan,

oýlanýan...

Bagymyň kalbynyň bireýýäm guranyny güneşe,

bireýýäm aňynyň solup

terligi bilmeýşini...


© Fürug FERRUGZAD


Rusçadan terjime: © MANGO

55
265
0885
20 Awgust 2023
Islap islap yadanyzayokmyn
0885
20 Awgust 2023
Hemman armanda
0885
20 Awgust 2023
Salam hemma agsamynyz hayrly bolsun
myrataly_
20 Awgust 2023
@kowser, edebiyat.clan.su
okayjy
10 Awgust 2023
@garlawac_, Iki saýt hem "Uid" bilen baglanşykly eken. Şoñ üçinem açylýa.
okayjy
10 Awgust 2023
@garlawac_, Howa. "Içeri gir" 👈 Gmail bilen parolyñy ýazýañ açylýa. Iki saýtam Uid
okayjy
10 Awgust 2023
@garlawac_, Kitapcy.ru saýtda profiliñ barmy 🤔. Şoñ üsti bilen hem girip bolýan eken.
myrataly_
10 Awgust 2023
@2525, Salam
okayjy
10 Awgust 2023
@gull, Eýran ýaşaýşy nätjekdä 🤷‍♂️
okayjy
10 Awgust 2023
@garlawac_, Menä düýn bir girip agşam blog hem goýup çykdym 😅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.