ideallider
19.06.2024 16:09
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 22
221. Braziliýada täze güýje giren kanun bar. Ol kanunda azatlykdan mahrum edilen(türme) raýatlar öz günälerini "Kitap okamak bilen ýuwup bilýärler". Ýagny her bir okalan kitap üçin günäkäriň jeza-güni 4 gün azalýar, emma ýylda 48 günden köp azaldyp bolanok. Kitaby okap nähili özleşdirenini görkezmek üçin, günäkär-tussag şol kitabyň mowzugy boýunça aňsat bolmadyk esse ýazmaly. Aňsat däldiginiň sebäbi bolsa, köp günäli-tussaglar hat-ýazuw işlerine hiç-hili düşünmeýän bilimsiz, sowatsyz raýatlardyr. Santa-Ria tussaghanasynda bolsa döwrebap-ösüşe laýyk kararlar bar. Ýagny tussagyň otagynda şähere elektrik-togyny beriji, dinamo(elektrik toguny öndüriji enjam(apparat)) berkidilen welo-trenažor bar. Herbir 16 sagat aýlanylan pedal, tussagyň 1 günini azaldýar.
222. 2011-nji ýylda Hytaý kaskadýory Li Sin haýran galdyryjy emel(hereket) etdi: ol elleri bilen hiçzada direnmäň 1 sm diametrli naýzanyň üsdünden kellesini goýup, dikligine 10 sekunt durdy. Li Siniň aýtmagyna görä şeýle emeli etmek üçin ol 20 ýyllap köp türgenleşikler bilen gaýtalap gelipdir.
223. Dogabitdi(dogulanynda) körlere, Lukmanlaryň kömegi bilen görmek ukyby gaýdyp berileninde, körlükden-sagalan adamlar birnäçe günläp gören zatlaryna ynanmaýarlar we özleri hatda görüp duran zatlaryny hem elleri bilen ellemeli bolýalar, elläbemgörýäler.
224. Gaty-sowukda bir ýeriňizi sowuk alsa şol ýeriňizi birzat bilen sürtmäň, süýkemäň(gazamaň). Bu hereket, gansyz kapilýar damarlarynyň bozulmagyna getirer we howply sowuklama iterer. Sowuk alanýeriňiz ýuwaşlyk bilen ýyladyň.
225. Köp baglary ýa ösümlikleri "diňe adamlar ekendir" diýip pikir edýänsiňiz. Ýok beýledäl. Ösümlükleriň aglaba bölegini guşlar ekýär! Nädip? Düşündirjek bolaýyn. Ýagny guşlar ösümlikleri iýýärler we köp ösümligiň tohumy guşlaryň aşgazanynda eremeýär hem guşuň ekskrimenti(tezek, hajat) bilen çykýar. Netijede guşuň ýylylygy tohum üçin ýeterlik bolýar we tohum şineläp soň ýere kök urýar.
226. Afrikanyň duş gelýän "Dorylus" atly garynjalar toparynyň dişleri we dişleýişleri şeýlebir güýçli weli, olary Aborigenler(Ýabany adamlaryň taýpasy) endamlarynyň bir ýerleri kesileninde, etlerini çatmak üçin ulanýarlar. Ýagny olar ellerini pyçak bilen kesenlerinde, şol garynjany alyp kesilen ýaranyň üsdünde saklap garynjany çalaja gysýalar. Netijede garynjalar refleksine görä hereket edip ýaranyň iki gyrasyndan, birleşerýaly dişleýärler. Dişläp ýarany birleşdirenlerinde, ýarada garynjanyň kellesini goýup, göwresini aýyrýarlar. Şunlukda garynja kesik eti dişläp ölüpgalýar. Haçanda ýara biteninde bolsa garynjaň gatap galan kellesini biten-ýaradan goparyp aýyrýalar.
227. Peru-yň kafelarynda satylýan "Peru wiagrasy" diýilip atlandyrylýan içginiň bahasy 1 dollar çemesi. Bu içginiň düzüminde: 0,5 litr gyzgyn fasolly-çorba, 2 nahar çemçe ball, az-owlak aloe sogy(şerbet), And daglarynda ösýän makyň köki we ahyrynda täze öldürilip hamy sypyrylan gurbaga bar. Bularyň hemmesi blendere(Üwap sok ýada püre ediji gural) guýulup gowy üwelýär. Taýýar bolan içgi astma(demgysma), bronhita, ysgyndan gaçma we pes-potensiýa(erkekleriň söýgi meselesini güýçleniriji) garşy göwy kömek edip bilýär diýip hasaplanylýar. Bu ýazgymy "Nahar iýýärkäň okandälsiň" diýip umyt edýän:).
228. Ýer -şaryň Iň galyň-semiz agajy Afrikan Baobab-y dälde Sissiliýa adasyndaky kaştandyr. 1 kökden gelýän 5 sany şahanyň galyňlygy 64 metr we bu bagyň ýaşy 3600 ýyl. Iň uly Baobab bolsa Ýuwarda ýerleşýär. Onyň ýaşy 4000 ýyl boýy bolsa bary-ýogy 47 metr.
