Jigimi köp gezek öldürdim. 5-nji bölüm(Bolmadyk waka).
Hezil edip agşamy ukuda geçirdim. Ir-säher guşlaryň jürküldisi oýardy. Özüme gelip, ýakynlardan suw gözledim. Eger-eger bir damja suw ýok. Bolmanda bir garny doýuraýyn. Iýmägede zat ýok. Aý az-owlak tuduň ýapraklaryndan, üzümiň baldagyndan ölmez-ödi edinip düşä ýola, aňymyň çatyşyna görä dim-dik ýöre. Içimden "Gös-göni şeýle gitsem ilatly ýerehä düşerin" pikir bilen pyýada ýöre 8-10 kilometr. Içimden "Ýaltanyp otursaň ölýäň" diýip gaýtalap, gara-der bolup geldim bir gara asfalt ýola. Yns-jyns ýok. Garaşýan. Gelýär aňyrdan bir köpi gidip azy-galan warak maşyn. Size şeýle bolup görüner, emma bu warak meň üçin "Jennede äkidýän" Lamborghini. Gabadyma geleninde elimi galgatdym. Nä aňyrdan gelýän mes ýa pes aladaly adamlar, meň kösenjimi başlaryna ýapsynlarmy. Geçip-gitdi maňa tozan ýuwtdurup. Müň ýyldan gerekmi essi-aýan alkaşýaly zordan duran ýaş-oglan?! Üsti başyma serenjam berip, ysgynsyzam bolsam hekgeren bolup dikgeripjik durdum. Bir ýerlerden elimede boş baklaşka alyp. Hamala suwsuz kösenýänýaly. Ýolaý suwsuz kösenemoklaý, suwsuz öljek bolýan. Gelýär aňyrdan bir traktor. Ýaňky Lamborghinidenä peýda bolmady. Munam näbleýindä. Hekgeren bolup durdum ýoluň gyrasynda, baklaşkany galgadan bolup. Golaýlanda nädersiň hindi maharajjasy ýaly, ellerimi birleşdirip heýkellerine çokunyşy ýaly çokunup başladym. Ýokhow ýuwaşanogam. Onsaň birleşilgi ellerimi gysyp hristian ýaly çokunup başladym ýok ýuwaşanok. Has golaýlady weli baklaşkany ýere pylçan boldum. Geçip durdy. Ylgap baryp gapy açylaryna garaşyp, ondada öljek bolýanymy bildirmän:
— Salawmaleýkim.
+ Waleýkimhow.
— Agam bir suwuňa ýokdur. Gaty kösenýädim...
+ Hä bar, durhany, ine. Bir baklaşka ýeterä?! — diýeninde içimden "Bu bendäde öz ýükümi atmaýyn, indi halas boldumla. Ýeter diýeýin. Ekonom ederindä" diýip:
— Ýeter-Ýeter. Alla ýalkasyn agam! — diýip traktoristi ugradyp, azajyk suw içdim. Siz "Gark bolýançaň içensiň öýütdik" diýersiňiz. Ýok soňa ýene kösenmejek bolsak ekonom etmeli. Ýene ýoluň gyrasynda oturmagymy dowam etdim. Aňyrdan ýene aramlyk-normal maşyn gelýär. Muňadä hälki emel-endiklerimi gaýtaladym. Durdy. Men howsalamy bldirmän:
— Salowmaleýkim. Ýakyndaky oba düşürersiňmi? — diýip soradym. Sürüji razylaşdy. Münüp niýetim göni şu maşyn bilen öýe düşmek. Sürüjiden bu ýerleriň niredigini sorap, Adgabada bahany gürleşip göni öýe geldim. Agşam sagat 20:00 töweregi. Düşüp gelip öýe girmek üçin gapyny açanymdan ine doganym öňümde nahar iýip otyr. Ejem hem işden şolwagt meň bilen bile girdi. Ine waňky hiçzat bolmadykýaly:
— Hä Rom, geldiňmi. Men senden ozup gaýtdymlaý, saňa nahar taýynlaýyn diýip. Gel geç otur. Özüňem köşeş, saňa bir maşyn sowgadym bar. — diýip. Aýýýý kösenjime maşyn sowgat degýärem. Gysan ýumrugymy gowşadyp, ýuwaşlyk bilen stoluň başyna geçip iýä 5 şakäse dogramany. Ejem aňkap duran der-ysymy alandyr. Ol:
— Romam, mundan owal ysly gezeňokdyňla. Ýa indi başgaça durmuşda ýörejek bolýaňmy?! — diýip geň galanyndan "Diýmek agamyň oýnundan ejem hem habarly" diýip bildim. Men:
— Ýuwunjak eje. — diýip ýuwunup, agama:
— Hany maşynyň açary?! — diýip soradym. Agam:
— Maşynyň ýerine belaň sapyny alarsyň. Men ömrüňde iň gymmat sapagy berdim. Nebsiňi iýip, şüküriňi köpeldersiň. — diýip öýlerine gaýtdy. Agam men köşeşerimýaly, köşeşip dürs pikirlenerimýaly aldapdy. Belki meniň indiki herekedime eýýam çäre tapyp goýandyr. Men samsyklyk edip topulmadym, haýwanlyk edip göwün etmedim, gyzýaly gaty-görmedim. Dogry agam meni näçeler gezek öldüripdi. Şunluk bilen maňa gutanyksyz okuw-sapaklary berdi. Okyjylara aýtjakzadym, ot-alow demiri gyzdyrar, soňra ol demiri çekiç bilen köp gezek ýenjerler. Soňra bolsa çalgy-daşda ýitelderler we kesgir gylyç ýasarlar. Diýjek bolýanyma siz düşündiňiz. Emma alow bilen demiri hasaplaň, çünki ody köp bolsa demir suw kimin akyp-gider.
Soňy. Gutardy. Yzy ýok. Tamam. Dowamy ýok. Boşady.
Bellik: Şu eseri, awtordan birugsat paýlaşmak gadagan edilýär.
Awtory: IDEALLIDER.