kirpi_
19.05.2024 09:44
Maýkl Jekson barada... (dowamy)

1. Ol dünýäde iň köp surata düşürilen ynsandyr. 5 milliona ýakyn surat bar.
2. Guinnes rekortlar kitabynda ady iň köp agzalan aýdymçy.
Jemi 31 gezek rekortlar kitabyna girýär.
3. Iň köp baýrak alan aýdymçy. Jemi 750 baýragy bar.
4. Ähli döwürleriň iň köp albom satan aýdymçysy. Jemi 750 million satyldy we bu san artmagyny dowam edýär.
5. Konserdine iň köp tomaşaçy ýygnap bilen aýdymçy. Jemi 20 milliona ýakyn adam ýygnanýar.
6. Iň köp haýyr sahabat edýän aýdymçy. 300 million dollarlyk pul kömegini berýär.
7. Heniz internediň ýok döwürlerinde-de dünýäde tanymal aýdymçydy.
8. Bir günde iň köp Grammy baýragyny aldy. 1984-nji ýylda geçirilen \"Grammy baýragynyň gowşurylyş\" agşamynda 8 sany Grammy baýragyna eýe boldy.
9. Bir ýylda iň köp baýrak alan aýdymçy. Jemi 50 sany.
10. Dünýäniň iň köp satylan albomy. Thriller (1982). Albom jemi 110 million, çykan döwürleri hepde-de 2 million satyldy.
11. Saz dünýäsine iň köp goşant goşan aýdymçy.
1.386.571.256 dollarlyk goşandy bardyr.
12. Iň köp muşdagy bolan aýdymçy. 3 milliard muşdagy bar.
13. Iň baý aýdymçy. Baýlygy 1.029.837.979 dollar diýip bilinýär. Ölüminden soň häzirki wagta çenli 160 million dollar gazanýar. Ýaşap ýören aýdymçylaram onça gazanmaýar.
14. Iň gymmat klip düşüren aýdymçy. 1995-nji ýyldaky \"Scream\" klibiniň çykdaýjysy jemi 7 million dollar bolýar.
15. Iň uzak klip düşüren aýdymçy. 1997-nji ýyldaky \"Ghost\" atly aýdymyň klibi jemi 39 minut.
16. Bir reklamadan iň köp gazanan aýdymçy. Pepsi reklamasyndan 20 million dolar gazanýar
17. Bir günde iň köp haýyr sahabat üçin kömek pul beren aýdymçy. Jemi 70 million dollar.
18. Iň çalt satylan albom. 1987-nji ýylda çykan \"Bad\" albomy 37 günde 14 million satyldy.
19. Iň köp satylan remix albom. 1997-nji ýyldaky \'\'Blood on the dance floor\" albomy.
20. Bir ýylda iň köp gazanç eden aýdymçy. Bir ýylda 190 million dollara ýakyn gazanýar.
21. Hollywood Walk of Fameda ady iki gezek ýazylan ýeketäk aýdymçy.
22. Iň gowy tans edýän aýdymçy. Aýdym aýtmaklyga özüniň üýtgeşik tanslaryny hem goşup, Pop dünýäsine ýatdan çykmajak täzelikleri girizen sungat ussadydyr.


google maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
7
27
ayymsha
20 May 2024
@kirpi_,goýaýyň
kirpi_
20 May 2024
kirpi_
20 May 2024
ayymsha
20 May 2024
Ýene-de barmy maglumatlar? Gyzykly eken
zina
20 May 2024
Gorkyaney men sonnan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.