kays
19.10.2023 23:55

Bir adam bütin hepdâniñ dowamynda yadowlygyny gidermek ücin dync güni ir bilen oyanyp gazetini eline alyp, uzakly gün öyde dync almagy meyilleshdiripdir. shol pursat kicijek ogly onuñ yanyna ylgap gelipdirde, hacan seyilgâhe âkitjekdigini sorapdyr. Asyl, kakasy shu dync gününde seyilgahe gitmage söz beren ekeni. Emma yadowlygy zerarly öyden cykmak islemeyân adam ogluna bir bahana tapmak islâpdir. Gazetiñ sahypasyndaky mahabat hökmünde cap edilen dünya kartasyna gözi düshupdir, ony cykalga hökmunde görupdir. Ol dünyâ kartasyny owunjak böleklere bölüshdiripdir-de, ogluna uzadyp ,,Eger shu kartany önki görnushune getirip bilseñ, seni gezelenje âkiderin." diyipdir. Sonra bolsa öz yanyndan :,, Oglum bu kartany tamamlayanca 1 günuni sarp eder,menem uzakly gün öyde bolaryn,dync alaryn."diyip pikir edipdir. 10 minut gecenden soñ, ogly kakasynyñ yanyna ylgap gelip, :,, Kaka ynha kartany tamamladym,indi gezelenje gidip bileris." diyipdir. Kakasy bu yagdaya ynanmandyr. Beyle gysga wagtda olary yerbe-yer etmek asla mümkun daldi. Lañña dikelen kakasy geñ galypdyr. Dogrudanam dünya kartasy önkusi yaly düp- düzuw, yerbe-yerdi. Kakasy oglundan muny nadip tiz basharandygynyñ sebabini sorapdyr. Oglunyñ beren jogaby kakasyny hayran galdyrypdyr.Utulanyny bilip, ogluny ogluny seyilgâhe gezelenje âkidipdir. Dürli süyjuler, buzgaymak alyp beripdir. Ol oglundan pula satyn alyp bolmajak durmush hakykatyny öwrenipdi. Oglunyñ beren jogaby sheyledi :,, Maña beren kartañ arka yüzünde bir adamyñ suraty bar ekeni. Adamy düzedenimden sonra dünya öz- özunden düzeldi.

Adam düzelende, bütin dünyâ düzeler!

24
71
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.