🤩Soňky ýyllarda kinoteatrlarda animasion filmleriň sany hem artdy. Teleýaýlymlarda belli gahrymanlaryň çykyş edýän we yzygiderli berilýän multfilmleri has köp gyzyklanma döredýär. Bu multfilmlerde esasy gahryman bolup haýwanlar çykyş edýär. Körpelere niýetlenip taýýarlanan islendik eserde, isle ol çeper eser bolsun, isle-de multfilm tapawudy ýok, haýwanlar hemişe ünsi özüne çekýär. 2008-nji ýylda ilkinji gezek teleýaýlyma goýberilen «Oscar’s Oasis» (fransuzça: «Oscar & Co») atly filmde hem çölde ýaşaýan jandarlaryň başdangeçirmeleri gürrüň berilýär. Fransuz-Günorta Koreýa kompaniýalary tarapyndan bilelikde döredilen kompýuterde taýýarlanan multfilm hem çagalar bilen bir hatarda uly ýaşly tomaşaçylary hem biparh goýmaýar. Onuň her bölümi 7 minut dowam edýär. Soňky ýyllarda taýýarlanýan multfilmleriň köpüsiniň gahrymanlarynyň arasynda hiç hili gepleşik bolmaýar. Olaryň arasyndaky gatnaşyk diňe beden we ýüz hereketleri arkaly amala aşyrylýar. «Oskar jülgesinde» ýaşaýan jandarlar hem öz aralarynda şeýle düşünişýärler. Şeýle bolansoň şuňa meňzeş filmleri terjime etmek zerurlygy bolmaýar we oňa islendik dilde gepleýän çaga arkaýyn düşünýär.
Filmde Oskar atly hažžyk adaty bolmadyk çölde ýaşaýar. Bu gurak çöllükdäki asfalt ýoldan kämahal ýük ulaglary geçýär. Oskar adatça wagtynyň köp bölegini iýere ýa-da içere bir zatlar gözläp geçirýär. Gaty seýrek hem bolsa onuň tapan iýmiti ýa-da suwy oňa nesip etmeýär. Çölde ýeke-täk arassa suw çeşmesi bolan köl bar. Emma köle aç we howply krokodiller eýeçilik edýär. Käwagt ýalňyşyp, käwagt krokodilleriň ünssüzliginden peýdalanyp köle barýan Oskar her gezek olardan aman sypmagy başarýar. Oskar kämahal golaýyndaky towuk keteginden ýumurtga hem ogurlaýar. Bu meselede ol topar bolup köne awtobusy mekan tutunan Popi atly tilki, Bak atly garaguş, Harçi atly syrtlan bilen ylalaşmaga mejbur bolýar. Bu toparyň agzalary haýsydyr bir ýere gyssagly gitmeli bolanlarynda köneje arabada gidýärler. Bu arabany Harçi itekleýär, Popi dolandyrýar. Araba köplenç halatda dik gaýadan aşaklygyna gaýdýar. Oskar bilen bir hatarda üç agzasy bolan bu topar hem köplenç iýmitiň ýa-da suwuň gözleginde bolýar. Bu meselede olar öz aralarynda bäsdeş hem bolsalar, kämahal hyzmatdaşlyk etmäge mejbur bolýarlar. Multfilmiň baş gahrymany Oskar atly kiçijik hažžyk öz maksadyna ýetmek üçin özünden uly bolan jandarlar bilen bäsleşende onuň işi şowuna düşmeýär. Hažžygyň siňek tutmak we suw tapmak üçin eden synanyşyklary hem köplenç şowsuz tamamlanýar. Bardy-geldi üýtgeşik bir zadyň üstünden baraýsa, beýleki jandarlar ony hažžygyň elinden almaga synanyşýarlar. Hažžyk hem hemişe olaryň taýýar naharyny almak üçin synanyşýar.
Popi atly tilkijik hernäçe kiçi hem bolsa öz toparyna ýolbaşçylyk edýär, täze pikirleri orta atýar. Örän akylly we mekir bolan Popi beýleki jandarlar bilen bir hatarda öz topardaşlaryny hem aldaýar.
Äpet göwreli garaguş akylsyz hereketleri sebäpli iki dostunyň işini puja çykarýar. Harçi atly syrtlana güýç talap edýän agyr işler tabşyrylýar. Ol adatça, köne arabasyna beýleki iki dostuny mündürip, towuklary kowalaýar.
Golaýdaky ýoldan bolsa Manola atly sürüji adatça, iýmit önümleri ýüklenen ulagy bilen geçip gidýär. Ol hemişe diýen ýaly uklap ýatansoň, ulagy Roko atly güjügi dolandyrýar. Manolanyň wepaly dosty köplenç ulagdaky ýükleri gorap saklaýar.
Öz ýumurtgalaryny hažžykdan we beýleki jandarlardan goraýan towuklar bolsa, köplenç hažžygy iýmäge synanyşýarlar.