ideallider
24.08.2024 14:54
Gülişime güleýin 25.
241. Gowja edaramyz bar, işdeşlerimem gowja. Biri köp aýlyk almak üçin akyllysyran bolýar, biri az işlemek üçin samsyksyran bolýa, biri kellesizemweli başlyk bolupýör...
242. Bir kelew baý oglan, bir molladan soraýar:
- Ýaşuly, size 10-müňdagy sadaka bersem jaýym jennetden bolarmyka???
+ Inim garantiýa berip biljekdälweli, synanşyp gör lotereýdir, belki utarsyň!
243. Nakyl "Owadan tawus guşuň ýeleginiň aşagynda, adaty towugyň syrty bar"
244. Nämçün diňe gyz-gelinler kosmetika ulanýalar a oglanlar bolsa ulananoklar??? Sebäbi oglanlar şonsuzam owadan!!!
245. Her-bir gyz "Syrly-tapmaça". Gaty-göräýse nämçündigini belaň-sapynam bilmersiň.
246. Horlanmagyň usuly tapyldy. Süýdi wilka bilen iýmeli.
247. Hytaýdan dostum bize gezmäge geldi. Onsaň oň bilen aýlanmaga çykdym. Ol türkmençe gowy bilenok, şondada kämahal türkmençe gürlejek bolýa. Şeýdip ondan-mundan gürrüň edip barýarkam birden pulum gaçdy, almak üçin egilenimde arkamdaky köýnek açyldy we syrtym göründi. Ol hytaý dostum "Etjik köçä çykdy" diýdi...
248. Barlap gördüm. Uzak ýolda uklamazlyk üçin agzyňy suwdan doldurup ýuwtman saklamaly. Uklaňda has beter gülkünç bolýaň.
249. Jigim bilen toýa bardym. Garryrak eneleriň biri diş-protezli gezýän eken. Ol protezli ene dişini çykaryp arassalap ýene yzyna salanyny jigim göräýipdirdä. Jigim:
- Eeeee seredooo, agzyny goparyp yzyna dakaýdaý. - diýip çyny bilen haýran galyp aýtdy.
250. Men üýtgeşijek zatlary ýygnamany halaýan. Onsaň bir gün öýümize myhman geldi, kofe berdim. Ol myhman kofýany içip däliränýaly gygyryp çaşkany zyňdy. Çaşkaň düýbünde göz çekilen surat bardy.
Toplan: IDEALLIDER.
21
194
ideallider
17.08.2024 11:07
Post paýlaşmagyň howpsuzurak usuly.
Postumyň adyndan belli boluşy ýaly "Post paýlaşmak, bu nä howplymy" diýip gaty geň görjekler hem tapylar. Howwa gaty howply. Nämçün?! Meselem meniň paýlaşan postlarym köplenç täsinlik. Netijede meniň postlarymda duşan maglumat ýalňyş bolup, haýsy hem bolsa bir egzameniň soragyna, ýalňyş jogap bolup biler. Netije men bir talybyň ömrüni kül etdigim bolar. Yslam-dini söýýän, emma bu barada az maglumat paýlaşýan. Sebäbi ýene, ýaş-çatynjalar durmuşa başlamanka, ýada nikadan soň meniň, belki ýalňyş paýlaşan postuma uýup, durmuşlaryny kül etmekleri gaty mümkin. Howwa dogry, her-kimiň öz kellesi, aň-düşünje, pikiri bar. Öz durmuşlaryny Öz aýagy bilen ýöräp, öz eli bilen etmeli. Emma agzalar, adminler, biziň goýýan postlarymyzyň köpüsi, okyjylaryň öz ýüreklerinden hem beter özlerine ýakyn bolup bilýär. Okyjylar okan postlaryndan netije çykarýarlar. Ýagny posty okap ilki ýüreklerini we beýnilerini diňleýärler. Köp post dogry bolup, ýürekler we beýniler dogry netijeler hem çykarýarlar. Emma post ýalňyş bolup, ýaňy çagalykdan saýlanan ýetginjekler okasa nähili bolar?! Dogrysyny dogry aýdalyň, eje-kakamyzy internetden we daş-töwerekden az diňleýäs. Bizi