229. Konserwa açylýan pyçak 1858-njy ýylda, ýagny konserwa oýlanylyp tapylanyndan ýarym asyrdagy soň oýlanylyp tapyldy.
230. 1999-njy ýylyň 31-nji iýulynda "Lunar Propector" asman gämisi(korabl), Amerikaly astranom Ýujin Şumeýkeriň jesediniň külini asmandaky aýa(луна) eltdi. Ol, Aýda jaýlanan ýeketäk adamdyr. Şumeýker esasanam 1994-nji ýylda Ýupiter planetasyna 64km/sek bilen gaçan "Şumeýkerler kometasy-Lewy" ilkinji bolup açan adam diýip tanalýar.
Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.
24
181
ideallider
19.06.2024 08:15
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleti 21 part 2.
216. Hytaýda we Koreýada duş gelyän suw-suguny(lat. Hydropotes inermis)-ndan başga ähli sugunlaryň şahlary ösýär. Ol sugunlarda şahyň ýerine uly bolmadyk gyýak(diş, it-diş) ösýär, ine şu sebäpli hem şu görnüşli sugunyň başga ady ýagny "Wampir sugun" ady hem bar. Jübütleşik döwründe erkeç sugunlar dişleri bilen garşydaşlarynyň boýunlaryny ýyrtjak bolup synanşýarlar.
217. 1973-nji ýylyň dekabrynda agşamky tele-efir göýberilişiginde, tanymal Amerikan tele-alypbaryjy Jonny Karson degişip "ştatlarda hajathana-kagyzynyň ýetmezçilik edýändigini" aýtdy we netijede şol sebäpli hajathana kagyzynyň üsdünde adamlar topalaň turuzup, kagyzlary satyn aldylar. Ertesi gün Jonny Karson beýle degişmesi üçin halkdan ötünç sorady, emma hajathana-kagyzynyň ýetmezçiligi 1 aý dowam etdi.
218. "Jan janam, näme diýseň razy. Guşuň süýdini hem tapyp bereýin" diýilen sözlere duşduňuzmy? Göräýmäge bolmajak zat. Sebäbi hiçbir guşuň süýdi ýok ahyry!? Emma ýok, beýledäl. Flamingo ady bilen tanalýan ähli gyzyl durna görnüşli guşlar, agyzlary bilen jüýjelerine gyzyl gana meňzeşiräk suwuklyk bilen iýmitlendirýärler. Megerem şuňa guşuň süýdi diýilýändir. Şol sebäpli guşuň süýdi tapylmajak fantaziýa däl.
219. Amerka göçüp gelen jöhütleriň(ýewreý) maşgalasy Berdiçewlerden bolan we dünýäniň iň akyldar adamy diýilip hasaba alynan Uilýam Jeýms Sidis 1898 ýylda Nýu-Ýorkda eneden bolýar. Onuň kakasy filosof-dogtor, politolog, Garward uniwersitetiniň psihologiýa-mugallymy Boris Sidis we ejesi lukman, Boston uniwersitetiniň uçurymy Sara Mendelbaum çagalaryna öýde öz hususy bilimlerini bermegi meýilleşdirýärler. Şunlukda 18 aýlyk çaga ýazyp we "New York Times" gazetini okap bilýär. 4 ýaşynda bolsa Gomer-iň hakyky golýazmasyny okapdyr, 8 ýaşynda 2 kitap ýazdy hem 8 dili bilýär we ýene bir dili özüçe oýlap tapýar(Ol dile özi Vendergood diýip at berdi). 11 ýaşynda ol taryhda iň ýaş talyp bolup Garwarda girdi. Eýýäm 1 ýyl soňra Uilýamyň matematika baradaky düşünjesi şeýlebir çuňňurdy weli, hatda ony Garward uniwersitetiniň matematiki klubuna leksiýa okamagada çagyrýardylar. Uniwersiteti ol 16 ýaşynda aýratyn-saýlanma bilen tamamlaýar. Sidisiň IQ-sy 300, taryhda iň ýokary görkeziji. Oňa ylmy-alymlygyň derejelerini berdiler, emma ol anyk hem dürs bilimlerden ýadandygyny aýdyp derwüş(отшельник) bolup ýaşajakdygyny aýtdy. Ol köpçülikden ymykly daşlaşyp ýönekeý hasaplaýjy-bugalter bolup işledi, köplenç bolsa ylmy-barlaglar baradaky kitaby her-hili dilde ýazgy edip köpçülige hödürleýärdi. Gizlinlikde ýaşamaga ymtylyp ol žurnalistlerden bukulup gezýär we işinden çykýar. 47 ýaşynda Sidisiň beýnisine gan-öýýär(кровоизлияние) we özünden soň ýekejede mekdep galdyrman aradan çykýar.
