Gadym zamanda iki sany odynçy bolupdyr. Ikisi hem gün-güzerasyny odyn çapyp, satmak bilen aýlar eken...
Ýöne bir ýagdaýa bardy, olaryñ biri eşegi bilen odyn daşardy beýlekisi bolsa arkasynda. Bir gün eşeksiz odynçy ýolda Musa pygambere gabat geldi we oña " Eý Musa sen Allatagalla adalatly we ol hemme gulyna kömek etýä diýýädiñ ahyry. Seretsene men goñşym bilen deñ derejede işleýärn, ýöne näme üçin onda eşek barda Allatagalla ony maña köp gòripdir. Sen Allatagallañ huzyryna barsañ ondan mañada bir eşek bermegini isleýändigimi aýt."
Musa pygamber oña "bolýa" diýýär we ýolyna dowam etýär. Ertesi gün Musa pygamber Allatagallañ huzuryna baranda oña odynçyñ islegini aýtýar we oña hem bir eşek bermegini haýyşt etýär.
Allatagalla Musa pygambere " Sen çyndanam şol odynçyñ şol eşege mätäçdigine ynanýañmy ? " diýip sorag beripdir.
Musa pygamber " Howa men ol odynçyny hemişe görýän. Indi ol odynçy hem garrapdyr oña hem biraz kömek gerek." diýipdir.
Allatagalla "Sen onda gitde şol odynça şeýle diý. Buşlyk Allatagalla saña bir eşek rowa gördi ýöne, señ goñşyñ eşegi şu wagt ýarowsyz ýatyr. Eger sen şol goñşyñ eşeginiñ sagalmagyna ýagşy dileg etseñ ol sagalar seniñ hem bir eşegiñ bolar diý. " diýip aýytdy.
Ertesi gün Musa pygamber odynça şol habary aýytdy. Odynçy biraz oýlandy we " Ömrimiñ 40 ýylyny arkamda odyn daşap geçirdim. Men galan ömrimi hem eşeksiz günümi görern, ýöne şo goñšymyñ eşgi hem sagalmasyn" diýipdir...
# Eflatunyñ şeýle bir sözi ýadyma düşdi : "Durmuşda esasy zat, Köp zada eýe bolmak däl-de, az zada mätäç bolmakdyr. "
📌 Söz ýalñyşy bar bolsa bagyşlañ .