köplenç internet we multimediýa ugrukdurýar. Eje-kakalarymyzy diňlesegem diňleýändirs, emma az diýenlerini edýäs. Nakyl bar "Ýedi ölçäp bir kes" how bu döwür 777 ölçäňdede kemçilik tapylýar. Kemçiliksiz diňe çaga we Muhammet Sallallahu Aleýhi Wessellem bar. Galan hemmämiz kemçilikli. Ýöne biz şol kemçiliklerimizi "Azaltmaga" synanşmaly we "Göýbermezlige" öwrenşmeli. Biziň ähli edýän hereketlerimiz bizi hökman ýaha gowluga ýada erbetlige alypbarýar. Häzir maňlaýyňyzdan biri çykyp "Seň ündäniňi etdim, seň ýazan ýoluňdan ýöredim, indi hem nejislik boldy" diýse nädersiňiz?! Ahlagy-ynsaby güýçlihä düzeder, aramlygy köp wagt aladada gezer, ahlaksyzam türküňe näme edeýiniňkisi "Boşwer" diýip ýene şol boluşy bilen gezer. Şu sebäpli agzalar, adminler, okyjylar. Ilki pikir ediň, postlarymyz nä derejede zyýan getirip. Maňa "Beýle pessimist bolma" diýersiňiz. Bu pessimistlikdäl(gümürtüklikdäl). Bu goranmak we goramak. Birýerlerden bir ýazgylar tapyp, peýdamy ýa zyýanmy bilmän "Aetory mendäl, gitde awtoryna arzyňy aýt" diýýän agzalar, zaýa zady zaýa adam hem paýlaşar. Zaýalygy paýlaýanyň özi hem günäli. Menem kelläm fudbol topy bolup "Biribar ýok, sebäbi oň subutnamasy ýok, görüp, eşidip, elläp bolanok, diýmek ýokzat ýok bolar" diýsem, diýmek meňem beýnim ýok bolarda. Mundan beýläk hem ünsümizi güýçlendireliň. Hormatlamak bilen Roma=IDEALLIDER.
20
146
ideallider
16.08.2024 15:01
Gülişime güleýin 24.
231. Toý güni, restoranda, durmuşa çykýan gyz buket zyňjak bolýar. Ahyram zyňdy, bir jorasy güli böküp gapdy, synlap duran ginekolog haýran galyp aňkaryp galdy.
232. Medenýetli gelin ärine sms ýazýar "Gaty hapa kalenzasiýa ýaly sögünýän, öýe geläýdä!!!"
233. Sen diňe özüňi bilýäň!!! Ýalan diýersiňmi? Meselem getireli, sen bir kirpiň üsdünde oturdyň "Waheý kirpijige näme boldyka" diýmersiň, göni öz syrtyňy alada edersiň.
234. Özüm firmada işleýän, aýlyk aldym on-müň çykdy. Begenjime öýe gelýäkäm öňümde suwjagaz çykdy, bökdüm suwjagazyň içine topugumdandyr diýip, a ýok blä boýumdan eken.
235. Biri maňa "Siziň hasabynyz 10 manat kopeldildi" diýip sms ýazdy. On minut geçeninden soň ýene "Agam bagşlaň, puly ýalňyş oklapdyryn, yzyna oklaýyňda şol 10 manady" diýip sms ugratdy, maňa samsykdyr öýtdimi nämemi!? Menem yzyna "Sizin hasabynyz 100000.00 manat kopeldi. Hasabynyz 100000.43 manat." diýip ýazdym.
236. Meduzanyň 650 milion ýyl beýnisiz ýaşanlygy baradaky maglumat, köp adamlara göwünlik berýär.
237. Çagaň garynjygy haýran galaýmaly zadaý. Bir çemçejik kaşa sygmadyk garynjyga 2 köke, 3 şokalad, 4 keks we 1 stakan sok arkaýyn sygýar.
238. Bu dünýe seniň haýsy tarapdan seredeniňe bagly. Meselem aýylar "Adamlar bagda ýaşaýandyrlar we adamlardan hemişe tezegiň ysy gelýär" diýip düşünýär.
239. Krosswordda sorag bar. Ýagny "Gan sorýan jandar, 5 harp" Her-hili wariantlar bar. Gelin, Gudam, Çybyn.
240. Bäş ýaşly çaga:
- Eje, meňem jigim bolaýsadyda...
