Tebigatyň täsinlikleri hemişe bizi haýran galdyrýar. Täsin daglary, derýalary şeýle hem özünde gizlin syrlary, ajaýyplyklary saklaýan tokaýlar bize bellidir. Şol tokaýlaryň biri-de Polşanyň paýtagty Warşawadan takmynan 450 km uzaklykda — Grynfo şäheriniň golaýynda 1,5 gektardan gowrak adaty bolmadyk 400 töweregi sosna agajy ösýän tokaýlykdyr.
Biz daş-töweregimizde uzyn, gysga, ýogyn, inçe, has takygy, göni ösýän agaçlary bilýäris. Emma ady agzalan tokaýdaky sosnalar beýleki adaty agaçlar ýaly 30 santimetr aralykda göni, soňra ösüş ugruny üýtgedip, ýere parallel bir metre golaý ösüp, ýene-de 90 gradus derejede öwrülip ýokarlygyna 15 metre golaý ösýär. Agaçlaryň ählisiniň öwrümi demirgazyk tarapy görkezýär. Şol sebäpli bu tokaýa halk arasynda «Tans edýän tokaý» diýip atlandyrylýar.
Häzirki wagta çenli biologlar, genetikler, seleksionerler bu tokaýyň agaçlarynyň şeýle görnüşde ösüşiniň sebäbini bilmändirler. Has takyky, 1930-njy ýyllarda synaglar geçirilipdir, emma netijesi belli bolmandyr.
Görnüşi ýaly, bu agaçlar mebel ýasamak üçin amatly däldir, çaklamalara görä gämi gurluşygynda ulanmak üçin ösdürilendir diýip aýdylýar. Ýöne bu tokaýlyk barada ýerli ilat arasynda aýdylýan birnäçe tymsaldyr rowaýatlar, yrymlar bardyr. Sosna tokaýlygynyň ýene-de täsin, syrly ýagdaýlarynyň biri-de, tokaýlygyň içinde beýleki tokaýlardan tapawutlylykda, ýaşaýan mör-möjegiň, guşlaryň, şeýle-de beýleki haýwanlaryň sesleri eşidilmeýär.
Bu täsinliklere baý bolan tokaýlyk Tebigy Ýadygärlikleriň sanawyna goşulyp, döwlet tarapyndan goralýar.