ideallider
18.06.2024 13:38
Gülişime güleýin 20.

191. Towşan irden daşary çykýar, derýañ gyrasyndaky öýünden. Derýañ o çetinde ýaşaýan möjege gygyrýar:
-Möjeeeeeeek!
-Näme?
-Sen däliiiiii.
Ertesi ýene:
-Möjeeeeeeek!
-Näme?
-Sen petuuuuuh!
Aý sheýdip 3-4 gezek aýdansoñ möjek ol tarapa ýüzüp geçipdir. Garaşyp durupdyr irdenden.
Towşan hininden çykyp:
-Möjeeeeeeek!
Möjek bu gezek onuñ gulaklaryndan tutup:
-Näme?
Towşan syr bildirmän:
-Şu gün bagyşla diýäýjekdimlaý, Möjek aga!

192. Mugallym Myrady doska çagyryp "Üçburçluk çyzyp ber" diýýär. Myrat çyzyp berýär. Soňra mugallym:
- Bol indi şuň üç burçlykdygy subut et.
+ Eeeee mollymjano hudaý kessin heleý bolaýyn şu üçburçlygoooo.

193. Bir kişi beýlekiden şu gün aýdan näçesidigini soraýar:
- Dost aýtsana şu gün aýyň näçesi bolmaly?
+ Aý, gardaş! Menem şony oñly bilemok, ýöne düýnä däl, öññün aýyñ 9-dy. Ertir dälde birigünem aýyñ 13-i bolýar. Ertirem 12-i bolaýýar öýdýän. Ýöne şu gün aýyñ näçesidigini welin bilemok gardaş!
- Blääää telefonymy gören bolsa kelläm agyrmazdy...

193. At ýaryşlarynyň jänköýeri bir gün düýşünde 6-lyk nomer barada gowy düýş görýär. Ine, onsaň ol 6-njy aýyň 6-njy güni ir bilen 6-da ýerinden turup, 6-lanjy awtobusa münüp, aýlawa gelýär. Her biri 6 müň manatdan bolan 6 sany bilet alyp, 6-njy nomerli ata pul goýýar. 6-njy setride, 6-njy orunda ornaşyp ýaryşyň netijesine garaşýar. Ol ýalňyşmady! At 6-njy bolup geldi

194. -Menem möjege topuldym, onsaň pyçagym bilen onuň guýrugyny kesdim. – diýip bir awçy öwünýämiş. Doslary bolsa:
- Näme üçin kellesini kesmediň?
+ Bilýäňizmi näme, o möjegiň kellesini menden öň biri kesipdir eken!

195. Biri rentgenden geçýär. Lukman:
-Agam, siz sagat ýuwdupsyñyz-a, sizi uzaklaşdyrman operasiýa edip sagady almaly bolar!
+ Aý lukman. Şo sagat geregemdäl, men özüme başga täze sagat satyn alynaýaryn.

196. - Syry kime ynanyp bolar?
+ Ady belli ýalançylara!
- O näme üçin?
- Sebäbi ol señ syryñy açaýanda-da, hiç kim oña ynanmaz.

197. Bir däli sowukda gaty üşäp näme etjegini bilmän baryp biriniň saman saraýyny otlaýypdyr. Bütün halk ody öçürmäge ylgaýar. Bu däli hem gaharlanyp "Bulara seret, ýakmaly bolsa gelip biri gelip kömek etmedi, ýylynmaga bolsa barsy ylgap gelýär"

198. Aýaly kitap okap otyr. Birden ol "hi-iýh" edip, içini çekýärde, gapdalynda nämedir bir zatlara dümtünip oturan adamsyna ýüzlenýär:
- Mommyş, muña bir seret, Şeýdaýy diýilýän bir ýerçeken seniñ maña bagyşlap on ýyl mundan ozal düzen goşgyñy ogurlaýypdyr!

199. Alyjy soýlan towugy eline alyp durşuna, satyja ýüzlenýär:
- Bir ýarym kilo diýýäñ welin, munyñ ýaman ýeñil görünýäle.
+ Haý agam, edýän gürrüñiñi. Gaýtam ýeñil bolsa gowy dälmi!? Ýeñil bolsa götermek añsat bolarda.
- Onyña dogry. - diýip, alyjy onuñ bilen ylalaşýar-da, towugy alyp, puluny hasaplaşyp, öz ugruna ýöräp ugraýar. Satyjy bolsa yzyndan:
- Agam! Siz maña bäş manady kem beripsiñizä.
+ Haý, inim senemaý. Az bolsa sanamak añsat bor-da!

200. Bir husyt ýoldan ýöräp barýar. Görse öňünden bir paçka pul çykdy. Husyt çaltjak puly alyp sanap:
- Haý blääää. Az eken...

Internet sahypalaryndan we durmuşdan taýýarlan: IDEALLIDER.
23
201
ilova
20 Iýun 2024
😄😄
Bitter
18 Iýun 2024
Men seni imoda tapdym oytyan (gozlemedim yone😅)
kimsen
18 Iýun 2024
196🤣🤣🤣
yoky
18 Iýun 2024
😀😁😀😀
stella_🖤
18 Iýun 2024
199 🤣🤣🤣🤣
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.