# Eli gülli oglanjyk.
Sarysyndan ýoldum,gögünden ýoldum,
Gyzylyndan ýoldum,agyndan ýoldum.
Güller bir-birinden,ajaýyp eje!
Dogurjamy diýsem baryndan ýoldum.
Mollum rugsat etdi,ýolaýyň diýdi,
Halanja gülňizi alaýyň diýdi.
Ejeňize gowşuryň bu gülleri,
Ýetmesede ýene, geläýiň diýdi.
Baýram,Meret,Çary öýlerne gitdi,
Gujagyn doldurup bir desse gülden.
Eje ynha menem,mekdepden çykyp,
Şol bir gujak gülli,ýanyňa geldim.
Seretsene eje, gülere seret!
Seniň halaýanyň,terje bägüller.
Goşgy hem öwrendim,onam aýdaýyn,
Şahyrçylyk eden bolýan,kä günler.
Janym ejem,gutly bolsun baýramyň,
Minnetdarlyk úçin,galma azara"
-diýdidi-de oglanjyk,gül goýup gitdi,
Gözýaşyn damdyryp,köne mazara.
***
# Taşlanan çagañ depderçesinden.
Otyryn öçügsi,ÿarym Aÿ bilen,
Özümem öçügsi bir göwniÿarym.
Daşym ejeliler,başymda «Eje»,
Şu sözüñ manysyn biljek bolÿaryn.
Meñ ÿanymda öwündiler,öwdüler,
“Eje” sözüñ tükeniksiz güÿjüni.
Menem öwjek welin,goşlup olara,
Bilemok-da,ol ajymy,süÿjümi?
Ÿöne,men birzady bilÿärin anyk,
Yzasyny çekip gelÿärin heniz.
Kysmat neneñ mañlaÿymy çyrşapdyr?!
Göwnümem,ömrümem,özümem kemis.
Bu gije-de düşünmedim men ÿene,
Sizem düşmersiñiz ÿürek jigläme.
Yza bilen ÿaşap,gowşap,
Owşap gelÿärin... Alajym näme?'
📌 Awtorlary belli däl. "Dört şem" goşgylar we hekaýalar toplumyndan alnan.