Kim näçe dil bilýärkä?!
Köp dil bilmek medeniýetiň gowy nyşanlarynyň biri hasaplanylýar. Kim näçe dil bilýär? Internet maglumatlaryna esaslanyp, dünýäniň köp dil bilýän şahslary hakda maglumat bermek isleýäris.
XIX asyrda ýaşan daniýaly alym Rasmse Hristian Gash 230 dil, Lwow uniwersitetiniň professory Andžeý Gawronskiý 140 dil, akademik N.Marr 100-e golaý dil, belli arheolog Genrih Şiman 80 dil, ukrainaly ylmy işgär we ýazyjy Agafangel Krymskiý 60-dan köpräk dil bilipdirler.
Poliglotlardan (grekçe «poli»-köp, «glot»-dil) Riga uniwersitetiniň professory Karlo Tagliawini 35 dilde sakynman geplemegi öwrenipdir hem-de 25 dilde okatmagy başarypdyr. Kibernetikanyň «atasy» Norbert Winer 130 dil öwrenipdir. Beýik Britaniýadan 80 dil öwrenen Garold Uilýamsyň haýran galdyryjy tarapy onuň grek, latyn, iwrit, fransuz hem-de nemes dillerini bilmegidir. Tartu uniwersitetiniň professory Raul Aristi hem-de Moskwa uniwersitetiniň mugallymy Andreý Zalizalk ikisiniň hersi 40 dil bilse, ukrainaly ýazyjy Nikolaý Lukaş 20-ä golaý dil bilip, Gýotäniň, Bokkaçonyň hem-de dünýä edebiýatynyň ençeme ajaýyp eserlerini göni öz ene diline terjime edipdir.
Geçmişde nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň, türkmen ylmy işgärleriniň, syýahatçylarynyň onlarça dili suwara bilendikleri taryhy çeşmelerde agzalýar. Şu günki ýaşlarymyzyň arasyndan hem şeýle köp dil bilýän «poliglotlaryň» kemala geljekdigine berk ynanýarys. Munuň üçin bolsa ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ähli şertler döredilendir.