kirpi_
17.05.2024 13:13
Maýkl Jekson barada...
Maýkl Jozef Jekson (Michael Joseph Jackson) 1958-nji ýylda, awgust aýynyň 29-da Gary, Indianada dogulýar. Popuň karoly (The King of Pop) lakamy bilen tanalýan Maýkl Jekson Afro-Amerikaly aýdymçy, kompazitor, aýdym sözlerini ýazyjy, prodýuser we tansçydyr. Ol 9 çagaly maşgalanyň 7-nji çagasydyr. Kakasynyň ady Joseph Jackson. Kakasy sazy gowy görýärdi we 5 ogly bilen bile "Jacksons 5" toparyny düzdi. Kakasy olary aýdym aýtmaga we tans etmäge juda agyr şertlerde taýýarlaýar. Jekson intervyusynda, aýdymda ýa tansda ýalňyşlyk goýberseler kakasy olary kemer bilen urýanlygy barada, juda agyr çagalyk geçirenligi barada aýdýar. Ol ýene-de kakasynyň olara "Kaka" diýmeklige rugsat bermeýändigi, özüne "Jozef" diýip ýüzlendirýänligi barada belleýär.
Oňa "Wacko Jacko" lakamy bilen ýüzlenýärdiler. Ýöne ol bu lakamy halanokdy. Ol umuman adamlara lakam bilen ýüzlenilmegini dogry hasaplamaýardy. "Men Jacko däl, men Jackson" diýýärdi. Çagalaryna güýçli baglydy. 2007-nji ýylda Bahreýine we Irlandiya eden syýahatyndan soň maşgalasy bilen kän gatnaşmady. Gyz dogany Janet bilen hem gatnaşygy kesipdi. Diňe ejesine dözümsizdi. Kä wagt öýüne gelen garyndaşlaryny hem kabul etmän, yzyna ugradýardy.
Jekson kitaplary juda söýýär. Taryh, bilim, roman, herhili temada kitaplar okaýardy. Ol Los-Angelsda ýerleşýän kitap dükanyndaky kitap kolleksiýasyny nagt 100 müň dollara satyn aldy. Bir sapar kitap dükanyna girip, kitap baryny aldy we 5 müň dollar berip gaýtdy.
Jekson soňky ýyllarda mediadan gaçdy. İnterwyu bermedi, TV-de çykmady. Diňe DVD videolary bardy. Kompýuter, internet ulanmaýar, eger internetdan bir maglumat gerek bolsa kömekçileriniň üsti bilen alýardy.
1980-nji ýylda Maýkl Jeksonyň daşky görnüşinde üýtgeşmeler başlaýar. Gara teni bölek-bölek agarmaga başlaýar we ol 1987-nji ýyla çenli teniniň agaran ýerlerini gara makýaž bilen ýapyp gezýär. 1987-nji ýylynda teniniň köp böleginiň agarmagy sebäpli ol gara tegmilleri ak makýaz bilen ýapmaly bolýar. Onuň teniniň üýtgemegi vitiligo (bizde oňa pis açan diýýäler) keseli sebäpli. Köp adamlar ony operasiya bilen agarandyr öýdýärler. Ýöne beýle operasiya häzirki wagtda-da mümkin däl, o döwürde hasam. (Lazer operasiyasynyň kömegi bilen bedendäki tegmilleri aýyryp, ten reňkini agardyp bolar, ýöne dogulanyňdaky teniňi başdan aýak üýtgedip bolmaýanlygy barada okapdym) Onuň konsertlerine üns berseň, dynman tans edýänligi sebäpli derleýär, makyaž akýar we teniniň agaryp başlan ýerleri belli bolýar.
Maýkl Jekson 2009-njy ýylyň İýun aýynyň 25-de Los Angelsdaky öýünde ýüreginiň durmagy sebäpli aradan çykýar. Ölümi bilen baglanyşykly, 2011-nji ýylyň fewral aýynda doktoryna jenaýat işi açylýar we 2011-nji ýylyň Noýabr aýynyň 8-de karar kabul edilýär. Doktory Cornad Murray oňa öldürip biljek tertipde, operasiyalarda ulanylýan anestetik derman berýär we Jeksonyň ýagdaýyna gözegçilik etmegiň deregine telefonda gürleşmäge daşary çykýar. Ol aralykda Jeksonyň ýagdaýy agyrlaşýar. Jeksona ýalňyş ilkinji kömegi berenligi sebäpli bilkastlaýyn däl adam öldürmekden günäli hasaplanýar we Murray 4 ýyl azatlaykdan mahrum edilýär.
google maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
(dowamy bar)
8
32
kirpi_
16.05.2024 07:15
GASLİGHTİNG näme?
