kays
21.10.2023 00:48

Adatça pikirlenmek ukyby her bir ynsanda bardyr. Adamlar haýsydyr bir işe başlanynda, bir zady alada edeninde, gaýgy-gama batanynda, işi ugruna bolmadyk ýagdaýynda, çykgynsyz ýagdaýa düşeninde we ş.m ýagdaýlarda pikirlenýärler. Pikiriň gowy we erbet taraplaram bar. Haçanda adamyñ göwnüne degilende, garşyňdakyñ sen hakdaky pikirini erbetlige ýorman, özüñi dürsäp, asuda jogap berjek boluñ. Haçan-da bolsa işiňiz ugruna bolmadyk ýagdaýynda gaharlanmañ, kelläňize erbet pikir getirmäñ, gaýtam tersine ýenede synanyşyp görüň has çuňňur pikirlenmäge synanyşyň, kelläňize diňe gowy pikirleri saljak boluň, şeýle eden ýagdaýyňyzda durmuşda dogry ýoly tapjagyňyza ynanyp bilersiňiz. Kelläňizde erbet pikir dörän ýagdaýynda ünsüňizi sowup ol pikiri dagatjak boluň. Ýöne çakdan aşa köp pikirlenmek beýniňize zyýnlydyr. Az pikirlenip, pikiriňden dogry netije çykarjak bolmaly we dogry ýola gönükdürmegi başaran ýagdaýyňyzda özüňizde rahatlygy duýarsyňyz.


Peýdasy deger diýip umyt etýän !!!

36
293
royall
22 Oktýabr 2023
👍
sapi
21 Oktýabr 2023
Salam
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.