king_tm
08.10.2023 15:48

Ahalteke atlary özüniň özboluşly gylyk-häsiýeti, beden gurluşy, gaýtalanmajak hereketleri, duýgurlygy, eýesine wepadarlygy, gözelligi, ýyndamlygy bilen beýleki tohumdan bolan atlardan düýpgöter tapawutlanýarlar. Olaryň aglabasynyň gelip çykyşy Boýnaw atly at bilen baglydyr.

Ady rowaýata öwrülen mele Boýnaw 1885-nji ýylda doglupdyr. Ol Läläniň Çepi diýen höwür aty bilen ahalteke baýtalynyň nesli bolupdyr. Taryhy maglumatlarda Boýnawyň entek ýaş taýlygyndan özüni alyp ugrandygy barada aýdylýar. Ol ahalteke atynyň ähli durkuny özünde jemläpdir. Ol uzyn inçe boýunly, ýeňil, berk bedenli, diýseň syratly tohum atlaryň biri bolupdyr. Onuň diýseň täsin gylyk-häsiýetli, eýesine wepaly, ýyndam at bolandygy ýatlanylýar. Boýnawyň uzyn inçe boýunly bolany üçin onuň «boýun» diýen ýene bir ady hem bolupdyr. Meşhur atlaryň nesli bolan Boýnaw taýçanaklygyndan başlap, döwrüniň görnükli seýisleriniň biri bolan Taňyrguly Gatynyň elinde ösýär. Taryhyň gatyna siňip, rowaýata öwrülip giden gürrüňlerde ol barada ýene-de şeýle ýatlanylýar: «Ol ýaşy ýetip, çapyşyga goşulyp başlanyndan dabarasy dag aşyp ugrapdyr. Pylan ýerde Boýnaw çapýarmyş diýseler, onuň çapyşygyny görmäge uzak-uzak ýerlerdenem adamlar geler eken».

Taryhdan belli bolşy ýaly, mele Boýnaw gymmatly nesilleri bilen aýratyn tapawutlanypdyr. Türkmen atşynaslary şol döwürlerde tohumçylyk işlerinde mele Boýnawy örän ýerlikli ulanypdyrlar. Şonuň netijesinde hem ahalteke atçylygyny ösdürmek üçin ondan birnäçe ýyndam nesiller alnypdyr. Maglumatlarda bellenilişine görä, Boýnawyň ýigrimi üç nesli hasaba alnypdyr. Boýnaw, esasan hem nesilleriniň bäşisi bilen yz galdyrypdyr. Olar – Gurbannyýaz, Kepban, Nazarbelendor, Meleçep, Meleguş ýaly atlardyr.

Umuman aýdanyňda, ondan şu günlere gelip ýetjek, Boýnawyň ugruny dowam etdirjek nesiller alynýar. Ahalteke tohumçylygynda häzir on ýedi ugur bar bolsa, şolaryň aglabasy öz ugruny Boýnawdan alyp gaýdýar. Atşynaslarymyz ady rowaýata öwrülip giden mele Boýnawy ahalteke atlarynyň nesilbaşysy hökmünde öňe çykarýarlar.

17
23
king_tm
08.10.2023 15:40

Tebigatyň täsinlikleri hemişe bizi haýran galdyrýar. Täsin daglary, derýalary şeýle hem özünde gizlin syrlary, ajaýyplyklary saklaýan tokaýlar bize bellidir. Şol tokaýlaryň biri-de Polşanyň paýtagty Warşawadan takmynan 450 km uzaklykda — Grynfo şäheriniň golaýynda 1,5 gektardan gowrak adaty bolmadyk 400 töweregi sosna agajy ösýän tokaýlykdyr.

Biz daş-töweregimizde uzyn, gysga, ýogyn, inçe, has takygy, göni ösýän agaçlary bilýäris. Emma ady agzalan tokaýdaky sosnalar beýleki adaty agaçlar ýaly 30 santimetr aralykda göni, soňra ösüş ugruny üýtgedip, ýere parallel bir metre golaý ösüp, ýene-de 90 gradus derejede öwrülip ýokarlygyna 15 metre golaý ösýär. Agaçlaryň ählisiniň öwrümi demirgazyk tarapy görkezýär. Şol sebäpli bu tokaýa halk arasynda «Tans edýän tokaý» diýip atlandyrylýar.