+ Bolýa janam, saňa jigi alaýars...
- Oho Kakama jaň edip bersene... Alýo kaka, şemler, şarlar, güller bilen ejem ikiňiziň swidaniýaňy arganizawat edip berdim. Sen maňa bir telefon sowgat etseňem bolýa...
Toplan: IDEALLLIDER.
29
213
ideallider
15.08.2024 12:06
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 26
261. Adamlar pilden güýçliräk ekenler. Nädip diýersiňiz!? 1988-nji ýylda Leonid Tranenko dünýäniň agyr atletkasy boýunça rekord goýýar. Leonid 266 kilogram göterip bilýär. Pil bolsa öz holtumy(хобот)(burny) bilen 250 kilogramdan artyk agyr ýüki göterip bilenok. Emma adam ýekeşah-kerk(жук носорог) diýilip atlandyrylýan tomazakdan ejiz eken. Sebäbi kerk-tomazak öz agramyndan 800 esse agyr zady göterip bilýär. A biziň "Iň güýçli jandar" diýip hasaplaýan garynjalarymyz bolsa bary-ýogy öz agramlaryndan 50 esse agyr ýüki göterip bilýärler.
262. Dünýäde iň çalt ýüzýän jandar "Ýelken balyk(Latyn dilinde: Istiophorus platypterus)" bolup onuň tizligi 110km/sag(Edil maşynyň strelkasynyň 110-dan gidişi ýaly). Dünýäniň 11 gezek çempiony bolan Braziliýaly Sezar Sýello-nyň tizligi bary ýogy 9km/s.
263. Hakyky bolan waka emma ynanmarsyňyz. 1924-nji ýylda Pensilwaniýanyň häkimi pişikdi, şol pişigi hem, Pep atly itiň(güjügiň) öldüreni üçin, Pep-i "ömürlik tussag etmeli" diýip sud etdiler. Pep ömrüniň ahyryna çenli tussaglykda ýatdy.
264. Awstraliýada maşyn sürüp barýarkaňyz, kanun boýunça, ýolda(Awto-ulag ýolda) size gabat gelen "Jandar-haýwanlara" nirä gitmelidiklerini eliň bilen görkezmek "Gadagan" edilýär. Goýun ýada sygyr sürülerine siz: eliňizi galgatmaga, gygyrmaga, maşynda-signal bermäge hakyňyz ýok. Maşynyňyzy gapdala(к обочине) sowup, maşyny öçürip, tä mallar, goýunlar, sygyrlar we haýwanlar geçip gidýänçä garaşmak siziň borjuňuz. Bu kanuny bozan adama 140$ jerime(штраф) salynýar.
265. Ýelizaweta ||-njiniň hususy pasporty ýok. Serhetden(граница) geçeninde oňa diňe "Men şa-aýaly" diýmek ýeterlikdir. Mundan başgada Beýik Britaniýada awto-ulagy sürüjilik-şahadatnamasyz sürmäge rugsat edilen ýeke-täk adam.
266. Aziat ýurtlarynda, esasanam Hytaýda, her ýyl 4 milion pişik iýilýär.
267. 1913-nji ýyla çenli A.B.Ş.-anyň kanunçylygynda çagalary, poçtanyň üsdi bilen ugratmak mümkinçili bar eken. Şonda çaganyň geýimine, onuň agramyny görkezýän poçta-belligi hökman ýelmenilmeli bolupdur. Şeýle ýagdaýda ugradylýan çagany, barýan ýerine çenli poçtalýon ugradypdyr.
268. Nýu-Delidäki Parlament-toplumyny, maýmynlaryň gödek hereketlerinden goramak üçin, ýörüte işgärler bellenilip ol işgärler hem maýmyn eşigini we guýrugy dakynýarlar.
269. Adatça ýyldyrymlaryň uzynlygy 1-kmdan 10-km çenli ýetip, ýogynlygy birnäçe sm bolýar.
270. Haýşt edýän, maňa degişli we posta degişli islegleriňiz bar bolsa diňe meniň postlarymda ýazyň. Maňa başga postlarda ýazýalar, men olary göremok, soňra bolsa "IDEALLIDER jogap berenok" diýip gaty görýäler. A öz postumdaky komentariýalary hökman okaýaryn. Hormatlamak bilen IDEALLIDER we ýene, halasaňyz like goýmagy hem unutmaň ;)
Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.
