Gündeligimden...
Eger kakaň bar bolsa hatyrjemsiň dostum! Aladaň ýokdur, gaýgyň ýokdur.
Ejeňi, doganlaryňy alada edýän dälsiň. Sebäbi kakaň bar.
Käte oňa meňzäsiň geler, käte ylalaşmarsyň. Öz pikirleriňi dogry hasaplarsyň. Kakaň: "Şol ýoldan ýöre." diýer. Sen: "Ýok, meniň öz ýolum bar" diýersiň. Torbaňy arkalap öz ýoluň bilen gidersiň. Ol ýolda üstünlikler gazanarsyň, uly-uly ädimler ädersiň. Şowlulykdan başyň aýlanar, çişersiň, gompararsyň. Ýoluň soňunda welin kakaň keşbini görersiň. Ädimleriňe seredersiň, olar seňki däldir. Olar bir wagt kakaň äden ädimleri, sen olary diňeje yzarlanyňa göz ýetirersiň.
Kakaň: "Ine, şu dogry" diýer. Sen: "Ýok, meniň öz dogrularym bar" diýersiň. Öz dogrularyň bilen ýaşaýandyryn öýdersiň. Emma özüňi iň rahat duýýan ýeriň kakaň dynç alyp oturýanja ýeri bolar.
Kakaň: "Maňa meňze!" diýer. Sen: "Ýok, men özüme meňzemek isleýärin" diýersiň. Özüňi gözlärsiň, gözlärsiň, gözlärsiň...
Gadyrly dostum, sen özüňe meňzemek isleýändigiň üçin kakaňa meňzeýänsiň. Kakaň—sendir! Kakaňda taparsyň özüňi. Saňa bir hakykaty aýdaýyn dostum. Kakaň ölen güni açylar gözüň, oňa çenli körsüň!
Aýsapar Emelowa