Ahalteke atlary özüniň özboluşly gylyk-häsiýeti, beden gurluşy, gaýtalanmajak hereketleri, duýgurlygy, eýesine wepadarlygy, gözelligi, ýyndamlygy bilen beýleki tohumdan bolan atlardan düýpgöter tapawutlanýarlar. Olaryň aglabasynyň gelip çykyşy Boýnaw atly at bilen baglydyr.
Ady rowaýata öwrülen mele Boýnaw 1885-nji ýylda doglupdyr. Ol Läläniň Çepi diýen höwür aty bilen ahalteke baýtalynyň nesli bolupdyr. Taryhy maglumatlarda Boýnawyň entek ýaş taýlygyndan özüni alyp ugrandygy barada aýdylýar. Ol ahalteke atynyň ähli durkuny özünde jemläpdir. Ol uzyn inçe boýunly, ýeňil, berk bedenli, diýseň syratly tohum atlaryň biri bolupdyr. Onuň diýseň täsin gylyk-häsiýetli, eýesine wepaly, ýyndam at bolandygy ýatlanylýar. Boýnawyň uzyn inçe boýunly bolany üçin onuň «boýun» diýen ýene bir ady hem bolupdyr. Meşhur atlaryň nesli bolan Boýnaw taýçanaklygyndan başlap, döwrüniň görnükli seýisleriniň biri bolan Taňyrguly Gatynyň elinde ösýär. Taryhyň gatyna siňip, rowaýata öwrülip giden gürrüňlerde ol barada ýene-de şeýle ýatlanylýar: «Ol ýaşy ýetip, çapyşyga goşulyp başlanyndan dabarasy dag aşyp ugrapdyr. Pylan ýerde Boýnaw çapýarmyş diýseler, onuň çapyşygyny görmäge uzak-uzak ýerlerdenem adamlar geler eken».
Taryhdan belli bolşy ýaly, mele Boýnaw gymmatly nesilleri bilen aýratyn tapawutlanypdyr. Türkmen atşynaslary şol döwürlerde tohumçylyk işlerinde mele Boýnawy örän ýerlikli ulanypdyrlar. Şonuň netijesinde hem ahalteke atçylygyny ösdürmek üçin ondan birnäçe ýyndam nesiller alnypdyr. Maglumatlarda bellenilişine görä, Boýnawyň ýigrimi üç nesli hasaba alnypdyr. Boýnaw, esasan hem nesilleriniň bäşisi bilen yz galdyrypdyr. Olar – Gurbannyýaz, Kepban, Nazarbelendor, Meleçep, Meleguş ýaly atlardyr.
Umuman aýdanyňda, ondan şu günlere gelip ýetjek, Boýnawyň ugruny dowam etdirjek nesiller alynýar. Ahalteke tohumçylygynda häzir on ýedi ugur bar bolsa, şolaryň aglabasy öz ugruny Boýnawdan alyp gaýdýar. Atşynaslarymyz ady rowaýata öwrülip giden mele Boýnawy ahalteke atlarynyň nesilbaşysy hökmünde öňe çykarýarlar.