Gaslighting— bir adamyň beýlekisini azdyrmagy, hakykat barada ikirjiňlenmegine ýa-da bütinleý inkär etmegine sebäp bolýan psihologiki manipulýasiýa usulydyr. Manipulýasiýanyň bu görnüşi gatnaşyklarda we şahsy gatnaşyklarda çynlakaý netijelere sebäp bolup biler.
GASLİHGTİNG näme?
“Gaslighting” adyny 1944-nji ýyldaky “Gaslight” filminden alýar. Filmiň baş gahrymany bolan zenan, adamsy tarapyndan manipulýasiýa duçar bolýar. Ol öz aňyny inkär edýär we delillere üns bermeýär.
Gaslightinge pida bolanlaryň özüne bolan ynamyny pese gaçýar we bulaşyklyk döredýän manipulatoryň galp delillerine ynanýarlar. Şeýlelikde öz aňyna şüphelenip başlaýarlar.
GASLİGHTİNG GATNAŞYK näme?
Gaslighting köplenç romantik gatnaşyklarda, maşgala gatnaşyklarynda ýa-da iş gatnaşyklarynda bolup biler. Manipulýator öz pidasynyň aňyny şeýle bir sarsdyrýar welin, ol öz pikirlerini manipulýatora kabul etdirmek üçin hereket edip başlar. Bu pidalaryň öz duýgularyny we pikirlerini äsgermezlik etmegine we manipulýatoryň isleýşi ýaly hereket etmegine sebäp bolýar.
GASLİGHTİNG usullarynyň görnüşleri.
Gaslighting-iň dürli usullar bardyr. Ine käbir mysallar:
ÝALANLAR we INKÄR ETMEK: Manipulýator pidalarynyň başdan geçiren wakalaryny inkär edip ýa-da ýoýup biler. Mysal üçin, "Men muny hiç haçan aýtmadym" ýa-da "muny etmedim" ýaly sözlemleri ulanyp bilerler.
KEMSİTMEK: Manipulýatorlar pidalarynyň emosional reaksiýalaryny peseldip, ulaldyp ýa-da emosional taýdan durnuksyzlykda günäkärläp bilerler.
PİDANY ÝALŇYŞDYRMAK: Manipulýatorlar pidalarynyň öz ýatlamalaryna şübhelenmegine sebäp bolup biljek wakalary bulaşdyryp ýa-da azaşdyryp bilerler.
TÖHMET: Manipulýatorlar pidalaryny beýlekileriň öňünde negatiw ýagdaýda suratlandyryp biler, şeýlelik bilen pidalaryň abraýyna zyýan ýetirerler.
GASLİGHTİNG bilen nähili göreşmeli?
Kömek we goldaw, gaslighting pidalary üçin möhümdir. Maşgalaňyz ýa-da dostlaryňyz bilen gürleşmek, terapiýa ýa-da hünär kömegi gözlemek, gaslighting täsirine garşy göreşmekde peýdaly bolup biler. Özüňe hormat goýmak we manipulýasiýany ykrar etmek, gaslightinge garşy göreşde möhüm ädimlerdir.
Bilal Ceran
Sondakika.com—Psihologiýa
32
373
kirpi_
18.02.2024 03:46
HASAP
Kyýamata goýdum senli hasaby,
Meniň ýyllarymy gaýtaryp ber sen.
Bilýän, ýeňip bilmen sen deý şeýtany,
Meniň ýyllarymy gaýtaryp ber sen.
Tämizläp bilmedim kalbyň garasyn,
Sen sebäpli gamgyn boldy galamym,
Daşa öwrüldi gyzyl diýip alanym,
Meniň ynamymy gaýtaryp ber sen.