Häzirki wagta çenli biologlar, genetikler, seleksionerler bu tokaýyň agaçlarynyň şeýle görnüşde ösüşiniň sebäbini bilmändirler. Has takyky, 1930-njy ýyllarda synaglar geçirilipdir, emma netijesi belli bolmandyr.

Görnüşi ýaly, bu agaçlar mebel ýasamak üçin amatly däldir, çaklamalara görä gämi gurluşygynda ulanmak üçin ösdürilendir diýip aýdylýar. Ýöne bu tokaýlyk barada ýerli ilat arasynda aýdylýan birnäçe tymsaldyr rowaýatlar, yrymlar bardyr. Sosna tokaýlygynyň ýene-de täsin, syrly ýagdaýlarynyň biri-de, tokaýlygyň içinde beýleki tokaýlardan tapawutlylykda, ýaşaýan mör-möjegiň, guşlaryň, şeýle-de beýleki haýwanlaryň sesleri eşidilmeýär.

Bu täsinliklere baý bolan tokaýlyk Tebigy Ýadygärlikleriň sanawyna goşulyp, döwlet tarapyndan goralýar.

13
54
king_tm
06.10.2023 08:19

Pyýada ýöremegiň peýdasy barmy?


Sport bilen meşgullanmak biziň saglygymyz üçin möhümdir. Gündelik durmuşymyzda bir ýerlere gezelenç edýäris, sport üçin bolmasa-da, sport çäreleriniň iň gadymylaryny duýman ýerine ýetirýäris.

Meýilleşdirilen ýa-da meýilleşdirilmedik sport, hakykatdanam, durmuşymyzyň bir bölegidir. Pyýada ýöremek gan aýlanşygyna kömek edýär we ýürek-damar keselleriniň howpuny peseldýär. Ýürek myşsalaryny güýçlendirýär, myşsalaryň has netijeli işlemegine mümkinçilik berýär. Gan basyşyny kadalaşdyryp, semizlik howpuny peseldýär. Şeýle-de, iýmit siňdirişini aňsatlaşdyrýar. Bogunlaryň we myşsalaryň çeýeligini ýokarlandyryp, arka we boýun agyrysyny ýeňilleşdirip, süňkleri berkitmäge kömek edýär hem-de çydamlylygy ýokarlandyrýar.

Bedeniň bagt gormony bolan endorfinleri çykarýar. Bu bolsa garrylygy gijikdirýär we ýaşlyk görnüşini üpjün edýär.

13
19
king_tm
05.10.2023 08:58

Düşünýäň, ýöne gürläp bileňokmy?


Daşary ýurt dillerini öwrenmek häzirki döwrüň iň ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Emma öňler kyn bolan bolsa hem, indi islendik dilleri öwrenmäge mümkinçiligimiz bar. Emma indi uly mesele gürläp bilmek. Bir dili doly bilmek, şol dilde arkaýyn gürläp, ýazyp bilmekdir. Gürlän wagtyň sakynman, owadan gürlemek aňsat iş däl. Hem gürlenýän zada 99 göterim düşünmeli, hem-de gürleýän zatlaryňyz düşnükli bolmaly. Käbirlerimiz bir dilde dertlerimizi aýdyp bilsek, şol dili gowy bilýändir öýdýär. Emma Fransiýada fransuzça kofe soramagy başarmak, şol dili doly bilmek bilen deň däl. Eger islendik duýgularymyzy, isleglerimizi bir dilde beýan edip bilýän bolsak, onda şol dili doly bilýänligimizdir. Eýsem daşary ýurt dillerinde suwara gürlemek üçin nämeler etmeli?

