Bir adam Musa pygamberiñ ýanyna geldi :
" Eý Musa ! Saña haýyşt, sen maña bir doga etde, men haýwanlaryñ diline düşineýin we mundan özime ders alyp has ýagşy adam bolup ýašaýyn," diýdi.
Musa pygamber :
" Bar öz işiñ bilen bol, aşagyndan çykyp bilmejegiñ ýüki başyña alma. Bu wagtky ýagdaýyñ saña has haýyrlydyr, " diýdi.
Ýöne adam diñlemedi we özdiýenlik edip :
" Eý Musa ! Haýyşt etýän, iñ bolmanda gapymda ýatan Itim bilen horazmyñ diline düşineýin," diýdi.
Musa pygamber bu adamy näçe jan etsede, isleginden el çekdirip bilmedi. Adam özdiýenlik etdi. Ahyry soñunda Musa pygaber oña bir doga etdi. Adam begenip öýine gaýytdy. Ertesi irden hyzmatkär saçagy ýazýan wagty, bir bölejik çörek ýere gaçdy. Horaz ylgap gelip muny iýdi. Itiñ bu ýagdaýa gahary gelip :
" Eý horaz señ pikriñçe bu edeniñ dogrymy ? Sen bugdaýam iýip bilersiñ arpada. Hatda Mekge dänesinem. Emma men çörekden başga zat iýip bilemok, näme üçin meñ nesibämi iýdiñ ?" diýdi.
Horaz jogap berdi :
" Dogry aýytýañ... Ýöne sen gynanma, ertir biziñ hojaýnymyzyñ eşegi öler, senem gowy garnyñy doýrarsyñ," diýdi.
Bularyñ gürriñini diñän adam, eşegi bazara äkidip satdy. Ertesi irden " Göreli hany horaz bilen it indi näme hakda gürleşerkä ?" diýip olaryñ ýanyna geldi.
It horaza sütem etýärdi :
" Hany bu gün eşek öljekdi ? Hany bu gün meñ garnym doýjakdy ?"
Horaz "Eşek elbetde öldi, ýöne başga ýerde. Sebäbi hojaýyn ony satdy. Emma hiç alada galma, sebäp ertir at öler. Senem has ulyrak läşe eýe bolarsyñ," diýdi.
Bu sözleri eşider-eşitmez adam ýataga ylgady, aty bazara äkidip satdy. Şadyýan ýagdaýda öýine dolanyp gelýäkä içinde şeýle pikir etdi :
" Bu haýwanlaryñ dilini öwrenenim gowy boldy. Meni eslije zyýandan halas etdiler,"
Ertesi irden ýene " Indi näme gürleşerlerkä ?" diýip it bilen horazyñ ýanyna gitdi. It ýenede horaz sütem etýärdi :
" A how horaz, bu gezegem diýeniñ bolmady, ýa senem indi ýalan sözlemäne başladyñmy ?" diýdi.
Horaz " Ýok men ýalan sözlemedim, at ölmelidi... ýòne hojaýyn onam satdy. Sen şonna-da alada galma, ertir hojaýynyñ iñ gowy görýän guly ölmeli we patada hem naharlar bişirler, Şor suw paýlanar. Senem süñikden hezil edip garnyñy doýrarsyñ," diýdi.
Bu sözleri eşiden adam, gulyny bazara äkitdi we satdy. Yzyna dolanan wagty :
" Bu horaz bile itiñ dilini öwrenenim gaty gowy boldy. Gaty köp zyýandan sypdym," diýip pikir edip begenýärdi.
Ertesi gün ir bilen ýene it bilen horazyñ ýanyna ylagady. Ikisi ýene gürleşip durdylar. Itiñ bu gezek sabr käsesi dolupdy, horaza gaty gaharlydy :
" Eý ýalançy horaz, hany gul öljekdi we meniñ garnym doýjakdy ? Näçe gündir meni ýalanlaryñ bilen awundyrýañ ! Bu saña heý gelişjek zatmy ?"
Horaz " Men ýalançy däl !" diýdi. " Gul öldi, emma bu ýerde däl-de, başga ýerde. Sebäbi hojaýyn ony hem satdy. Aslynda hiç oñarmady, beýle etmeli däldi. Sebäp gezek indi oñ özine geldi: Birinji başda, bela-beter eşegiñ başyna geljekdi we hojaýnymyzdan sowuljakdy. Eşegi satan soñ, gezek ata geldi. Aty satan soñam, gula geldi. Guly satany üçin hem indi bela oñ öz başyna geljekdir. Gezek onda... Ertir hojaýynymyz öler, we şo sebäplem hemmämiziñ garny doýar," diýdi.
Bu sözleri eşiden adam aglady, urundy, kellesini daşlara urdy, ýöne eýýäm gaty giçdi...
# Kiçi wagtym Ala sygrymyzdan bolan, kiçi öküzçe bardy. Bir gün ýaramady we näçe dãri-derman edilsede peýda bermändi. Irden turanymda ölendigini göripdim. Gynanypdym, ýöne kakam ýanyma gelip "Boljak zatdyr ogul, başa geleni sowsyn" diýipdi. Bu söziñ manysyna bu hekaýadan soñ has aýdyñ düşindim...
📌 Söz ýalñyšy bar bolsa bagyşlañ.
Mevlana 📙