Maýkl Jeksona meňzemek üçin 40 müň dollar sarp etdi.
Popuň karoly Maýkl Jeksona meňzemek isleýän Argentinaly Leo Blanconyň daşky görnüşi görenleri haýrana goýýar. Ol 15 ýaşyndan bäri Jeksonyň muşdagy. Leo Jeksona has meňzeş kişi bolasy gelýär. Onuň beýle köp operasiýa geçirmegi ejesini alada goýýar. Leonyň ejesi "Oglumyň bir gün operasiyadan öli çykmagyndan gorkýaryn" diýýär. Habarlara görä Leo şu wagta çenli 11 sany operasiýa geçirdi. Iki otoplastik, üç liposuction, dört rinoplastik, iki hyaluronik asit we botox, bulardan başgada birnäçe kosmetika görnüşlerini ulanan Leo henize çenli öz daşky görnüşini halanok. Ol bu operasiyalar üçin 40 müň dollar sarp etdi. Leo: "Arzuwlarymyň amala aşmagy ähli zatdan möhümdir!" diýýär.
Google maglumatlar esasynda.