220. Islam dininde alkagol içgiler gadagan. Şol sebäbpli Bahreýinde we Abu-Dabide geçirilen "Formula-1" ýaryşynyň çempion-ýeňijileri şampandälde, köpürjikleýän süýjili ýa-da limonad içgini ulanýarlar.
Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.
23
108
ideallider
18.06.2024 13:38
Gülişime güleýin 20.
191. Towşan irden daşary çykýar, derýañ gyrasyndaky öýünden. Derýañ o çetinde ýaşaýan möjege gygyrýar:
-Möjeeeeeeek!
-Näme?
-Sen däliiiiii.
Ertesi ýene:
-Möjeeeeeeek!
-Näme?
-Sen petuuuuuh!
Aý sheýdip 3-4 gezek aýdansoñ möjek ol tarapa ýüzüp geçipdir. Garaşyp durupdyr irdenden.
Towşan hininden çykyp:
-Möjeeeeeeek!
Möjek bu gezek onuñ gulaklaryndan tutup:
-Näme?
Towşan syr bildirmän:
-Şu gün bagyşla diýäýjekdimlaý, Möjek aga!
192. Mugallym Myrady doska çagyryp "Üçburçluk çyzyp ber" diýýär. Myrat çyzyp berýär. Soňra mugallym:
- Bol indi şuň üç burçlykdygy subut et.
+ Eeeee mollymjano hudaý kessin heleý bolaýyn şu üçburçlygoooo.
193. Bir kişi beýlekiden şu gün aýdan näçesidigini soraýar:
- Dost aýtsana şu gün aýyň näçesi bolmaly?
+ Aý, gardaş! Menem şony oñly bilemok, ýöne düýnä däl, öññün aýyñ 9-dy. Ertir dälde birigünem aýyñ 13-i bolýar. Ertirem 12-i bolaýýar öýdýän. Ýöne şu gün aýyñ näçesidigini welin bilemok gardaş!
- Blääää telefonymy gören bolsa kelläm agyrmazdy...
193. At ýaryşlarynyň jänköýeri bir gün düýşünde 6-lyk nomer barada gowy düýş görýär. Ine, onsaň ol 6-njy aýyň 6-njy güni ir bilen 6-da ýerinden turup, 6-lanjy awtobusa münüp, aýlawa gelýär. Her biri 6 müň manatdan bolan 6 sany bilet alyp, 6-njy nomerli ata pul goýýar. 6-njy setride, 6-njy orunda ornaşyp ýaryşyň netijesine garaşýar. Ol ýalňyşmady! At 6-njy bolup geldi
194. -Menem möjege topuldym, onsaň pyçagym bilen onuň guýrugyny kesdim. – diýip bir awçy öwünýämiş. Doslary bolsa:
- Näme üçin kellesini kesmediň?
+ Bilýäňizmi näme, o möjegiň kellesini menden öň biri kesipdir eken!
195. Biri rentgenden geçýär. Lukman:
-Agam, siz sagat ýuwdupsyñyz-a, sizi uzaklaşdyrman operasiýa edip sagady almaly bolar!
+ Aý lukman. Şo sagat geregemdäl, men özüme başga täze sagat satyn alynaýaryn.
196. - Syry kime ynanyp bolar?
+ Ady belli ýalançylara!
- O näme üçin?
- Sebäbi ol señ syryñy açaýanda-da, hiç kim oña ynanmaz.
197. Bir däli sowukda gaty üşäp näme etjegini bilmän baryp biriniň saman saraýyny otlaýypdyr. Bütün halk ody öçürmäge ylgaýar. Bu däli hem gaharlanyp "Bulara seret, ýakmaly bolsa gelip biri gelip kömek etmedi, ýylynmaga bolsa barsy ylgap gelýär"
198. Aýaly kitap okap otyr. Birden ol "hi-iýh" edip, içini çekýärde, gapdalynda nämedir bir zatlara dümtünip oturan adamsyna ýüzlenýär:
- Mommyş, muña bir seret, Şeýdaýy diýilýän bir ýerçeken seniñ maña bagyşlap on ýyl mundan ozal düzen goşgyñy ogurlaýypdyr!
199. Alyjy soýlan towugy eline alyp durşuna, satyja ýüzlenýär:
- Bir ýarym kilo diýýäñ welin, munyñ ýaman ýeñil görünýäle.
+ Haý agam, edýän gürrüñiñi. Gaýtam ýeñil bolsa gowy dälmi!? Ýeñil bolsa götermek añsat bolarda.
- Onyña dogry. - diýip, alyjy onuñ bilen ylalaşýar-da, towugy alyp, puluny hasaplaşyp, öz ugruna ýöräp ugraýar. Satyjy bolsa yzyndan:
- Agam! Siz maña bäş manady kem beripsiñizä.
+ Haý, inim senemaý. Az bolsa sanamak añsat bor-da!
