ideallider
19.06.2024 16:09
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 22

221. Braziliýada täze güýje giren kanun bar. Ol kanunda azatlykdan mahrum edilen(türme) raýatlar öz günälerini "Kitap okamak bilen ýuwup bilýärler". Ýagny her bir okalan kitap üçin günäkäriň jeza-güni 4 gün azalýar, emma ýylda 48 günden köp azaldyp bolanok. Kitaby okap nähili özleşdirenini görkezmek üçin, günäkär-tussag şol kitabyň mowzugy boýunça aňsat bolmadyk esse ýazmaly. Aňsat däldiginiň sebäbi bolsa, köp günäli-tussaglar hat-ýazuw işlerine hiç-hili düşünmeýän bilimsiz, sowatsyz raýatlardyr. Santa-Ria tussaghanasynda bolsa döwrebap-ösüşe laýyk kararlar bar. Ýagny tussagyň otagynda şähere elektrik-togyny beriji, dinamo(elektrik toguny öndüriji enjam(apparat)) berkidilen welo-trenažor bar. Herbir 16 sagat aýlanylan pedal, tussagyň 1 günini azaldýar.


222. 2011-nji ýylda Hytaý kaskadýory Li Sin haýran galdyryjy emel(hereket) etdi: ol elleri bilen hiçzada direnmäň 1 sm diametrli naýzanyň üsdünden kellesini goýup, dikligine 10 sekunt durdy. Li Siniň aýtmagyna görä şeýle emeli etmek üçin ol 20 ýyllap köp türgenleşikler bilen gaýtalap gelipdir.

223. Dogabitdi(dogulanynda) körlere, Lukmanlaryň kömegi bilen görmek ukyby gaýdyp berileninde, körlükden-sagalan adamlar birnäçe günläp gören zatlaryna ynanmaýarlar we özleri hatda görüp duran zatlaryny hem elleri bilen ellemeli bolýalar, elläbemgörýäler.

224. Gaty-sowukda bir ýeriňizi sowuk alsa şol ýeriňizi birzat bilen sürtmäň, süýkemäň(gazamaň). Bu hereket, gansyz kapilýar damarlarynyň bozulmagyna getirer we howply sowuklama iterer. Sowuk alanýeriňiz ýuwaşlyk bilen ýyladyň.

225. Köp baglary ýa ösümlikleri "diňe adamlar ekendir" diýip pikir edýänsiňiz. Ýok beýledäl. Ösümlükleriň aglaba bölegini guşlar ekýär! Nädip? Düşündirjek bolaýyn. Ýagny guşlar ösümlikleri iýýärler we köp ösümligiň tohumy guşlaryň aşgazanynda eremeýär hem guşuň ekskrimenti(tezek, hajat) bilen çykýar. Netijede guşuň ýylylygy tohum üçin ýeterlik bolýar we tohum şineläp soň ýere kök urýar.

226. Afrikanyň duş gelýän "Dorylus" atly garynjalar toparynyň dişleri we dişleýişleri şeýlebir güýçli weli, olary Aborigenler(Ýabany adamlaryň taýpasy) endamlarynyň bir ýerleri kesileninde, etlerini çatmak üçin ulanýarlar. Ýagny olar ellerini pyçak bilen kesenlerinde, şol garynjany alyp kesilen ýaranyň üsdünde saklap garynjany çalaja gysýalar. Netijede garynjalar refleksine görä hereket edip ýaranyň iki gyrasyndan, birleşerýaly dişleýärler. Dişläp ýarany birleşdirenlerinde, ýarada garynjanyň kellesini goýup, göwresini aýyrýarlar. Şunlukda garynja kesik eti dişläp ölüpgalýar. Haçanda ýara biteninde bolsa garynjaň gatap galan kellesini biten-ýaradan goparyp aýyrýalar.

227. Peru-yň kafelarynda satylýan "Peru wiagrasy" diýilip atlandyrylýan içginiň bahasy 1 dollar çemesi. Bu içginiň düzüminde: 0,5 litr gyzgyn fasolly-çorba, 2 nahar çemçe ball, az-owlak aloe sogy(şerbet), And daglarynda ösýän makyň köki we ahyrynda täze öldürilip hamy sypyrylan gurbaga bar. Bularyň hemmesi blendere(Üwap sok ýada püre ediji gural) guýulup gowy üwelýär. Taýýar bolan içgi astma(demgysma), bronhita, ysgyndan gaçma we pes-potensiýa(erkekleriň söýgi meselesini güýçleniriji) garşy göwy kömek edip bilýär diýip hasaplanylýar. Bu ýazgymy "Nahar iýýärkäň okandälsiň" diýip umyt edýän:).

228. Ýer -şaryň Iň galyň-semiz agajy Afrikan Baobab-y dälde Sissiliýa adasyndaky kaştandyr. 1 kökden gelýän 5 sany şahanyň galyňlygy 64 metr we bu bagyň ýaşy 3600 ýyl. Iň uly Baobab bolsa Ýuwarda ýerleşýär. Onyň ýaşy 4000 ýyl boýy bolsa bary-ýogy 47 metr.

229. Konserwa açylýan pyçak 1858-njy ýylda, ýagny konserwa oýlanylyp tapylanyndan ýarym asyrdagy soň oýlanylyp tapyldy.

230. 1999-njy ýylyň 31-nji iýulynda "Lunar Propector" asman gämisi(korabl), Amerikaly astranom Ýujin Şumeýkeriň jesediniň külini asmandaky aýa(луна) eltdi. Ol, Aýda jaýlanan ýeketäk adamdyr. Şumeýker esasanam 1994-nji ýylda Ýupiter planetasyna 64km/sek bilen gaçan "Şumeýkerler kometasy-Lewy" ilkinji bolup açan adam diýip tanalýar.

Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.
24
181
ideallider
22 Iýun 2024
@zumerr, hemme postlary görjek bolup aşak süýşirýäňä, şonda iň aşakda "Ýene ýükle" bar, şoňa bassaň düýnki postlar açylýar. Indi şol açylanok. Agzalar kodly, saýtly suratly postlar goýsalar şeýle bolýar.
Zümerret_
22 Iýun 2024
@ideallider, o name diydiginz 🤔.
ideallider
22 Iýun 2024
Postlarda her-hili kodlar scriptler goýup, hana indi ikinji lentäni okabam bolanok🤦‍♂️
Zümerret_
19 Iýun 2024
@myrataly_, 🖐️😁
myrataly_
19 Iýun 2024
@zumerr, aytmak gerekdal bilyan sen)
Zümerret_
19 Iýun 2024
@myrataly_, nameler boldy . Aydyp berda . Esdisim boyunca kop kisi oyli isikli bolanmysh 🙈🌝
myrataly_
19 Iýun 2024
@zumerr, Sen yok wagtyn kop uytgesmeler boldy)
Zümerret_
19 Iýun 2024
@myrataly_, konelerden kimler bar . Ducia gornenok ?
myrataly_
19 Iýun 2024
Zümerret_
19 Iýun 2024
@myrataly_, hehe . Ok )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.