Dünýäň diregi ýagşylykdyr öýdýärdim. Adamlary biri-birine baglaýanyň,
gatnaşdyrýanyň, uly bir jemgyýeti döredýäniň ýagşylykdygyna ynanýardym.
Ynsanda şu täsin duýgy – birek-birege ýagşylyk etmek, kömek goluny uzatmak,
büdräni galdyrmak, aglaýanyň başyny sypamak, ýylgyrýanyň ýüzüne ýylgyryp
bakmak bolmasady adamzat dünýäsi pytrap gider diýýärdim. Bir günem…
Gowsy bu pikirimiň üýtgemegine sebäp bolan wakany, belki-de wakalary
gürrüň bermäýin. Şeýle-de özümi tamakinçilik zynjyryna bagly ýaly duýýaryn.
Emma käte birinden jany ýanan biriniň «Men saňa şunça ýagşylyk etdim.
Bu-da taňryýalkasynyňmy?» diýenine duş gelensiňiz. Ýa-da dostuň saňa bir
ýagşylyk eder. Sen ondan müň kerem razy bolarsyň. Soňam ol seň ýanyňa
gelmesini seýrekleder. Geläýse-de birhili ulumsylygyň ysy gelýän ýaly bolar.
Ýuwaş-ýuwaş düşünersiň – muny oňa etdirýän özünden hoşallyk duýgusy. Ol
dostuna ýagşylyk etdi ahyryn. Onuň öz eden ýagşylygyndan lezzet almaga haky
bar. Saňa biraz ýokardan seretse-de, gelişmän durmaz. Şonda onuň eden ýagşylygy
bogazyňa tegek bolar – sen ony ne ýuwudyp bilersiň, ne-de yzyna gaýtaryp.
Şeýder-de dostuňdan araň açylyberer. Ara daşlaşdygyça az görüşersiň, az
görüşdigiňçe-de az ýatlarsyň. «Häk, şol ýagşylygy etmedik bolsa bolmaýarmy?»
diýersiň. Dünýäň diregi bolup duran ýagşylyk, seni dostuňdan jyda eden ýaly
bolar durberer. Käte ýaranjaňrak adamlara-da duş gelýänsiňiz. Göwnüme bolmasa,
munuňam sebäpkäri ýagşylyk tamasy. Ol senden ýagşylyga hantama.
Käbir akyldar adamlaryň hiç kimden hiç haçan sowgat almandygyny ilki
gezek eşdenimde haýran galypdym. Kän wagtlap sebäbine düşünmänem gezipdim.
Häzirem doly düşünýändirin öýdemok. Özi sowgat berýär, emma sowgat almaýar.
Alaýsa-da ugruny tapyp, onuň bahasyny töleýär. Göz öňüňize getiriň – adamlar
birek-birekden sowgat almasalar, sowgat bermeseler nähili bolar? Hatda
Pygamberimiziň salgyt ýygnaýanlara sowgat almagy gadagan eden ýerem
bolupdyr. Onuň sebäbinem salgyt ýygnaýan bolmasadyň, sowgat berilmezdi diýen
manyda düşündiripdir.
Käte biriniň ýanyna bir işi bitirmegini haýyş etmek üçin barýansyň. Içiňden
müň pikir gelip geçer, «bitirermikä?», «bitirmezmikä?» diýersiň. Ýok ol kanuny
bozup ýa-da jenaýat edip, ýumuşuňy bitirmeli däldir. Ýöne nähilem bolsa, seniň
ýumuşuňy bitirmek üçin, biraz kynçylygy ýeňmelidir. Içiňden edýän pikirleriň üçin
özüňi utandyrarsyň. Ol adam «Bolýar» diýip boýun alar welin, sen hasam özüňi
müýnli duýarsyň. Soň ýene beýniň bir jümmüşinden «Bolýar-a diýdi welin,
aldaýan bolmasa ýagşydyr, sözüniň yzynda durarmyka?» diýen pikir geler. Sen
ýene şol dünýäň diregi hasaplan ýagşylyk etmek duýgusyny günäkärläsiň geler.
Emma hakyna seretseň, bu pikirleri eden sen, ýagşylyk diňe seni synagdan
geçirýär. Bir tarapdan seretseň, ýagşylyklarymyz biziň hakyky ýüzümizi, keşbimizi
görkezýän aýna mysaly. Otursaň, pikirlenseň, «Eden ýagşylygyňy eden badyňa
unut» diýilýändirem welin, şonda-da olara biraz çuňrak nazar bilen seretseň özüň,
asyl durkuň görnäýjek ýaly. Bu pikirimi dostum bilen paýlaşdym welin, ol
ýylgyrdy-da «Sen näme ýagşylyk edýärmiň?» diýdi. Men ýüzüme urulan ýaly
boldum. «Hawa» diýmäge-de dilim barmady. Dogrusy, ýer ýarylmady, men
girmedim. Ol: «Ýagşylyk edýän, ýagşylygy Ýaradan, biz adamlar diňe sebäpkär
dälmi näme?» diýdi. «Biz Onuň edýän ýagşylyklarynyň ýekejesini edip bilsegem,
begenjimize ýüregimiz gursagymyza sygman ýarylar. Oňa sebäpkär bolanymyzda
käte guş bolup uçaýjak bolýas.»