200. Bir husyt ýoldan ýöräp barýar. Görse öňünden bir paçka pul çykdy. Husyt çaltjak puly alyp sanap:
- Haý blääää. Az eken...
Internet sahypalaryndan we durmuşdan taýýarlan: IDEALLIDER.
23
201
ideallider
17.06.2024 12:51
Gülüşime güleýin 19.
181. Bir gün bir guzujuk aglap barýarmyş. Öňünden jüýje çykyp:
- Guzy dost, sen nämçün aglaýaň?
+ Meň kakama baran diýýäler, menem ulalsam inni baran bolmalyyyyyy....
- Aý onyňa gowylaý. Men ulalsam petuh bolmaly.
182. Iki sany ýolbars agajyñ ashagynda uklap ýatan demir lybasly rysaryñ üstüne topulýarlar. Bir ýolbars beýlekä:
- Haý blaaaa... - diýip, diýşi döwülen ýolbars arlaýar:
- Ýene-de konserwa!
183. - Eje, aý eje bular balygyň nämesi?
-Teňňeleri oglum!
-Baý buuu balyklaraý! Olar teňňelerini gapjyga salman, köýnek edinip geýýän ekenler-ow.
184. Bir çukça dagyň çür-başyna çykypdyr. Görse bir bürgüt otyr. Ol çukça bürgüde:
- Bürgüt aga, aýtsana, sen nädip uçup bilýäň?
+ Aý uçmak kyndälä. Ilki bökýäň, soň ganatlaryňy açýaň, soňam uçýaň. Menem, meň kakamam, kakamyň kakasam, ata-babalyram şeýdip uçupdyrlar. - diýipdirweli ýaňky çukça dagdan bökäýipdir. Aşak gaçyp barýakada:
- Aý bläää seňem, seň kakaňam, kakaň kakasynam, ata-babaň bilen bile baryňyzyň....
185. - Howwa talyplar. Onsaň siz "Çig mal birža" diýip nämä düşünýäňiz?
+ Bişmedik goýun eti bolaýmasa.
186. Bir gaýişnik gyşda öýüne gelip pullaryny sanap otyr ekeni. Ejesi gelipdirde:
- Oglum maňada azawlyk beräýdä
+ Dursana how eje. Demimi bir alaýyn.
Ýarym sagatdan ýenede ejesi gelýä:
- Oglum demiňi alansyň. Indi beräýdä.
+ Dursana eje how sanap bir bolaýyn
Ýarym sagatdan ýenede ejesi gelýä:
- Oglum sanap hem bolansyň, innibir beräýdä
+ Aýow eje ýürege düşdüňäý, menä sowukda durup, irden turup gazanýan. Senem öýde otyryp pul soraýaň...
- Wah oglum, gai halyňa şu pullaň hersini alaňda pul berenler menemä ýatlap gidýändirler.
187. -Samsyk diýip kime diýýäler?
+ Bir adama bir zatlar düşündirýäň, düşündirýäň, olam hiç zada düşünenok. Ine şeýle adamlara samsyk diýilýär. Düşündiňmi?
- Ýok!
188. Iki sany tyr-tyrlar öz maşynlarny öwýärler:
-Men düýn 600-lik mersimi şeyle bir basdym, gapdalymdaky stolbalar görnenok.
+ Onyň hijoooo. Men düýn BMW-de şeýle bir pawarot etdim welin, yzky nomerimi gördüm.
189. Men seni söýdüm dawno,
ynanmadyň serawno.
Seniň çorny gözleriň,
lýubow diyen sozleriň.
Paçemu hat yazaňok,
Nawerno sen söýeňok.
Söýmeseňde napişi,
Ýürek bagryň otduşy,
Ýürek boldy bespakoý,
Haýyş edýän uspakoý,
Sen bir owadan swetok,
Meň ýolmaga hakym ýok,
Diýmeseňde I love you,
Men serawno tebýa lýublýu.
190. Herkim "Gorkan zadyň başyňa geler" diýýäler. Menem onda milýoner bolmakdan gorkaýyn.
191. Halap like goýmasaň, bankomatda oçuruň ýetende pul gutarsyn.
Internet sahypalaryndan we durmuşdan taýýarlan: IDEALLIDER.
43
622
ideallider
17.06.2024 06:50
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 21
211. Alymlar häzire çenli, Aýdaky-tozanyň syryny düşündirip bilenoklar. Aýda bolan ähli kosmanawtlar, Kosmos-gämisinde(космическом корабле) "Edil biri ýanymyzda durup karabinden(ýaragdan) atanýaly ýanan däriniň(порох) ysy duýulýar" diýip aýtdylar. Ýerde bolsa Aý-tozanynyň hiç-hili ysy duýulmaýar.
