IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleti 21 part 2.
216. Hytaýda we Koreýada duş gelyän suw-suguny(lat. Hydropotes inermis)-ndan başga ähli sugunlaryň şahlary ösýär. Ol sugunlarda şahyň ýerine uly bolmadyk gyýak(diş, it-diş) ösýär, ine şu sebäpli hem şu görnüşli sugunyň başga ady ýagny "Wampir sugun" ady hem bar. Jübütleşik döwründe erkeç sugunlar dişleri bilen garşydaşlarynyň boýunlaryny ýyrtjak bolup synanşýarlar.
217. 1973-nji ýylyň dekabrynda agşamky tele-efir göýberilişiginde, tanymal Amerikan tele-alypbaryjy Jonny Karson degişip "ştatlarda hajathana-kagyzynyň ýetmezçilik edýändigini" aýtdy we netijede şol sebäpli hajathana kagyzynyň üsdünde adamlar topalaň turuzup, kagyzlary satyn aldylar. Ertesi gün Jonny Karson beýle degişmesi üçin halkdan ötünç sorady, emma hajathana-kagyzynyň ýetmezçiligi 1 aý dowam etdi.
218. "Jan janam, näme diýseň razy. Guşuň süýdini hem tapyp bereýin" diýilen sözlere duşduňuzmy? Göräýmäge bolmajak zat. Sebäbi hiçbir guşuň süýdi ýok ahyry!? Emma ýok, beýledäl. Flamingo ady bilen tanalýan ähli gyzyl durna görnüşli guşlar, agyzlary bilen jüýjelerine gyzyl gana meňzeşiräk suwuklyk bilen iýmitlendirýärler. Megerem şuňa guşuň süýdi diýilýändir. Şol sebäpli guşuň süýdi tapylmajak fantaziýa däl.
219. Amerka göçüp gelen jöhütleriň(ýewreý) maşgalasy Berdiçewlerden bolan we dünýäniň iň akyldar adamy diýilip hasaba alynan Uilýam Jeýms Sidis 1898 ýylda Nýu-Ýorkda eneden bolýar. Onuň kakasy filosof-dogtor, politolog, Garward uniwersitetiniň psihologiýa-mugallymy Boris Sidis we ejesi lukman, Boston uniwersitetiniň uçurymy Sara Mendelbaum çagalaryna öýde öz hususy bilimlerini bermegi meýilleşdirýärler. Şunlukda 18 aýlyk çaga ýazyp we "New York Times" gazetini okap bilýär. 4 ýaşynda bolsa Gomer-iň hakyky golýazmasyny okapdyr, 8 ýaşynda 2 kitap ýazdy hem 8 dili bilýär we ýene bir dili özüçe oýlap tapýar(Ol dile özi Vendergood diýip at berdi). 11 ýaşynda ol taryhda iň ýaş talyp bolup Garwarda girdi. Eýýäm 1 ýyl soňra Uilýamyň matematika baradaky düşünjesi şeýlebir çuňňurdy weli, hatda ony Garward uniwersitetiniň matematiki klubuna leksiýa okamagada çagyrýardylar. Uniwersiteti ol 16 ýaşynda aýratyn-saýlanma bilen tamamlaýar. Sidisiň IQ-sy 300, taryhda iň ýokary görkeziji. Oňa ylmy-alymlygyň derejelerini berdiler, emma ol anyk hem dürs bilimlerden ýadandygyny aýdyp derwüş(отшельник) bolup ýaşajakdygyny aýtdy. Ol köpçülikden ymykly daşlaşyp ýönekeý hasaplaýjy-bugalter bolup işledi, köplenç bolsa ylmy-barlaglar baradaky kitaby her-hili dilde ýazgy edip köpçülige hödürleýärdi. Gizlinlikde ýaşamaga ymtylyp ol žurnalistlerden bukulup gezýär we işinden çykýar. 47 ýaşynda Sidisiň beýnisine gan-öýýär(кровоизлияние) we özünden soň ýekejede mekdep galdyrman aradan çykýar.
220. Islam dininde alkagol içgiler gadagan. Şol sebäbpli Bahreýinde we Abu-Dabide geçirilen "Formula-1" ýaryşynyň çempion-ýeňijileri şampandälde, köpürjikleýän süýjili ýa-da limonad içgini ulanýarlar.
Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.