Hapalykdaky Perişde-Melek. 4-nji bölüm.
...Hany göreliň, Suraý diňe pynhan-söýgä degişli "Müň bir gije" sowgatdan näme taýynladyka?! Ertesi gün Humaý, ýene ärini işe ýollap, Suraýyň ýanyna ugraýar. Humaý onuň öýüne gireninden, Suraý utanyp, gyzaryp duran Humaýuň göni iki-elinden hem tutup ýuwunulýan-otaga alypbarýar. Suraý ýuwaşlyk-messaýlyk bilen:
—Humaýjan. Seň borjuň entek äriň işden gelmänkä başlaýar. Ol entek gelmänkä sen söýgä taýyn bolmaly. Birinji bilmeli zadyň, hemişe mylaýym we üýtgeşik bol. Ýagny köpzady, başga gelin-gyzlarýaly etme. Olardan tapawutly bol. Ine meselem, sen Baýramyň roluny oýna, sen Býram bolansyra, a men bolsa sen bolaýyn... — diýip gözüni gyrpdy. Humaý azajyk geňirgenip:
— Men nämçün öz boluşumýaly bolmalydäl, goý ol meni öz boluşumýaly söýsün. — diýeninde Suraý:
— Ine sen meselem bazardan iki sany gül satyn al. Birini daşarda goý, degme öz boluşyýaly össün. Beýlekini öýüň içinde goý. Öýdäkä ideg et, suw ber, artykmaç ýapraklaryny aýyr, haşal-otlardan arassala, dökün ber, ýapraklaryny ýuw. Onsaň seň pikiriňçe haýsy gül owadan bolar? Elbetde öýdäki. Sebäbi sen öýdäki güli "Öz boluşyýaly" goýmadyň. Daşardaky bolsa har-bolar. Şol sebäpli biz zenanlar hemişe kämil bolmaly. — diýip, Humaýyň egninden gysdy. Şeýle gürrüňler bilen bilen ikisi ýuwunulýan otaga geldiler. Suraý ýene:
— Näme diýse diýsinler, biz zenanlaryň iň bir ýiti ýarag-güýji bu arassalyk. Seniň hemme ýeriň, hatda içiň-içi hem arassa bolmaly. Aýdýalar "Seni hakykatdan söýse, oňa seniň hiç ýeriň hapa-bolup görünmez" bu dogry, ýöne çalajada bolsa hapa-hasaplan ýeri hem sende gaty arassa bolup çyksa, ol bolmaşynada arassalykdan ýaňa gülüň ysy gelipdursa, sen äriň gözüne hakykatdan hem arşy-melek bolup görünmersiňmi? — diýip, Humaýa, bäbege öwredilşiýaly, çintgäp-çintgäp, nokatma-nokap, sünnäläp, nädip ýuwunanynda, arassalygyň aňrybaş derejesine ýetip boljakdygyny öwretdi. Soňra ýatylýan otaga bardylar. Birden hem Suraý Humaýyň öňüne geçip, arkasyny Humaýa degirip gysmyljyrap:
— Oňa etmeli işlerini her-wagtdan ýatladypdur, oň içindäki alow-ody köşeşmesin, saňa dyňzap dursun. Meselem şeýdip oňa gysmyljyra. Bahymjak hem çekilde düşege ýykyl. — diýip, düşege geçip, myrlap ýatan pişikýaljak bolup gysyndy. Humaý bolsa näme hereket etjegini bilmän doňupdur. Suraý ýene:
— Goşa-narlaryňy iň soňky pursada çenli gizläp sakla. Emma käte gyrajygyny görkez. Ol seniň bukuşuňdan bizar bolmasyn. Erkekleri "Hemmezadyny parladypýörenler" az özüne-çeker, emma hemişe utanjaň gyzlary gelin edinmek islärler. Sebäbi utançsyz gyz, bu işe öwrenşikliýaly görüner. Netijede agyzdan galan nahary dadypgörmek hem ýürek-bulanjyrak. — diýip elleri bilen gursagyny bukdy. Suraý ýatan ýerinden ýylgyryşyna-ýylgyryş goşup:
— Äriň ýanynda köp begen, köp ýylgyr, goý ol "Diňe seni bagtly edip bilýänine" ynansyn. Ol seni gül-gülzarlyga öwrüp biler derejede bet erkekligini duýsun. Seni öňküden hem beter bagtly etmäge höweslensin. Gam-gussalaryny ýatdan çykart. — diýdi. Humaý gowy utanyp:
— Biziň bu edýänimiz nejislikdälmi. Men birhili halamok. Sen ýöne dilde gürrüň beräý. Ýör stulda oturaýaly... — diýip beýlesine bakdy. Suraý bolsa ýerinden turup, Humaýa golaýlap, süýem-barmagy bilen Humaýyň çukanajykly-äňjagazyndan tutup, özüne tarap öwürip:..
4-nji bölümiň soňy.
Awtory: IDEALLIDER.