212. Iki ýaşynda Skarlatina(kesel) bilen kesellän Amerikanyň ýaşaýjysy Helen Keller, görmekden we eşitmek duýgularyny ýitirdi, emma öz islegleri we hyjuwlary bilen hem öz pedagogy bolan Enn Saliwanyň ukyby(talanty)-kömegi bilen Helen, gürleýän adamyň diliniň titremesinden(wibrasiýasy) düşünşmegi öwrendi, mundan başgada ol birnäçe dilleri "Braýl" usuly bilen öwrendi. Heleniň durmuşuna Mark Twen hem işjeň(aktiw) gatnaşdy. 1904-nji ýylda 24 ýaşly Helen aýratyn-tapawutlanma(cim laude) bilen "Redklif" uniwersitetini tamamlady we şunluk bilen ol, taryhda birinji ýokary bilim alan ker-lal adam bolupgaldy. Ol köpçülikdäki giňden ýaýran meseleler bilen gyzyklanyp, inwalid adamlaryň hukuklaryny goramaklyk bilen meşgullandy, 7 kitap ýazdy we A.B.Ş.-nyň prezidentiniň "belent raýatlyk erkinligi" medaly bilen sylaglandy.
213. Maýýa Indeýleriniň gözellige-owadanlyga garaýşy düýbünden başgaça. Çaşy-gözlülik olarda aýratyn owadanlyklaryň biri hasaplanylýardy we şeýle çaşy-gözlüligi döretmek üçin çaganyň burnynyň ýokarsynda, gözleriniň arasynda kauçuk-topjagazyny asyp goýýardylar.
214. Möýleriň ähli görnüşi ýyrtyjylardyr(et-iýýänler). Emma ýekeje görnüşi barada dogry çaklama ýok. Ol Merkezi Amerikadaky böküji-möýler tohumyna degişli bolup ady "Kiplig Bagira(lat.Bagheera Kiplingi)" we onuň iýmitiniň 90% ösümliklerden ybarat. Ol möýler akasiýa agajynyň lipidlara hem beloklara baý bolan ýapraklarynyň ujyny iýýärler. Iň gyzykly hem eýmenç ýeri, guraklygyň agyr döwürlerinde ol möýler bir-birlerini iýýärler, has dogrusy gannibal bolýalar.
215. Waldşnep diýilip atlandyrylýan guşlar, ýagyş gurçuklaryny iýmegi has-beter halaýarlar. Olar ýagyşyň sesine meňzedip ýeri depgileýärler. Bu guşlaryň ýer depgileýänini daşyndan görseňiz, siz "Bu guş tans edýär" diýip düşünersiňiz. Muňa gurçuklar ýagyş ýagýandyr öýidip ýokary çykýarlar we waldşnepine-guşa nahar bolýalar.
Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.
27
112
ideallider
03.06.2024 00:56
DANALARDAN DÜRDÄNELER 14
151. Bir danadan sorapdyrlar "Näme üçin köp zenanly erkek adaty? A näme üçin köp erkekli zenan erbet görülýär?" Dana şeýle jogap beripdir:
—Hemme gulplary açýan açar gowydyr hemmä gerekdir. Emma hemme açarda açylýan gulp erbetdir, oñ ýaly gulp hiçkime gerek däl.
152. Lukman hekimden sorapdyrlar:
- Edebi kimden öwrendiň
- Edepsizlerden
153. Eflatun şägirtleriniň arasynda oturan Sokrata yüzlenýär:
— Düýn Köpçülikde bir dostuň gownüne degdiň, ynjydyjy sözler aýtdyň. Ol sözleriňi ýekelikde aýtmaly dälmidiň? - diýeninde Sokrat soraga sorag bilen jogap berýär.
— Muny maňa duýdurmak üçin ýekelikde galmagymyza garaşmaly dälmidiň?
154. Bir Alymdan sorapdyrlar
— Sizden aşa az bilyändiklerine garamazdan,sizden has kop şöhrat gazananlar bar. Munyň hikmeti nämede?
— Men bilmek üçin öwrendim. Olar bolsa tanalmak ücin.
155. Ibn Sinadan:
— Dünýäde dermany bolmayan bir dert barmydyr? Diýip soranlarynda
— Dermansyz dert yagşynyň ýamana duçar bolmagydyr diýipdir.
156. Jüneýid Bagdadan "Sabyr näme" diýip soranlarynda, şu jogaby beripdir.
- Gaşyňy çytmadan gaýgyňy ýuwutmakdyr.
157. Tolstoýdan sorapdyrlar.
- Siz nähili bagtly bolýarsyňyz?
- Bar bolan zatlaryma guwanýaryn, ýoklaryny asla pikir etmeyärin.
158. Osmanly Soltany ýowuz Soltan Selim ýörişe çykjak ýerlerini gizlin saklaýar eken. Bir gün Soltan ýörişe taýýarlanmagy tabşyrypdyr. Wezirlerinden biri gelip, ýörişiň haýsy ýurda boljakdygy bilen gyzyklananda.
Soltan:
- Sen syr saklap bilýärmiň?
