Bir gün bir ýaş oglan halaşýan gyzy bilen sögüşýär. Ýüregi gysyp atasynyň ýanyna gidýär. Atasynyň ýanyna gelip:,, ata, enem ikiňiz tüweleme eýýäm 50 ýyl bäri bile ýaşaýaňyz, nädip nikaňyzy beýle uzak saklamagy başarýaňyz. Menä heniz, almakam oňuşup bilemok" diýipdir. Atasy bolsa agtygynyň elindäki täze alnan telefonyna seredip, ,, bilýäñmi balam, biziň döwrümizde döwülen zatlary zyňamyzokdyk, hatda gaharymyz gelsede zyňman olary bejerýärdik, oňarýardyk. Senem söýgüňi her gaharlanañda zyňmada, bejermegi oňarmagy başar,şonda nikaňyzam ömür ýaly uzap gider "diýipdir.