Indi bagtly günler galdy yrakda,
Men-ä asy, sen bir özüňi akla,
Emma ne eýlärsiñ duşsak Syratda?
Meniñ ýylgyrşymy gaýtaryp ber sen.
Eý, namart!
Hak öňünde hakykaty aýdarsyň
Ýa-da meniň geçmişimi gaýta:rsyň!
Ýigrimikim meniň ömrümiň ýazy,
Hany, sen däldiňmi iň adyl kazy?
Ýa Ýaradan, men guluňdan närazy,
Ol maňa özümi gaýtaryp bersin.
Dileg-dogalarym hasyl bolarmy?
Kän ýalbardym saňa, açyp golumy.
(Toba!)
Heý beýle-de gul ýaratmak bolarly?
Meniň dünýälermi gaýtaryp bersin.
Aýsapar EMELOWA
13
45
kirpi_
27.01.2024 15:26
Gidelimi?
Bu dünýä geldim men, illerden irräk,
Täleýime ýazylan geň adym bilen.
Bu dünýä geldim hem ötüp barýaryn,
Maňa yrylmadyk ykbalym bilen.
Köp zadym bar, içi hiç zatdan doly,
Bagtsyzlyga aşyk bolan bagtym bar.
Ýöremäge jennete äkitjek ýoly,
Ne umydym, ne ýeterlik wagtym bar.
Syprylmasa myjabatly köýnegim,
Başymdan uçmasa gybat ýaglygy,
Bagtdan binesip, yşkdan jyda,
Ýüregimiň diňmän geçer agysy.
***
Göwnüm, ýör gideli bärden!
Lakamy ýalançy bu "dogry" dünýä,
Bize nesip däl!
Biziň ýolumyz başga,
Ykbalmyz aýry!
Dogrularyň arasynda egri biz,
Ýüplügimiz dogry bolup egrilmez!
Bagtymyz daş bolsa atylmaz bize,
Gül bolsa açylmaz ýene!
Göwnüm!
Bagta gidýän ýola dikme nazaryň,
Ol ýollarda kimse tutmaz goluňdan.
Ýöne biz ýöräris, hupbatlam bolsa,
Has owadan, täsin dünýäň ýolundan.
Olar ýaşabersin öz peý wagtyna,
Gidibersin bagtyna!
Sen gamlanma, tut elimi,
Biz poeziýa gidelimi?
Aýsapar Emelowa
19
33
kirpi_
26.01.2024 08:04
Gündeligimden...
Eger kakaň bar bolsa hatyrjemsiň dostum! Aladaň ýokdur, gaýgyň ýokdur.
Ejeňi, doganlaryňy alada edýän dälsiň. Sebäbi kakaň bar.
Käte oňa meňzäsiň geler, käte ylalaşmarsyň. Öz pikirleriňi dogry hasaplarsyň. Kakaň: "Şol ýoldan ýöre." diýer. Sen: "Ýok, meniň öz ýolum bar" diýersiň. Torbaňy arkalap öz ýoluň bilen gidersiň. Ol ýolda üstünlikler gazanarsyň, uly-uly ädimler ädersiň. Şowlulykdan başyň aýlanar, çişersiň, gompararsyň. Ýoluň soňunda welin kakaň keşbini görersiň. Ädimleriňe seredersiň, olar seňki däldir. Olar bir wagt kakaň äden ädimleri, sen olary diňeje yzarlanyňa göz ýetirersiň.
Kakaň: "Ine, şu dogry" diýer. Sen: "Ýok, meniň öz dogrularym bar" diýersiň. Öz dogrularyň bilen ýaşaýandyryn öýdersiň. Emma özüňi iň rahat duýýan ýeriň kakaň dynç alyp oturýanja ýeri bolar.
Kakaň: "Maňa meňze!" diýer. Sen: "Ýok, men özüme meňzemek isleýärin" diýersiň. Özüňi gözlärsiň, gözlärsiň, gözlärsiň...
Gadyrly dostum, sen özüňe meňzemek isleýändigiň üçin kakaňa meňzeýänsiň. Kakaň—sendir! Kakaňda taparsyň özüňi. Saňa bir hakykaty aýdaýyn dostum. Kakaň ölen güni açylar gözüň, oňa çenli körsüň!
Aýsapar Emelowa
23
37