kays
20.10.2023 17:15

Iň zehinli talyplaryň birine Seýitmuhammet işan diýerler eken. Ol Ahal sebitlerinden Ýusup işanyň ogly bolany üçinmi ýa aşa zehinli, düşbi bolandanmy, Molla Töre ahun ony özüne has ýakyn tutupdyr. Hatda ony öý-işik edenem Ahun ata bolmaly.

Bir gün ikindi namazyny okap bolup, agşama garaşýan talyplary Ahun aga ikibir-ikibir göreşdiripdir. Şonda sapagy ýokary, zehinli ýigitleriň biri çöňňeräk, emma daýaw garşydaşyndan ýykylaýypdyr. Ahun aga oňa:

- Pylany, sen okuwa ezberem bolsaň, çopan badagyna tap getirip bilmediň-ow - diýipdir. Bu söz göreşde ýykylana ýakmandyr. Ýeňsesini tüňňerdip:

- Aý, tagsyr, bu bir bäş günlük dünýädir. Ýykanam geçer mundan, ýykylanam - diýip suňşurypdyr.

Terbiýeli talybyndan beýle jogaba garaşmadyk Ahun sesini çykarman turup gidipdir. Şol günden soň Ahun aga talyplarynyň arasynda dymyp oturka sag eliniň başam barmagy bilen süýem barmagyny iki gaşynyň arasynda dikligine saklap, çuň pikire batar ekeni. Talyplar bolsa onuň dymmagynyň sebäbini soramaga ejap edipdirler. Belki, kimdir birinden göwni galandyr, belki-de, öýünde bir näsazlyk dörändir? Belki, bu ylma suwsan ýigitlere nämänidir düşündirjek bolýandyr?

Munuň sebäbini bilmegi talyplar Ahunyň eý görýän şägirdi Seýitmuhammet işandan haýyş edipdirler. Işan uýala-gorka bu sowaly berende, Töre ahun:

- Seýitmuhammet! Biz dünýäni iki günlük hasap edýärdik. Adam dünýä inendäki azan bilen ýogalandaky jynaza namazy iki gündür. Ol günki ýanbaşdan gaýdan ýigidimiz galan üç güni nireden aldyka? - diýipdir.

Henize çenli Ahundan beýle agyr sözleri eşitmedik talyplar onuň göwnüniň biçak ynjandygyny aňypdyrlar.

34
189
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.