Kazyýet zalynda segsen ýaşyndaky garry är-aýalyň ýagdaýy gözgynydy. Garry adam aglamazdan, sessiz enäniň gözlerini, ýadaw nazary bilen synlaýardy. Kazy agalyk ediji sesi bilen garry aýala:
- Aýdyñ daýza, näme üçin aýrylyşmak isleýäñiz ?
Garry daýza ulydan demini alandan soñ, ýaglygyny agzyndan biraz gyra aýyrdy we aglamakdan inçelen sesi bilen gürlemäne başlady.
- Bu haramzadañ etýäni, ýetjek derejesine ýetdi indi. Elli ýyllap durmyşdan doýurdy... Aýrylşmak isleýän...
Soñra uzyn wagtlyk sessizlik ornaşdy kazyýet zalyna... Sessizlik, her gün beýle ýagdaýlary gazetde makala etýän habarçyñ fotoaparatynyñ sesi bilen pozuldy. Kim bilýä nähili bir makala ýazjaklardy, elli ýyly birlikde yzda goýan bu garrylar hakda ? Köp sanly habarçy bu dawa syn etýärdi... Aýal nämeler diýjekdi ? Hemme, ony diñleýärdi. Garry daýzañ, gözleri ýaşdan doldy we dowam etdi...
- Biziñ bir merjen gülümiz bardy, meñ gaty gowy görýänim... O bilmez... Elli ýyl mundan öñdi. O güli, maña sowgat beren güllerniñ arasyndan ýapragyny goparyp tohumladyp, şeýdip ýetişdiripdim. Hiç çagamyz bolmandy, şo gülleri çagalarym ýaly gördim. Wagtyñ geçmegi bilen güller saralyp, solup başlapdy. Şondan soñ, öz-özime kasam etdim. Her gije gün dogmazdan ozal, bir käse suw bilen ony suwlap durjakdygyma... Gowy peýda etýä diýipdiler. Elli ýyl boldy, bu adam birje gije turup, ýekeje gezek hem şu güli şu gije men suwlaýyn diýmedi. Şol wagtdan, geçen gijä çenli... Geçen gije takatym ýetmän uklap galypdyrn. Ine men, şeýle bir adam bilen elli ýyl geçirdim. Durmuşymy, umudymy hemme zadymy berdim. Ondan ýekeje garşylygam görmedim. Ýekeje... Bary ýogy, ýekeje gije oýanyp meñ gülümi suwarmagyna garaşdym... ýöne bolmady. Onsyz has gowy ýaşaryn Hudaý bar.
Kazy garry adama tarap nazaryny öwrüp :
- Aýtjak zadyñ barmy atam ? diýdi.
Goja şol wagta çenli günäkärlenmekden utanýan ýüzi bilen, hasasy bilen ýöräp münbere bardy we kaza tarap öwrüldi. Ýeke-ýekden gürledi :
- Gulluk ýyllarmy Döwlet köşginde bagban bolup geçirdim. Köşgiñ baglarnyñ we gülleriniñ gözelligine görk goşmak üçin azap etdim. Fatmamy hem şo ýerde tanadym. Merjen güllerini-de... Oña iñ owadan güllerden buket ýasap bererdim. Dumuş guran günlermiziñ başlarynda, boýny agyrýandygy üçin ony lukmanyñ ýanyna äkitdim. Lukman, uzak wagt oýanman ýatsa, boýun damarlary gatar we erbetleşer diýdi. Her gije ukysyndan oýanyp biraz gezim etsin diýdi. Aýalym lukmanyñ diýenlerini känbir ýerine ýetirmedi... Menem diñlemedi... Şo günlerde tötänlikden, bu gül saralyp, gurap başlady. Men oña "Gije gül suwlasañ, gül täzeden janlanyp başlar" diýdim. Oña kasam etdirdim... Her gije ony oýandyrdym we oña seretdim. Söýýän aýalymyñ çagalary ýaly görýän güllerni suwlaýan wagty ony synladym. Her gije o güli hamala özim ýaly duýdym... Her gije o ýatandan soñ oýandym. Güliñ käsesindäki suwy boşaltdym. Merjen güli, gije suwlanmagyny halamaz, ýoldaş kazy... Geçen gije-de... Garrylyk... Menem oýanyp bilmedim. Onam oýandyryp bilmedim... Gül suwsyz oñyp bilerdi, ýöne onyñ hem boýun damarlarynyñ gatamagyna sebäp bolup bilerdim. Günäkärlendim... Sesimi çykaryp bilmedim... Karar siziñki ýoldaş kazy.
Şol wagt habarçylara çenli, kazyýet zalyndaky hemme adam aglaýardy...
# Megerem, menden söýgi hakda sorasalar şu hekaýany gürriñ bermek islärdim....
📌 Türk dilinden terjime etdim. Söz ýalñyşy bar bolsa bagyşlañ.