22
97
ideallider
14.08.2024 22:07
SAMSYKLYGAM BOLSA ÝYLGYRDÝA 23
221. Şahyrdan sorapdyrlar:
- Söýgi näme? - diýip.
Şahyr bolsa syrly bakyşlary bilen ýylgyryp jogaplap:
- Paşolsanaý, näme diýsem
Internetde paýlaşýaňyz...!!!
222. Iki ýaşuly taksi saklapdyrlar. Birinji ýaşuly:
- Ýa Alla. - diýip münüpdir. Yzyndan ikinji ýaşulam:
- Ýa Hudaý. - diýip münüpdir. Taksist rus eken, olam:
- Очень приятно, а я Сергей!
223. Hoja Nasreddin bir husydyň öýüne myhman bolýar. Öý eýesi husytlygy bildirmejek bolup Nasreddiniň öňünde bal, gysganýanlygy sebäpli hem gaty çörek goýýar. Hoja Nasreddiniň gaty çöregi dişi basman, baly çemçeläp iýip başlanda ol husydyň gözleri çykaýjak bolup:
- Hoja aga, diňe baly iýseň içiň geçip, içiňi ýakarsyň...
+ Özüm gowy bilýän kimiň içiniň ýanýanyny...
224. Bir adam doňaklykda kiçeňräk buzlukda buzy deşip balyk tutmakçy bolupdyr. Ýaňybir buzy deşjek bolsa:
- Oglum, bärde balyk ýok! - diýilen owaz eşdilipdir. Ol adam ýene beýleräk geçip ýene buzy deşjek bolanda ýene ýaňky ses "Bu ýerdede balyk ýok" diýipdir. Ol adam gorkup:
- Eý biribar, bu senmiň?
+ Ýokhow, men hokkeý-stadionyň garawuly.
225. Garryja ýaşuly agtygy bilen köça aýlanmaga çykypdyr. Ýaşulyň öňünden maşyn geçeninde:
- Hana oglum seret, dü-düt barýar!
+ Ata ol dü-düt diýýäniň 2016-yň AMG Mersedesi, özem diňe şol mers tip-tronik...
226. Beýle durmuşda ýaşap bolmaz. Gidip asylmalymy nämemi!? Biriniň boýnundan!
227. Ýaşuly täze radio satyn alypdyr. Getirdi öýüne, sokdy 220wolta. Radio pahyr birden tüsseläp gitdi. Ýaşuly aýalyna:
- Bä, nä hiçzat gürlänogaý!?
+ Häzir çilimini çekip bolsun wagyrdar...
228. Biriniň kellesine çüý-çümüpdir. Pahyr bagty açyk eken, diri galyp ol bolmaşynada dogtara özi gelipdirde:
- Dogtar ýaşarmykam!?
+ Howwala, operatsiaň bahasy on müň bolýar...
- Dogtar, strahowkam bara!?
+ Ol strahowkaňyz bilen, bu çüý size päsgel bermezýaly ýemşerdip beräýmesek!?
229. Sadikda çagalar:
- Meň kakamyň bet sakaly bar.
+ A meň kakamyň owadan sakaly bar. - diýip oglanjyklar öwüneninde, bir gyzjagaz:
- Siziň kakalaryňyzda sakal bar. A meň ejemdede bet özem gaty köp sakal bar, özem äňinde däl başga ýerinde... Kellesinde...
230. Gyza azar-bereňde ol gygyran bolup bes etse, gyzyň özi azar-berlenini isleýär. Eger şonda ol gyz böküp, howada durup, pyrlanyp, Wan-Damyň depişi ýaly bir aýagy bilen döşüňe, beýleki aýagy bilenem agzyňa depip äňiňi sypdyrsa, onda ol gyzdan raketa ýaly gaçmaly.
Toplan: IDEALLIDER
23
217
ideallider
12.08.2024 21:09
Hapalykdaky Perişde-Melek. 6-nji bölüm.