- Elbetde hökümdarym, saklap bilyärin
- Menem saklap bilýärin.
159. Jelaletdin Rumy şägirtleriniň, biri bilen ýoldan barýarka, ýoluň gyrasynda iki sany köpek bile ýatan eken. Ýanyndaky şägirdi.
- Käşga Ynsanlar hem şu itlerden görelde alsadylar, biri-biri bilen şular ýaly dost bolsadylar. — diýipdir
Jelaletdin Rumy şägirdine şu jogaby beripdir.
- Aralaryna bir süňk okla bakaly, şonda görersiň olaryň nähili dostduklaryny.
160. Asyl baýlyk malyň köplügi däl, göwün baýlygydyr.
Hz.Muhammed Sallallahu Aleýhi Wessellem.
Toplan: IDEALLIDER
18
122
ideallider
02.06.2024 15:42
Egzamenden geçip bilmedik gyz. (gara degişme)
Daşary ýurtda okap ýören gyzy(G), kakasyna(K) jaň edýär:
G:- alo alo salam
K:- alo salam gyzym saglyk gurgunlukmy, gowmy...
G:- kaka kaka soň soň. Kaka men erbet zat etdim. Sen "weçerinka, kluba, zada gitme" diýipdiň, men egzamendan geçenime begenip bellemäge gitdim joralam bilen.
K:- aý bolýa gyzym, hiçle, innibir gitme ýogsam...
G:- kaka ol ýerde spirtnoýam bilmän içipdirin.
K:- gyzym, beýle etmelidälä. O boluşu...
G:- kaka soň içgili striptiz däli tans edipdirin hemmelerem telefona alyp internede ýaýradypdyrlar.
K:- waheý gyzym, masgara bolduk. Seň kelläň nirdedi utanmadyňmy nät...
G:- kaka men özüme birzat etmekden gorkýan.
K:- samsyk bolma, beýder ýaly sen hiçzat edeňoga...
G:- etdim kaka etdim, şo tansy edip ýadap özimi bilmän ýykylyp ýatypdyryn, köp oglan meni neme...
K:- hä! Men olary öldürün, külüni çykararyn...
G:- kaka dogtara baryp barladamda, dogtar maňa "çagaň negriňki" diýdi.
K:- wah gyzym ýüregim agyrýada heý beýlede bir zat bolarmy...!?
G:- howwa bildiň kaka beýle zat bolanok köşeş köşeş. Hemmesi ýalan, men seni aldadym. Men egzamenden ýykyldym. Egzamendan ýykylanymy saňa aýtmaga gorkup seni taýynladym. Kaka gaharlanma, görüşiňýaly "psiholog" fakulteti gowy okadym. Bilýäňä pul bermeseň egzamindan geçirenoklar. Men pul bermän geçjek boldum. Ýykdylarda. Inni oklaryn geçerin.
K:- Niiiiirden seni "psiholok etjek" diýäýipdirin. Ufff. Bor gyzym geçersiň egzamendenem. Häzir pul ugradaryn. Gurçujagym ýylandäl, aždarha bolupsuňa. Jana gyzym. Bolýa gowluk bolsa:-)
Awtor: Halk arasyndan.
37
408
ideallider
30.05.2024 17:12
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 20
201. Demirgazyk-Amerikan gemrijileri(неотомовые) tokaý homýaklar, adatça öz hinlerine, okrugdaky(golaýlardaky) tapylan ähli owunjak zatjagazlary daşaýarlar. Aýratyn hem ol homýaklary adamlaryň öýlerinde bolan, ýaldyrawuk-ýalpyldaýan zatlar özüne çekýär. Gyzykly ýeri homýaklar ogurlyk etmän, "arassa çalşýarlar" ýagny şol alan zatlarynyň ýerine nähildir bir daşjagaz ýada çybyjak goýýarlar. Has gyzykly ýeri olaryň ahlaklylygynda däl, iň gyzykly ýeri täze zat görüp öňki getirýän täze zatlaryny taşlap, täze tapan zatlaryna ýapyşýalar. Homýagyň ýerine özüňizi göz oňüne getiriň: ýolda barýarkaňyz iphone10, ony alyp barýarkaňyz 100gr tros, iphone10 taşlap tros alarsyňyz, ýene ýöräniňizde bir çemedan $, trosy taşlap çemedany alarsyňyz=homýak:-)
202. V asyrda guun urşujulary(guunlar) eti geň-üýtgeşik beşiripdirler. Ýagny awlanan awyň etine kesip, bölejiklerini atyň eýeriniň aşagynda goýup uzak ýol geçipdirler. Et suwuklygyny ýitirýär we ýenjilýär, üste-üstüne atyň derlemegi bilen duzlanýar. Şunlukda urşujylar agşam-ara taýyn naharly bolýarlar.