1. Esasy zat tejribedir.

Bir dilde suwara gürlemek isleýän bolsaňyz, onda şol dili köp ulanyň. Täze öwrenen diliňizde ýalňyşam bolsa gürläň. Gündelik durmuşda şol dili ulanyň. Öwrenen täze sözleriňizi ýygy-ýygydan sesli gürläp gaýtalaň. Hat-da pikirleriňizi hem şol dile geçiriň.

2. Gürleşmek üçin hökman ikinji adam gerek däl.

Öwrenýän diliňizde gürlemegi güýçlendirmek üçin, öz-özüňiz gürleşiň. Gündelik gyzyklanmalaryňyzy, etjek zatlaryňyzy şol dilde gaýtalaň. Şeýlelikde, gündelik gürrüňleri aňsatlyk bilen öwrenersiňiz.

3. Dowamly öwreniň!

Endik edinmegiň açary dowamlylykdyr. Günde azyndan 30 minut öwrenýän diliňizde gürläň. Näçe köp gaýtalasaňyz, gürlemek ukybyňyz hem şonça artar. Özüňize gürleşmek üçin dost ediniň. Dowamly gürleşmäge dowam etseňiz, täze dile tiz öwrenişersiňiz.

4. Dili eýesinden öwreniň!

Näçe zähmet çekseňiz hem suwara gürlemek üçin şol dili gürleýän ýurtlara gidiň. Olar bilen gürleşip, dili nädip suwara gürläp başlandygyňyzy duýman galarsyňyz.

17
55
king_tm
05.10.2023 00:13

Ýaponiýanyň iň beýik binasynyň gurluşygyna badalga berildi


Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasynyň gurluşygy badalga berildi diýip, «tass.ru» habar berýär.

Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak binanyň gurluşyk işleri Tokio demirýol menziliniň golaýynda başlady. «Torch Tower» diýlip atlandyryljak binanyň beýikligi, takmynan, 390 metr bolup, gurluşyk işleri 2028-nji ýylyň martyna çenli tamamlanar. Görnüşi we dizaýny adyndan belli bolşy ýaly, alawa meňzär.

Binanyň ýokarky gatlarynyň yşygynyň has ýiti şöhle saçyp, alawyň ýalnynyň täsirini döretmegine garaşylýar.

15
53
king_tm
03.10.2023 20:57

🤩Soňky ýyllarda kinoteatrlarda animasion filmleriň sany hem artdy. Teleýaýlymlarda belli gahrymanlaryň çykyş edýän we yzygiderli berilýän multfilmleri has köp gyzyklanma döredýär. Bu multfilmlerde esasy gahryman bolup haýwanlar çykyş edýär. Körpelere niýetlenip taýýarlanan islendik eserde, isle ol çeper eser bolsun, isle-de multfilm tapawudy ýok, haýwanlar hemişe ünsi özüne çekýär. 2008-nji ýylda ilkinji gezek teleýaýlyma goýberilen «Oscar’s Oasis» (fransuzça: «Oscar & Co») atly filmde hem çölde ýaşaýan jandarlaryň başdangeçirmeleri gürrüň berilýär. Fransuz-Günorta Koreýa kompaniýalary tarapyndan bilelikde döredilen kompýuterde taýýarlanan multfilm hem çagalar bilen bir hatarda uly ýaşly tomaşaçylary hem biparh goýmaýar. Onuň her bölümi 7 minut dowam edýär. Soňky ýyllarda taýýarlanýan multfilmleriň köpüsiniň gahrymanlarynyň arasynda hiç hili gepleşik bolmaýar. Olaryň arasyndaky gatnaşyk diňe beden we ýüz hereketleri arkaly amala aşyrylýar. «Oskar jülgesinde» ýaşaýan jandarlar hem öz aralarynda şeýle düşünişýärler. Şeýle bolansoň şuňa meňzeş filmleri terjime etmek zerurlygy bolmaýar we oňa islendik dilde gepleýän çaga arkaýyn düşünýär.