...Humaý dik dur, Suraý spalnyda ýatyr. Suraý:
— Ol seň ýanyňdaka, hiç-hili çalt hereket etme. Beý diýsem "Myllaryk, eräp-akýan" ýaly bolmada, öňki boluşuň bol. Ýöne çalasyn bolma. Ol goooowy arkaýynlaşsyn. Soňra gel, maňa golaýlaş, üsdüme geç. — diýip hoşamaý-güldi. Humaý hem, hakykatdanda rola girip, göýä awlan keýigini lamaga barýan gaplaňdek, ýuwaşlyk bilen Suraýyň üsdüne golaýlaşanynda Suraý bildirmän, Humaýyň ýaňagyndan ogşady. Soňra Suraý:
— Suwjukluk hem suwjarmakdyrweli, şolam ýerinde gerek. Ogşan bolup sen özüň zenandygyňy oňa has gowy subut edersiň. — diýip ýatdy. Indi näme hereket etmelidigini unudan Humaý ýene doňup duranynda, Suraý:
— Näme doňduň, bu işi öň edip görmediňmi? Indi näme etmeli??? — diýip güldi. Humaý Suraýa hasda golaýlaşanynda, Suraý "Hah" edip, ýüpekden-pagtadan ýumşak, bala-çaganyň gülkisinden hoşamaý, ýüzmüň owazdan hoşamaý ses çykardy hem gaşlaryny geň-enaýy çytyp:
— Ol seň dünýäňe birinji gezek gireninde seň iň ýumşaklygyňy tonuň(äheňiň) bilen açypgörkezmeli. Ol adaty zady dälde, başga bir äleme baranýaly bolsun. Bu sesi birinji köp gezek gaýtala, hergezekdede peselsin. Indiki günleriňde tonuňy çala başgaraklara üýtget. Dowam ediber... — diýeninde Humaý ýene doňup durdy. Özüne bu zatlar uly-bir samsyklykýaly görünýär. Suraý hem muny aňyp:
— Ol söýgidekä, sen dyrnaklaryň bilen saňa nähili gowydygyny duýdurup, çalaja, ýolbarsa öwrül. Dyrnaçaklama, dyrnajygyňy, iňe ýalyrak oň bedenine sok. Goluna, arkasyna, boýnuna. Emma çenden geçme. Unutma, sen bu herekedi gaty seresaply etmelisiň. Gaty soksaň, ol gaharlanyp indiki gezege höweslenmez. Ýene ellerinden, gollaryndan, arka ýada bilinden, islän ýeriňden gys. Ara wagt salanyňda, alma-narlary hödürle. Goý ol bir gezekde iki iş etsin. Hem alma nar iýsin hemem... — diýip saklandy. Humaýyň iňkise gidenini häldenbäri aňýan Suraý:
— Saňa Baýram gerek ahyry. Ol barada pikiri et. — diýeninde Humaý Suraýyň üsdünden aýrylyp beýläk geçip otyrdyda ýaşyny süpürdi. Soňra:
— Ol şu zatlaryň hemmesini seniň bilen edýär ekeni. A men çaga.... Men nädip ikilik-dönüklik eden bilen indi bile ýaşamaly??? — diýip aňyrsyna bakyp oturdy. Soňra turup aňryk süýşip aglamaga başlady. Suraý baryp arkasyndan gujaklanda:
— Ýokbol, çek eliňi maňa degirme. Güm bolsaň bolmaýarmy. Öläýediňdä nejis... — diýip Suraýyň ellerini itişdirip, silkelendi. Suraý itilsede, ellerine urulsada, Humaý gaýtawul bersede, ondadada güýç bilen gujaklamagyny dowam edip, Humaýy hiç göýbermedi. Soňra Suraý:
