DANALARDAN DÜRDÄNELER 14
151. Bir danadan sorapdyrlar "Näme üçin köp zenanly erkek adaty? A näme üçin köp erkekli zenan erbet görülýär?" Dana şeýle jogap beripdir:
—Hemme gulplary açýan açar gowydyr hemmä gerekdir. Emma hemme açarda açylýan gulp erbetdir, oñ ýaly gulp hiçkime gerek däl.
152. Lukman hekimden sorapdyrlar:
- Edebi kimden öwrendiň
- Edepsizlerden
153. Eflatun şägirtleriniň arasynda oturan Sokrata yüzlenýär:
— Düýn Köpçülikde bir dostuň gownüne degdiň, ynjydyjy sözler aýtdyň. Ol sözleriňi ýekelikde aýtmaly dälmidiň? - diýeninde Sokrat soraga sorag bilen jogap berýär.
— Muny maňa duýdurmak üçin ýekelikde galmagymyza garaşmaly dälmidiň?
154. Bir Alymdan sorapdyrlar
— Sizden aşa az bilyändiklerine garamazdan,sizden has kop şöhrat gazananlar bar. Munyň hikmeti nämede?
— Men bilmek üçin öwrendim. Olar bolsa tanalmak ücin.
155. Ibn Sinadan:
— Dünýäde dermany bolmayan bir dert barmydyr? Diýip soranlarynda
— Dermansyz dert yagşynyň ýamana duçar bolmagydyr diýipdir.
156. Jüneýid Bagdadan "Sabyr näme" diýip soranlarynda, şu jogaby beripdir.
- Gaşyňy çytmadan gaýgyňy ýuwutmakdyr.
157. Tolstoýdan sorapdyrlar.
- Siz nähili bagtly bolýarsyňyz?
- Bar bolan zatlaryma guwanýaryn, ýoklaryny asla pikir etmeyärin.
158. Osmanly Soltany ýowuz Soltan Selim ýörişe çykjak ýerlerini gizlin saklaýar eken. Bir gün Soltan ýörişe taýýarlanmagy tabşyrypdyr. Wezirlerinden biri gelip, ýörişiň haýsy ýurda boljakdygy bilen gyzyklananda.
Soltan:
- Sen syr saklap bilýärmiň?
- Elbetde hökümdarym, saklap bilyärin
- Menem saklap bilýärin.
159. Jelaletdin Rumy şägirtleriniň, biri bilen ýoldan barýarka, ýoluň gyrasynda iki sany köpek bile ýatan eken. Ýanyndaky şägirdi.
- Käşga Ynsanlar hem şu itlerden görelde alsadylar, biri-biri bilen şular ýaly dost bolsadylar. — diýipdir
Jelaletdin Rumy şägirdine şu jogaby beripdir.
- Aralaryna bir süňk okla bakaly, şonda görersiň olaryň nähili dostduklaryny.
160. Asyl baýlyk malyň köplügi däl, göwün baýlygydyr.
Hz.Muhammed Sallallahu Aleýhi Wessellem.
Toplan: IDEALLIDER