kirpi_
18.02.2024 03:46
HASAP

Kyýamata goýdum senli hasaby,
Meniň ýyllarymy gaýtaryp ber sen.
Bilýän, ýeňip bilmen sen deý şeýtany,
Meniň ýyllarymy gaýtaryp ber sen.

Tämizläp bilmedim kalbyň garasyn,
Sen sebäpli gamgyn boldy galamym,
Daşa öwrüldi gyzyl diýip alanym,
Meniň ynamymy gaýtaryp ber sen.

Indi bagtly günler galdy yrakda,
Men-ä asy, sen bir özüňi akla,
Emma ne eýlärsiñ duşsak Syratda?
Meniñ ýylgyrşymy gaýtaryp ber sen.

Eý, namart!
Hak öňünde hakykaty aýdarsyň
Ýa-da meniň geçmişimi gaýta:rsyň!

Ýigrimikim meniň ömrümiň ýazy,
Hany, sen däldiňmi iň adyl kazy?
Ýa Ýaradan, men guluňdan närazy,
Ol maňa özümi gaýtaryp bersin.


Dileg-dogalarym hasyl bolarmy?
Kän ýalbardym saňa, açyp golumy.
(Toba!)
Heý beýle-de gul ýaratmak bolarly?
Meniň dünýälermi gaýtaryp bersin.

Aýsapar EMELOWA
13
43
kirpi_
22 Fewral 2024
@sabyrly, ýok, çapa beremok.
sabyrly
21 Fewral 2024
@kirpi_, ha goşgularñyza gazet jurnallarda gabat gelemok çapa bermeýäñizmi nesil, dzhabar, edebyat sungat, garagum gabat gelmedim
kirpi_
21 Fewral 2024
@sabyrly, Göroglyň özünden.
sabyrly
21 Fewral 2024
Super goşgy üstünlik islenende kitapçyda başga saýtlarñyzy söýüp okaýan her sapar bir zat soramak isläpdim eger syr bolmasa Göroglyñ nirsinden siz menem tagtaly şondan gyzyklandym jogap bermänem bilersiñiz
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.