203. Öňler narkotiklaryň hem derman ýerine satylany hemmelere belli. Nemesleriň "Bayer AG" kompaniýasy tarapyndan geroin hem sintezirlendi we 1898-nji ýylda Dermanhanalarda çagalaryň üsgülewigine garşy derman diýilip çykaryldy. Şeýle söwdany saklamak üçin 15 ýyl gerek boldy. Emma 1971-nji ýyla çenli geroini Nemes dermanhalanaryndan tapyp bolýardy. Kokainiň taryhy mundan hem beter baý. Alymlar XIX asyrlarda kokainde köp barlaglar geçirdiler. Bu barlaglaryň netijesi, alymlaryň "Agyryny peseldiji we gujurlulugy güýçlendiriji" diýip hödürlemeklerine getirdi. Jyns gatnaşygynyň peselmeginde, depressiýa, sifilisa garşy derman diýip hut Zigmund Freýdiň özi öwüp, özündede barlap gördi. Zigmunt garaşly(зависм) edenok diýip hem aýratyn belläp geçdi. Biziň döwrümizde bolsa kokain we geroin bütün dünýäde gadagan.
204. 2012-nji ýylyň fewralynda Rossiýanyň alymlary, mundan 32.000 ýyl ozal Sibirde, Tundranyň buzlugunda doňup, açylman-bitmän galan "Inçe ýaprak Şepbikli(ösümligiň görnüşi(Lat.Silene Stenophylla)) dänesini alyp, ösdürip ýetişdirip bildiler. Bu taryhdaky iň gadymy ösdürip ýetişdirilen ösümlikdir. Şol sebäpli hem janly-jandarlaryň içinde iň uly ýaşly biologiki jandar şu ösümlik bolup galýar.
205. Hindistanyň taryhynda demirgazyk-günbatar böleginde, Rajputana diýilen millet bar. Häzir olaryň adam sany 17 mln. Orta asyrlarda, knýazlygyň bir Marwarynda, çölde söweşmek üçin radjputilar aýratyn "Marwari" tohum atlaryny ýetişdirýärdiler. Eger garşydaşlar söweşde pilleri ulansalar, onda radjputilar atlaryň kellesine ýasama holtumlary(piliň burny) geýdirýärdiler. Şol sebäpli hem piller beýle-holtumly atlara piljagazlardyr öýdüp atlara hüjüme etmediler. Bu bolsa garşydaşa has golaýlaşyp olary ýok etmäge, atçaparlara gaty gowy puryja bolýardy.
206. XIX asyrda Angliýada her bir üçinji aýal-maşgalanyň ady Meri.
207. Albaniýada, Gresiýada we Bolgariýada kelläňi aşak-ýokaryk etmek "Ýok" diýmegi aňladýar. Kelläňi çepe-saga ýaýkalamak bolsa "howwa" diýmegi aňladýar. Umuman biziň hereketlerimiziň tersine.
208. Gadymy grekler, olimpiadada bütünleý-ýalaňaç ýaryşypdyrlar. Gadymly rimliler bolsa naharlary elleri bilen iýipdirler, ellerini bolsa ýörite el-süpürmek üçin saklanylýan gullaryň saçlaryna süpürüpdirler.
209. Koalanyň barmak yzlary adamyňka şeýlebir meňzeş weli hatda ol barmak yzlary mikraskop bilen göreniňdede tapawut edip bolanok.
210. Häzirki Irak döwletinde öň Gind derýasy akyp geçipdir. Şuwagt ol derýa Diýala diýilip atlandyrylýar. Haçanda Pars goşuny Kir ||-nji patşanyň ýolbaşçylygynda, Wawilona hüjüm eden wagty, Parslaryň ak Mukaddes hasaplaýan aty Diýala derýada gark bolupdur. Patşa Kir ||-nji muňa gahar edip derýany jezalapdyr hem kijijek kanallar gazdyrypdyr.
Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.
23
134
ideallider
22.05.2024 16:15
Jigimi köp gezek öldürdim. 5-nji bölüm(Bolmadyk waka).