Filmde Oskar atly hažžyk adaty bolmadyk çölde ýaşaýar. Bu gurak çöllükdäki asfalt ýoldan kämahal ýük ulaglary geçýär. Oskar adatça wagtynyň köp bölegini iýere ýa-da içere bir zatlar gözläp geçirýär. Gaty seýrek hem bolsa onuň tapan iýmiti ýa-da suwy oňa nesip etmeýär. Çölde ýeke-täk arassa suw çeşmesi bolan köl bar. Emma köle aç we howply krokodiller eýeçilik edýär. Käwagt ýalňyşyp, käwagt krokodilleriň ünssüzliginden peýdalanyp köle barýan Oskar her gezek olardan aman sypmagy başarýar. Oskar kämahal golaýyndaky towuk keteginden ýumurtga hem ogurlaýar. Bu meselede ol topar bolup köne awtobusy mekan tutunan Popi atly tilki, Bak atly garaguş, Harçi atly syrtlan bilen ylalaşmaga mejbur bolýar. Bu toparyň agzalary haýsydyr bir ýere gyssagly gitmeli bolanlarynda köneje arabada gidýärler. Bu arabany Harçi itekleýär, Popi dolandyrýar. Araba köplenç halatda dik gaýadan aşaklygyna gaýdýar. Oskar bilen bir hatarda üç agzasy bolan bu topar hem köplenç iýmitiň ýa-da suwuň gözleginde bolýar. Bu meselede olar öz aralarynda bäsdeş hem bolsalar, kämahal hyzmatdaşlyk etmäge mejbur bolýarlar. Multfilmiň baş gahrymany Oskar atly kiçijik hažžyk öz maksadyna ýetmek üçin özünden uly bolan jandarlar bilen bäsleşende onuň işi şowuna düşmeýär. Hažžygyň siňek tutmak we suw tapmak üçin eden synanyşyklary hem köplenç şowsuz tamamlanýar. Bardy-geldi üýtgeşik bir zadyň üstünden baraýsa, beýleki jandarlar ony hažžygyň elinden almaga synanyşýarlar. Hažžyk hem hemişe olaryň taýýar naharyny almak üçin synanyşýar.


Popi atly tilkijik hernäçe kiçi hem bolsa öz toparyna ýolbaşçylyk edýär, täze pikirleri orta atýar. Örän akylly we mekir bolan Popi beýleki jandarlar bilen bir hatarda öz topardaşlaryny hem aldaýar.

Äpet göwreli garaguş akylsyz hereketleri sebäpli iki dostunyň işini puja çykarýar. Harçi atly syrtlana güýç talap edýän agyr işler tabşyrylýar. Ol adatça, köne arabasyna beýleki iki dostuny mündürip, towuklary kowalaýar.

Golaýdaky ýoldan bolsa Manola atly sürüji adatça, iýmit önümleri ýüklenen ulagy bilen geçip gidýär. Ol hemişe diýen ýaly uklap ýatansoň, ulagy Roko atly güjügi dolandyrýar. Manolanyň wepaly dosty köplenç ulagdaky ýükleri gorap saklaýar.

Öz ýumurtgalaryny hažžykdan we beýleki jandarlardan goraýan towuklar bolsa, köplenç hažžygy iýmäge synanyşýarlar.

29
170
king_tm
03.10.2023 13:59

World University Rankings 2024 sanawy


The Times Higher Education World University Rankings 2024 sanawy neşir edildi. Nobatdaky sanawa dünýäniň 108 döwletinden 1904 ýokary okuw mekdebi girmegi başardy. Ýewropa we Demirgazyk Amerikanyň uniwersitetleri QS World Rankings 2024-de birinji orny eýeläp, MIT 12 ýyl bäri birinji ornuny saklamagy başardy.

Sanaw dünýäniň dürli künjeklerinden 240 müňden gowrak mugallym we iş berijiniň 17,5 million ylmy işiniň we bilermenleriň pikirleriniň seljermesine esaslanýar. Dünýäniň iň gowy 200-ne ýokary okuw mekdebi girýän ýurtlaryň sanawy:

Amerikanyň Birleşen Ştatlary – bu ýurtdan jemi 56 uniwersitet bu sanawa girip, ýurduň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän Stanford uniwersiteti sanawda ikinji orny eýeleýär. Dünýäniň iň gowy iki ýüzlüginiň dörtden biriniň ABŞ degişlidigini aýratyn bellemeklik zerurdyr.