— Men Baýramy ýygnamadyk bolsam, Baýramy başga loly alardy we ymykly senden aýyrardy. Hem bagtyň garalar, hem öýüň ýykylar. Edýänim nejislik hem bolsa, başardygymdan goradym. Bu bar elimden gelýänzat. — diýip ýuwaşlyk bilen spalna otyrdylar. Humaýyň içinde iki sany möjek söweşýär. Biri "Güm bolsun hemmezat gümüne gitsin, aýrylyş, hemmezady gutar" diýýär. Beýlekisi bolsa "Öwren öwren. Samsyk bolma. Çagalaryň hem kakasyz galsa, gyzyň hem belki şularýaly bolar. Ogluňam Belki Baýramýaly bolup, olam biwepalyk eder. Erkek eşekdir, zenan mertdir" diýýär. Bu pikirlerini Suraý:
— Dowam edeli... — diýip böldi. Soňra bile oturanlarynda ýene:
— Baýramyň başy gök-diräp, iş bitireninde, gapdalynda ýat. Ony gaty gujakla. Ol bergisini artygy bilen berenine monça bolsun. Soňra arassalan. Oň aýy ýaly edermen bolanyny, saňa nä derejede ýaranlygy aýt. Gowy diňleýji bolmagy başar. Indi häzirlikçe öýňüze gaýt. Bu gezek hemme öwreşenlerimi et. Sebäbi Baýram seni beter söýse nämeler alyp biljek ekenligi barada pikirlensin. — diýip Humaýy öýlerine ugratdy. Humaý diýilişiýaly edip, Baýram bilen günläp-aýlap bagtly ýaşap başladylar. Ýöne arman... Baýramyň eden ikiligi Humaýyň hiç içinden çykanok. Bu wakalardan soň Humaý Baýramdan başgaça ar alyp başlady. Ol aryň esasy, şol söýhi okuwlarynyň ýitileşmegi, görülip oturulsa Baýramyň islegi diňe şu bolsa nätjek. Suraý we Humaý, bular söýgide Perişde we Melek emma hapalykda.
Soňy. Dowamy ýok. Gutardy. Yzy ýok. Dowamsyz. Bölüm ýok.
Awtory: IDEALLIDER
25
225
ideallider
10.08.2024 13:55
Hapalykdaky Perişde-Melek. 5-nji bölüm.
...— Jananym, bagt gurmagy, süýjilik ýasamagy, durmuşyňy goramagyň köp ýoly bar. Şol ýollaryň şuwagt diňe birjigini öwrenýäň. Diňe maşgalaň üçin beýle zady öwrenmek nejislikdäl, gaýtam seň borjuň. Bu dünýäni aýlaýan erkeklerdir, ýöne biz erkekleri aýlaýas. Baýram seni arassalygyň üçin söýýänligini maňa aýdýar. Baýrama sen bir ýönekeýje bir ýekeje kijijek süýjijik. A oňa bolsa bir tort gerek. Men bolsa 10 etaž tort. Gynanýan, oň bedeni hemişe meň ýanymda güýçlenýändigine. Emma ruhy seniň bilen. Ol menden seni gözleýär, meni saňa öwürjek bolýar. Menem bar güýjim bilen, Baýramy saňa iterjek bolup, seň edýän hereketleriňi özüme kopýalaýan. Ýöne sen uly ýürekgysgynçlyk, äpet-ýönekeýlik, gaty köp şolbirzatlygyň. Bolýa bu gün hem bes edeli. Öýüňe baryp çalaja, çigitýaljak üýtge. Birden hemme okuwymy Baýrama etseň, ol ýaha "Hih Humaýym däliredi" diýer, ýada meň saňa öwredenligimi aňar. Şol sebäpli bu günlikçe diňe ýaňky, ýuwunmak barada öwredenlerimiň barysyny et. Ertir geläý. Ýene Baýramdan "Ezizim, men miwe bolan bolsam sen habsy miwäni halardyň" diýip sora. Onuň halan miwesine görä egin-eşik geý, we şol miwäniň ysyna meňzeş atyr ulan... — diýip, Humaýyň ýaňagyndan ogşap öýlerine ugratdy. Humaý öýlerine gelip, öý-işlerini edinip, Baýram gelýänçä gowy ýuwunup-ardynyp taýyn bolup garaşdy. Baýram geldi. Ýeri, ýoldaşyna ikilik eden, biwepalykdanýaňa kellesi humarlaýan äri nädip söýjek?! Humaý özüne zor-salyp, ýylgyryşlar we mylaýym sözler bilen ärini garşy aldy. Şonda Baýram:
