kays
25.10.2023 01:05

İsle owadan bol isle gelşiksiz,

Ýöne Ar-namysly bolmagy başar.

Her geýen geýimiň geýme ütüksiz,

Özüňe serenjam bermegi başar.


Gyzmagyn baýlyga görk-görmege,

Goşa-goşa ýüzük dakma barmaga.

Göze sürme laklar çalma dyrnaga,

Öwüt nesihatym almagy başar.


Ýöräňde bozmagyn ýeriň gaýmagyn,

Açyk-dilik geýme geýen köýnegiň.

Häsýetini alma kilçik aýnagyň,

Elmydama özüň bolmagy başar.


Deň-duşlaryň boýdaşlaryň kemsitme,

Saçyň kesip endik edip gaş ütme.

Özüňi görkezme toýda üşmekde,

Sesiňe bat bermän gülmegi başar.


Her bir diýilen söze eräp akmagyn,

Başarsaň hiç–kişiň göwnün ýykmagyn.

Yzyna düşmegin näkes akmagyň,

Ak bilen Garany bilmegi başar.


Bolmaz ýerde sözüň atyp gepleme,

Oba-içre gezip gybat çöpleme.

Günäkär ýeriňde özüň aklama,

Eden günäň boýun almagy başar.


Özüň tanat tikin-çatyn el işde,

Başyň aýlanmasyn her-bir ýeňişde.

Kim bilýär ýanarsyň ýalan durmuşda,

Ähli-zada taýyn bolmagy başar.


Şahyr diýer size ýazdym namany,

Çyn sözüň köp bolsun bolman ýalany.

Belki şu sözlerden alarsyň many,

Ünüs bilen okap uýmagy başar.

29
139
alma___
25 Oktýabr 2023
Eden gùnàn boýyn almagy başar 👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.