Bir garryja ýaşuly ýoldan geçip barýarka bir maşyn gelip ýaşulyny kakypdyr. Ýaşuly çalaja ýaralanypdyr. Ýaşulyny kakan adam derrew ony hassahana äkidipdir.
Lukmanlar ýaşula, rentgenden geçirip döwülen ýenjilen ýeriniň barlygyny ýoklugyny barlajakdyklaryny aýdýarlar. Ýaşuly ynjalyksyz halda,, men gyssanýan,maňa rentgen gerekdäl" diýipdir.
Lukman ondan,, siz beýle nirä howlukýaňyz?" diýip sorapdyr. Ýaşuly bolsa oňa ,, meñ aýalym garrylar öýünde ýaşaýar, men her gün irden onuň ýanyna barýan, bileje ertirlik iýýäs, gijä galasym gelenok" diýip jogap beripdir.
Lukman,, aýalyňyza men habar ederin, gijä galyp barjagyňyzy aýdaryn" diýende;
Ýaşuly lukmana gaýgyly seredip ,, gynansamam aýalym huşsuzlyk keseline uçrady, ol hatda meniň kimdigimem bilenoga" diýip çaga ýaly düşündirýar.
Lukman haýran galyp seredip ,, siziň kimdigiňizem bilmeýän bolsa, onda näme üçin gitmäge beýle gyssanýaňyz? " diýip sorapdyr.
Ýaşuly bolsa: ,, Ol tanamasa tanamasyn, ýöne men onuň kimdigini bilýän ahyryn! " diýip gözüni ýaşlap aýdypdyr.