Beýik Britaniýa – sanawda ilkinji orny Beýik Britaniýanyň Oxford uniwersiteti alýar. Bu ýurtdan jemi 25 uniwersitet ilkinji 200-lige girendir.

Germaniýadan –  jemi 21 ýokary okuw mekdebi ilkinji 200-lige girmegi başardy. Sanawda 30-nji orny Technical University of Munich eýeleýär.

Hytaý – bu ýurtdan jemi 13 ýokary okuw mekdebi girýär we ýurduň Tsinghua University 12-nji orny eýelýär.

Awstraliýa – University of Melbourne ýokary okuw jaýy dünýäniň iň gowy 37-nji uniwersiteti bolup, ýurtdan ilkinji 200-lige jemi 11 uniwersitet giripdir.

Niderlandiýadan – jemi 11 uniwersitet ilkinji 200-lige girmegi başardy.

World University Rankings 2024-iň ilkinji onlugunyň sanawy:


University of Oxford;


Stanford University;


Massachusetts Institute of Technology;


Harvard University;


University of Cambridge;


Princeton University;


California Institute of Technology;


Imperial College London;


University of California, Berkeley;


Yale University.

22
77
king_tm
30.09.2023 19:28

Ýokarlygyna (belentlige) bökmek boýunça rekord 1996-njy ýylda Atlantada geçirilen Olimpiýa oýunlarynda 2,39 metr bökmegi başaran türgen Çarles Austine degişlidir.

***

2008-nji ýylda Pekinde geçen Olimpiýa oýunlarynda 100 metr aralyga ylgamakda rekordy 9,69 sekunt wagt bilen görkezen ýamaýkaly türgen Usain Bolt täzeledi. Şonda Bolduň tizligi sagatda 37 km barabar boldy.

***

Olimpiýa rekordsmeni: 10000 metr aralyga ylgamakda rekordy efiopiýaly ýüwrük Kenenisa Bekele täzeledi. Ol 2008-nji ýylda geçen Olimpiýa oýunlarynda bellenen aralygy 27:01.17 (27 minut 1 bitin ýüzde 17 sekunt)  wagtda geçmegi başardy. Bekeläniň tizligi ortaça sagatda 20 km deňdir.

***

Geçirilýän sport duşuşyklarynyň, ýaryşlaryň netijeleriniň janköýerlere, hatda tutuş halk köpçüligine-de güýçli täsir edýän halatlary az bolmaýar. 1998-nji ýylda dünýä çempionatynyň çärýek finalynda Argentina bilen Angliýanyň toparlarynyň arasynda bolan duşuşygyň netijesi on bir metrlik jerime urgularyna bagly bolup galdy. Iňlisleriň topary «gyzyl petek»  alan Dewid Bekhamsyz galypdy, netijede-de argentinlerden utuldylar. Bu ýakymsyz netije şol gün we şondan soňky ençeme günüň dowamynda Angliýada ýürek agyry zerarly hassahana düşýänleriň sanynyň 25 göterim artmagyna getirdi.

***

Dünýäde iň köp gazanç eden türgen golfçy Tiger Wudsdur. Ol ýylda 78 million ABŞ dollary, ýagny her sekuntda 148 dollar gazanç edýär.

***

Futbolyň taryhynda ilkinji milli toparlaryň duşuşygy 1872-nji ýylyň 30-njy noýabrynda bolýar. Şol gün Angliýa bilen Şotlandiýanyň milli ýygyndylary duşuşýarlar. Oýun 0:0 hasap bilen tamamlanýar.

***

Uzak aralyga bökmek boýunça rekord 1968-nji ýylda Meksikada geçen Olimpiýa oýunlarynda täzelendi. Amerikaly atlet Bob Bimon 9 metr uzaga böküp dünýä rekordynyň eýesi boldy.