Hezil edip agşamy ukuda geçirdim. Ir-säher guşlaryň jürküldisi oýardy. Özüme gelip, ýakynlardan suw gözledim. Eger-eger bir damja suw ýok. Bolmanda bir garny doýuraýyn. Iýmägede zat ýok. Aý az-owlak tuduň ýapraklaryndan, üzümiň baldagyndan ölmez-ödi edinip düşä ýola, aňymyň çatyşyna görä dim-dik ýöre. Içimden "Gös-göni şeýle gitsem ilatly ýerehä düşerin" pikir bilen pyýada ýöre 8-10 kilometr. Içimden "Ýaltanyp otursaň ölýäň" diýip gaýtalap, gara-der bolup geldim bir gara asfalt ýola. Yns-jyns ýok. Garaşýan. Gelýär aňyrdan bir köpi gidip azy-galan warak maşyn. Size şeýle bolup görüner, emma bu warak meň üçin "Jennede äkidýän" Lamborghini. Gabadyma geleninde elimi galgatdym. Nä aňyrdan gelýän mes ýa pes aladaly adamlar, meň kösenjimi başlaryna ýapsynlarmy. Geçip-gitdi maňa tozan ýuwtdurup. Müň ýyldan gerekmi essi-aýan alkaşýaly zordan duran ýaş-oglan?! Üsti başyma serenjam berip, ysgynsyzam bolsam hekgeren bolup dikgeripjik durdum. Bir ýerlerden elimede boş baklaşka alyp. Hamala suwsuz kösenýänýaly. Ýolaý suwsuz kösenemoklaý, suwsuz öljek bolýan. Gelýär aňyrdan bir traktor. Ýaňky Lamborghinidenä peýda bolmady. Munam näbleýindä. Hekgeren bolup durdum ýoluň gyrasynda, baklaşkany galgadan bolup. Golaýlanda nädersiň hindi maharajjasy ýaly, ellerimi birleşdirip heýkellerine çokunyşy ýaly çokunup başladym. Ýokhow ýuwaşanogam. Onsaň birleşilgi ellerimi gysyp hristian ýaly çokunup başladym ýok ýuwaşanok. Has golaýlady weli baklaşkany ýere pylçan boldum. Geçip durdy. Ylgap baryp gapy açylaryna garaşyp, ondada öljek bolýanymy bildirmän:
— Salawmaleýkim.
+ Waleýkimhow.
— Agam bir suwuňa ýokdur. Gaty kösenýädim...
+ Hä bar, durhany, ine. Bir baklaşka ýeterä?! — diýeninde içimden "Bu bendäde öz ýükümi atmaýyn, indi halas boldumla. Ýeter diýeýin. Ekonom ederindä" diýip:
— Ýeter-Ýeter. Alla ýalkasyn agam! — diýip traktoristi ugradyp, azajyk suw içdim. Siz "Gark bolýançaň içensiň öýütdik" diýersiňiz. Ýok soňa ýene kösenmejek bolsak ekonom etmeli. Ýene ýoluň gyrasynda oturmagymy dowam etdim. Aňyrdan ýene aramlyk-normal maşyn gelýär. Muňadä hälki emel-endiklerimi gaýtaladym. Durdy. Men howsalamy bldirmän:
— Salowmaleýkim. Ýakyndaky oba düşürersiňmi? — diýip soradym. Sürüji razylaşdy. Münüp niýetim göni şu maşyn bilen öýe düşmek. Sürüjiden bu ýerleriň niredigini sorap, Adgabada bahany gürleşip göni öýe geldim. Agşam sagat 20:00 töweregi. Düşüp gelip öýe girmek üçin gapyny açanymdan ine doganym öňümde nahar iýip otyr. Ejem hem işden şolwagt meň bilen bile girdi. Ine waňky hiçzat bolmadykýaly:
— Hä Rom, geldiňmi. Men senden ozup gaýtdymlaý, saňa nahar taýynlaýyn diýip. Gel geç otur. Özüňem köşeş, saňa bir maşyn sowgadym bar. — diýip. Aýýýý kösenjime maşyn sowgat degýärem. Gysan ýumrugymy gowşadyp, ýuwaşlyk bilen stoluň başyna geçip iýä 5 şakäse dogramany. Ejem aňkap duran der-ysymy alandyr. Ol:
— Romam, mundan owal ysly gezeňokdyňla. Ýa indi başgaça durmuşda ýörejek bolýaňmy?! — diýip geň galanyndan "Diýmek agamyň oýnundan ejem hem habarly" diýip bildim. Men:
— Ýuwunjak eje. — diýip ýuwunup, agama:
— Hany maşynyň açary?! — diýip soradym. Agam:
— Maşynyň ýerine belaň sapyny alarsyň. Men ömrüňde iň gymmat sapagy berdim. Nebsiňi iýip, şüküriňi köpeldersiň. — diýip öýlerine gaýtdy. Agam men köşeşerimýaly, köşeşip dürs pikirlenerimýaly aldapdy. Belki meniň indiki herekedime eýýam çäre tapyp goýandyr. Men samsyklyk edip topulmadym, haýwanlyk edip göwün etmedim, gyzýaly gaty-görmedim. Dogry agam meni näçeler gezek öldüripdi. Şunluk bilen maňa gutanyksyz okuw-sapaklary berdi. Okyjylara aýtjakzadym, ot-alow demiri gyzdyrar, soňra ol demiri çekiç bilen köp gezek ýenjerler. Soňra bolsa çalgy-daşda ýitelderler we kesgir gylyç ýasarlar. Diýjek bolýanyma siz düşündiňiz. Emma alow bilen demiri hasaplaň, çünki ody köp bolsa demir suw kimin akyp-gider.
Soňy. Gutardy. Yzy ýok. Tamam. Dowamy ýok. Boşady.
Bellik: Şu eseri, awtordan birugsat paýlaşmak gadagan edilýär.
Awtory: IDEALLIDER.
30
155