Hakykatdanam ýagşylyk Ýaradanyň işi, ynsan diňe sebäpkär. Onsoň
sebäpkärden ýagşylyga garaşmak Hakyň öňünde seni günäkär edýär. Gurbannazar
Ezizow muny juda düşnükli düşündirýär, ol: «Ýagşylyk goňşyokara däldir» diýýär.
Sen ýagşylyk ediber, ýene şahyryň dili bilen aýtsam «Rowaýaty saçak kimin açyl.»
Höwesiň ýagşylyga sebäpkär bolmakda bolsun.
Ýüregim giňäp gitdi. Dostumam meň ýaly kofäni gowy görensoň,
gürrüňimiz alyşyp gitdi. Ol şonda maňa ýene bir gowy pikir aýtdy. Sözme-söz
ýadyma düşenok welin, manysy şeýleräk: Meň göwnüme ýagşylykdan ýokarda
ygtybarlylyk bar. Ýagşylyk etmek aňsat, ýagdaýyň gowy bolsa, ujundan karz diläp
gelene bermek kynam däl. Emma birine berdiň, yzyndan ýene biri karz sorap geldi,
sende oňa berere-de ýagdaý bardyr welin, ýöne indi beresiň gelmän biler. «Karz ber-de, yzyndan dilegçi bol-da ýör» diýip pikir etmegiň mümkin. Ygtybarlylyk
welin, beýle däldir. Kä adamyň ýanyna barmaňkaň, elinden gelse, ýumuşyňy
bitirjekdigine ynanarsyň. Olam seni ýalançy etmez – bitirer. Men-ä dost,
ygtybarlylygy ýagşylykdan gowy görýän. Onsoňam Alla-da az bolsun, emma
yzygiderli, dowamly edilýän amaly gowy görermiş. Bu-da ygtybarlylygyň alamaty
dälmi?
Bir alym hakynda şeýleräk rowaýat aýdýarlar: Ol ilki ylym öwrenjek
bolanda kyn görüpdir. «Bu meniň başarjak işim däl» diýipdir. Şeýdibem gaýdyp
gelýärkä, ýolda gaýadan damýan damja gözi düşýär. Gelip seretse, damja daşy
deşipdir. Ol elini damjaň aşagyna tutanda, damja eline ýüpekden ýumşak degýär.
Şonda ol «Şu damjanyň daşy deşmäge güýji ýetýän bolsa…» diýipdir-de, yzyna
dolanypdyr. Şeýdibem gaýtadan ylym öwrenmäge başlapdyr. Az-azdan artýan
ylymy ony dünýä meşhur, il-güne haýyrly uly alym edipdir. Ygtybarlylykdan
habar berýän yzygiderliligiň şeýle güýji bar.
«Çyn dost» diýilýändir, bu diýildigi «Ygtybarly dost» diýildigi dälmi
eýsem? Ygtybarlylyk adamyň tebigatyna siňip, häsiýetiniň aýrylmaz bölegine
öwrülende onda söýgem, mertligem, lebizliligem, gaýratlylygam, tutanýerliligem,
bir gepliligem, dogruçyllygam… başga-da birnäçe gyzyldan gymmatly taraplar
jemlenýäne meňzeýär. Ýagşylyga sebäpkär bolup, onuň gaýtargysyna
«goňşyokara» garaşan ýaly garaşýan adamda welin, beýle häsiýetler tapdyrmaz.
«Arkasynda odun goýup bolmaz» diýilýän adamyň ýagşygyna ynanmagam şol
dereje kyn. Käte adam özüne gowy diýdirjek bolubam ýagşylyk edip bilýär.
Belki, biziň ejemizi aýratyn gowy görýändigimiziň sebäbi ondan bize hiç
haçan ýamanlygyň gelmejekdigine ynananymyzdandyr. Ejeden ygtybarly adam
barmy dünýede? Ol ber diýseň, saňa janyny ýaýdanman berer, emma berdim
diýmez. Şonuň üçindir mümkin, jennetiň enelerimiziň dabanynyň aşagynda
diýilýäni? Bu-da ygtybarlylygyň güýji dälmi näme? Ygtybarly adamlar azalyberse,
dünýäniň direginiň gowşadygy bolmazmy? Alla muny görkezmesin.