33
123
king_tm
29.09.2023 08:28

Ýüregiňizi goraň!


Bütindünýä ýürek güni – Bütindünýä ýürek federasiýasynyň başlangyjy bilen 1999-njy ýyldan bäri her ýylyň 29-njy sentýabrynda bellenilip geçilýär.


Industrial ýürek-damar keseli käbir ösen ýurtlarda ölümiň esasy sebäpleriniň biri bolup gelýär we şeýle bolmagynda hem galýar. Şonuň üçin ýürek we gan damarlarynyň saglygyny goramak baradaky maglumatlary ýaýratmak gaty möhümdir. Ýüregiňize baha bermek we oňa has köp ideg etmek üçin bilermenler bu ajaýyp organ hakyndaky gyzykly maglumatlary okamagyňyzy maslahatlary berýärler.

Ynsan ýüregi enäniň göwresindäki 4-nji hepdesinde urup başlaýar.


• Ortaça adamyň ýüregi minutda 72 urgy bilen urýar. Şeýlelikde, 65 ýyldan gowrak ömrüň dowamynda ýürek 2,5 milliard gezek gysylmaga ukyplydyr.


• Günüň dowamynda 7-10 müň litr gan ýürekden geçýär.


• Ýürek iki ýumruk bolup onuň agramy takmynan 280 grama deň.


• Ýürek üçin iň zyýanly endikler bolsa çilim çekmek hem-de alkogolly içgileri içmekdir.


Bu günüň bellenilmeginiň esasy maksady bolsa, ýürek-damar keselleriniň global epidemiýasy bilen abanýan howp barada köpçülige habar bermek we ähli ilat toparlarynda koronar ýürek kesellerine we beýni insultyna garşy giňişleýin öňüni alyş çärelerini başlamakdyr.

15
30
king_tm
28.09.2023 19:31

Kim näçe dil bilýärkä?!


Köp dil bilmek medeniýetiň gowy nyşanlarynyň biri hasaplanylýar. Kim näçe dil bilýär? Internet maglumatlaryna esaslanyp, dünýäniň köp dil bilýän şahslary hakda maglumat bermek isleýäris.

XIX asyrda ýaşan daniýaly alym Rasmse Hristian Gash 230 dil, Lwow uniwersitetiniň professory Andžeý Gawronskiý 140 dil, akademik N.Marr 100-e golaý dil, belli arheolog Genrih Şiman 80 dil, ukrainaly ylmy işgär we ýazyjy Agafangel Krymskiý 60-dan köpräk dil bilipdirler.

Poliglotlardan (grekçe «poli»-köp, «glot»-dil) Riga uniwersitetiniň professory Karlo Tagliawini 35 dilde sakynman geplemegi öwrenipdir hem-de 25 dilde okatmagy başarypdyr. Kibernetikanyň «atasy» Norbert Winer 130 dil öwrenipdir. Beýik Britaniýadan 80 dil öwrenen Garold Uilýamsyň haýran galdyryjy tarapy onuň grek, latyn, iwrit, fransuz hem-de nemes dillerini bilmegidir. Tartu uniwersitetiniň professory Raul Aristi hem-de Moskwa uniwersitetiniň mugallymy Andreý Zalizalk ikisiniň hersi 40 dil bilse, ukrainaly ýazyjy Nikolaý Lukaş 20-ä golaý dil bilip, Gýotäniň, Bokkaçonyň hem-de dünýä edebiýatynyň ençeme ajaýyp eserlerini göni öz ene diline terjime edipdir.

Geçmişde nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň, türkmen ylmy işgärleriniň, syýahatçylarynyň onlarça dili suwara bilendikleri taryhy çeşmelerde agzalýar. Şu günki ýaşlarymyzyň arasyndan hem şeýle köp dil bilýän «poliglotlaryň» kemala geljekdigine berk ynanýarys. Munuň üçin bolsa ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ähli şertler döredilendir.

19
60