Maýkl Jekson barada...
Maýkl Jozef Jekson (Michael Joseph Jackson) 1958-nji ýylda, awgust aýynyň 29-da Gary, Indianada dogulýar. Popuň karoly (The King of Pop) lakamy bilen tanalýan Maýkl Jekson Afro-Amerikaly aýdymçy, kompazitor, aýdym sözlerini ýazyjy, prodýuser we tansçydyr. Ol 9 çagaly maşgalanyň 7-nji çagasydyr. Kakasynyň ady Joseph Jackson. Kakasy sazy gowy görýärdi we 5 ogly bilen bile "Jacksons 5" toparyny düzdi. Kakasy olary aýdym aýtmaga we tans etmäge juda agyr şertlerde taýýarlaýar. Jekson intervyusynda, aýdymda ýa tansda ýalňyşlyk goýberseler kakasy olary kemer bilen urýanlygy barada, juda agyr çagalyk geçirenligi barada aýdýar. Ol ýene-de kakasynyň olara "Kaka" diýmeklige rugsat bermeýändigi, özüne "Jozef" diýip ýüzlendirýänligi barada belleýär.
Oňa "Wacko Jacko" lakamy bilen ýüzlenýärdiler. Ýöne ol bu lakamy halanokdy. Ol umuman adamlara lakam bilen ýüzlenilmegini dogry hasaplamaýardy. "Men Jacko däl, men Jackson" diýýärdi. Çagalaryna güýçli baglydy. 2007-nji ýylda Bahreýine we Irlandiya eden syýahatyndan soň maşgalasy bilen kän gatnaşmady. Gyz dogany Janet bilen hem gatnaşygy kesipdi. Diňe ejesine dözümsizdi. Kä wagt öýüne gelen garyndaşlaryny hem kabul etmän, yzyna ugradýardy.
Jekson kitaplary juda söýýär. Taryh, bilim, roman, herhili temada kitaplar okaýardy. Ol Los-Angelsda ýerleşýän kitap dükanyndaky kitap kolleksiýasyny nagt 100 müň dollara satyn aldy. Bir sapar kitap dükanyna girip, kitap baryny aldy we 5 müň dollar berip gaýtdy.
Jekson soňky ýyllarda mediadan gaçdy. İnterwyu bermedi, TV-de çykmady. Diňe DVD videolary bardy. Kompýuter, internet ulanmaýar, eger internetdan bir maglumat gerek bolsa kömekçileriniň üsti bilen alýardy.
1980-nji ýylda Maýkl Jeksonyň daşky görnüşinde üýtgeşmeler başlaýar. Gara teni bölek-bölek agarmaga başlaýar we ol 1987-nji ýyla çenli teniniň agaran ýerlerini gara makýaž bilen ýapyp gezýär. 1987-nji ýylynda teniniň köp böleginiň agarmagy sebäpli ol gara tegmilleri ak makýaz bilen ýapmaly bolýar. Onuň teniniň üýtgemegi vitiligo (bizde oňa pis açan diýýäler) keseli sebäpli. Köp adamlar ony operasiya bilen agarandyr öýdýärler. Ýöne beýle operasiya häzirki wagtda-da mümkin däl, o döwürde hasam. (Lazer operasiyasynyň kömegi bilen bedendäki tegmilleri aýyryp, ten reňkini agardyp bolar, ýöne dogulanyňdaky teniňi başdan aýak üýtgedip bolmaýanlygy barada okapdym) Onuň konsertlerine üns berseň, dynman tans edýänligi sebäpli derleýär, makyaž akýar we teniniň agaryp başlan ýerleri belli bolýar.
Maýkl Jekson 2009-njy ýylyň İýun aýynyň 25-de Los Angelsdaky öýünde ýüreginiň durmagy sebäpli aradan çykýar. Ölümi bilen baglanyşykly, 2011-nji ýylyň fewral aýynda doktoryna jenaýat işi açylýar we 2011-nji ýylyň Noýabr aýynyň 8-de karar kabul edilýär. Doktory Cornad Murray oňa öldürip biljek tertipde, operasiyalarda ulanylýan anestetik derman berýär we Jeksonyň ýagdaýyna gözegçilik etmegiň deregine telefonda gürleşmäge daşary çykýar. Ol aralykda Jeksonyň ýagdaýy agyrlaşýar. Jeksona ýalňyş ilkinji kömegi berenligi sebäpli bilkastlaýyn däl adam öldürmekden günäli hasaplanýar we Murray 4 ýyl azatlaykdan mahrum edilýär.
google maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
(dowamy bar)