— Humaýym, bu gün aýlyk aldym we işim gaty ugruna boldy. Saňa uly sowgat aldym. Ol sowgat şuwagda çenli saňa toplap gezenim hem diýsem bolýar. Bar sen bezenýän kamoduňda(Zenanlaryň, özüne timar berýän stol-stuly) otur ine elimi ýuwup barjak. — diýdi. Humaý "Nämede bolsa meni hem ýatdan çykarmandyr. Ýada maňa dolanyp başlapdyr" diýip, hakyky Humaý guşdek begenip, asmana uçup, geçip stulunda uturdy. Baýram aňyrdan "Söýenim gözleriňi ýum" diýip gelip, gelniniň boýnuna briliantlar bilen bezelen altyn-zynjyry dakyp, aýna bakdyryp "Indi gözüňi açaý" diýdi. Humaýyň boýnunda göýä ýyldyzlar düzülendek ýaldyraýan, şelpeli şaý sep bar. Baýram ýene Humaýyň gulaklarynyň deňinde ellerini saklap:
— Bulary dakyp bilmedim, ynjydaryn öýütdim. Komplekt aldym, gulakhalkaňy hem özüň dakynaý. — diýdi. Humaý derrew gulakhalkasyny hem dakynyp, özüni aýnada synlaýarka, Baýram eýýäm bir dyzyny ýerde goýup, nikalaşmaga çagyrýan usulda dyza çöküp, kijijek gapyrjakda ýüzüjek saklap:
— Ähli dünýäm bilen söýdügim Humaý. Biz öňden hem nikalaşanam bolsak, ýaşlyk-durmuşy üçin nikalaşdyk. Indi uly ýaşlaryň durmuşy üçin hem nikalaşaýaly. Sen täzeden ýenede maňa durmuşa çykmaga razymy??? — diýip sorady. Humaý begenjinden, ellerin bilen ýüzini tutup, aglap, dyza çöküp, baýramyň gujaklap ärini gujaklap galdyryp, dik duran ýerlerinde gujaklaşyp "Men... Mennn... Razy razy" diýdi. Baýram hem aljyrap gujaklaşyp duranýerinde Humaýyň çalaja elini gaňyryp ýüzük dakjak bolýar. Humaý gujaklaşmasyny bes edeninde, Baýram ýene dyza çöküp, ýüzigi şu halda gelnibe dakdy. Soň bile naharhana baryp nahar iýmäge taýynlandylar. Baýram bilgeşleýin, käsäni ýere gaçyryp döwen bolup "Oho, toý boljakdyr" diýdi. Muňa Humaý hasda begendi. Nahardan soň olar seýligählere, dynç-alyş ýerlere aýlanmaga gitdiler. Ýolda Baýram, birmahalky Humaý-gyzy durmuş-toýa yrýanýaly herhili oýunlar, degişmeler bilen gelniniň göwnüni açdy. Aýlanyp gelip, söýgi-çeşmesinden hezil edip içdiler. Baýram gelniniň üýtgeşik arassalygyna üns berdi we Suraý tarapyndan hiçzat aňmady. Humaý ertesi hem, ogşaşyp-gujaklaşyl ärini işe ugradyp ýene Suraýyň ýanyna ugraýar. Ýogsada ol her gezek Suraýyň ýanyna gelmänkä, Baýramdan "Men joramlara kömekleşmäge" diýip rugsat alyp gidýärdi. Humaý Suraýlara gelip, ýenede saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň şol öňküje okuw-sapaklaryna başladylar. Humaý dik dur, Suraý spalnyda ýatyr...
5-nji bölümiň soňy.
Awtory: IDEALLIDER.
21
164
ideallider
08.08.2024 20:52
Hapalykdaky Perişde-Melek. 4-nji bölüm.
...Hany göreliň, Suraý diňe pynhan-söýgä degişli "Müň bir gije" sowgatdan näme taýynladyka?! Ertesi gün Humaý, ýene ärini işe ýollap, Suraýyň ýanyna ugraýar. Humaý onuň öýüne gireninden, Suraý utanyp, gyzaryp duran Humaýuň göni iki-elinden hem tutup ýuwunulýan-otaga alypbarýar. Suraý ýuwaşlyk-messaýlyk bilen:
—Humaýjan. Seň borjuň entek äriň işden gelmänkä başlaýar. Ol entek gelmänkä sen söýgä taýyn bolmaly. Birinji bilmeli zadyň, hemişe mylaýym we üýtgeşik bol. Ýagny köpzady, başga gelin-gyzlarýaly etme. Olardan tapawutly bol. Ine meselem, sen Baýramyň roluny oýna, sen Býram bolansyra, a men bolsa sen bolaýyn... — diýip gözüni gyrpdy. Humaý azajyk geňirgenip:
— Men nämçün öz boluşumýaly bolmalydäl, goý ol meni öz boluşumýaly söýsün. — diýeninde Suraý:
— Ine sen meselem bazardan iki sany gül satyn al. Birini daşarda goý, degme öz boluşyýaly össün. Beýlekini öýüň içinde goý. Öýdäkä ideg et, suw ber, artykmaç ýapraklaryny aýyr, haşal-otlardan arassala, dökün ber, ýapraklaryny ýuw. Onsaň seň pikiriňçe haýsy gül owadan bolar? Elbetde öýdäki. Sebäbi sen öýdäki güli "Öz boluşyýaly" goýmadyň. Daşardaky bolsa har-bolar. Şol sebäpli biz zenanlar hemişe kämil bolmaly. — diýip, Humaýyň egninden gysdy. Şeýle gürrüňler bilen bilen ikisi ýuwunulýan otaga geldiler. Suraý ýene:
— Näme diýse diýsinler, biz zenanlaryň iň bir ýiti ýarag-güýji bu arassalyk. Seniň hemme ýeriň, hatda içiň-içi hem arassa bolmaly. Aýdýalar "Seni hakykatdan söýse, oňa seniň hiç ýeriň hapa-bolup görünmez" bu dogry, ýöne çalajada bolsa hapa-hasaplan ýeri hem sende gaty arassa bolup çyksa, ol bolmaşynada arassalykdan ýaňa gülüň ysy gelipdursa, sen äriň gözüne hakykatdan hem arşy-melek bolup görünmersiňmi? — diýip, Humaýa, bäbege öwredilşiýaly, çintgäp-çintgäp, nokatma-nokap, sünnäläp, nädip ýuwunanynda, arassalygyň aňrybaş derejesine ýetip boljakdygyny öwretdi. Soňra ýatylýan otaga bardylar. Birden hem Suraý Humaýyň öňüne geçip, arkasyny Humaýa degirip gysmyljyrap:
— Oňa etmeli işlerini her-wagtdan ýatladypdur, oň içindäki alow-ody köşeşmesin, saňa dyňzap dursun. Meselem şeýdip oňa gysmyljyra. Bahymjak hem çekilde düşege ýykyl. — diýip, düşege geçip, myrlap ýatan pişikýaljak bolup gysyndy. Humaý bolsa näme hereket etjegini bilmän doňupdur. Suraý ýene:
— Goşa-narlaryňy iň soňky pursada çenli gizläp sakla. Emma käte gyrajygyny görkez. Ol seniň bukuşuňdan bizar bolmasyn. Erkekleri "Hemmezadyny parladypýörenler" az özüne-çeker, emma hemişe utanjaň gyzlary gelin edinmek islärler. Sebäbi utançsyz gyz, bu işe öwrenşikliýaly görüner. Netijede agyzdan galan nahary dadypgörmek hem ýürek-bulanjyrak. — diýip elleri bilen gursagyny bukdy. Suraý ýatan ýerinden ýylgyryşyna-ýylgyryş goşup:
— Äriň ýanynda köp begen, köp ýylgyr, goý ol "Diňe seni bagtly edip bilýänine" ynansyn. Ol seni gül-gülzarlyga öwrüp biler derejede bet erkekligini duýsun. Seni öňküden hem beter bagtly etmäge höweslensin. Gam-gussalaryny ýatdan çykart. — diýdi. Humaý gowy utanyp:
— Biziň bu edýänimiz nejislikdälmi. Men birhili halamok. Sen ýöne dilde gürrüň beräý. Ýör stulda oturaýaly... — diýip beýlesine bakdy. Suraý bolsa ýerinden turup, Humaýa golaýlap, süýem-barmagy bilen Humaýyň çukanajykly-äňjagazyndan tutup, özüne tarap öwürip:..
4-nji bölümiň soňy.
Awtory: IDEALLIDER.
22
166