ideallider
12.08.2024 21:09
Hapalykdaky Perişde-Melek. 6-nji bölüm.

...Humaý dik dur, Suraý spalnyda ýatyr. Suraý:
— Ol seň ýanyňdaka, hiç-hili çalt hereket etme. Beý diýsem "Myllaryk, eräp-akýan" ýaly bolmada, öňki boluşuň bol. Ýöne çalasyn bolma. Ol goooowy arkaýynlaşsyn. Soňra gel, maňa golaýlaş, üsdüme geç. — diýip hoşamaý-güldi. Humaý hem, hakykatdanda rola girip, göýä awlan keýigini lamaga barýan gaplaňdek, ýuwaşlyk bilen Suraýyň üsdüne golaýlaşanynda Suraý bildirmän, Humaýyň ýaňagyndan ogşady. Soňra Suraý:
— Suwjukluk hem suwjarmakdyrweli, şolam ýerinde gerek. Ogşan bolup sen özüň zenandygyňy oňa has gowy subut edersiň. — diýip ýatdy. Indi näme hereket etmelidigini unudan Humaý ýene doňup duranynda, Suraý:
— Näme doňduň, bu işi öň edip görmediňmi? Indi näme etmeli??? — diýip güldi. Humaý Suraýa hasda golaýlaşanynda, Suraý "Hah" edip, ýüpekden-pagtadan ýumşak, bala-çaganyň gülkisinden hoşamaý, ýüzmüň owazdan hoşamaý ses çykardy hem gaşlaryny geň-enaýy çytyp:
— Ol seň dünýäňe birinji gezek gireninde seň iň ýumşaklygyňy tonuň(äheňiň) bilen açypgörkezmeli. Ol adaty zady dälde, başga bir äleme baranýaly bolsun. Bu sesi birinji köp gezek gaýtala, hergezekdede peselsin. Indiki günleriňde tonuňy çala başgaraklara üýtget. Dowam ediber... — diýeninde Humaý ýene doňup durdy. Özüne bu zatlar uly-bir samsyklykýaly görünýär. Suraý hem muny aňyp:
— Ol söýgidekä, sen dyrnaklaryň bilen saňa nähili gowydygyny duýdurup, çalaja, ýolbarsa öwrül. Dyrnaçaklama, dyrnajygyňy, iňe ýalyrak oň bedenine sok. Goluna, arkasyna, boýnuna. Emma çenden geçme. Unutma, sen bu herekedi gaty seresaply etmelisiň. Gaty soksaň, ol gaharlanyp indiki gezege höweslenmez. Ýene ellerinden, gollaryndan, arka ýada bilinden, islän ýeriňden gys. Ara wagt salanyňda, alma-narlary hödürle. Goý ol bir gezekde iki iş etsin. Hem alma nar iýsin hemem... — diýip saklandy. Humaýyň iňkise gidenini häldenbäri aňýan Suraý:
— Saňa Baýram gerek ahyry. Ol barada pikiri et. — diýeninde Humaý Suraýyň üsdünden aýrylyp beýläk geçip otyrdyda ýaşyny süpürdi. Soňra:
— Ol şu zatlaryň hemmesini seniň bilen edýär ekeni. A men çaga.... Men nädip ikilik-dönüklik eden bilen indi bile ýaşamaly??? — diýip aňyrsyna bakyp oturdy. Soňra turup aňryk süýşip aglamaga başlady. Suraý baryp arkasyndan gujaklanda:
— Ýokbol, çek eliňi maňa degirme. Güm bolsaň bolmaýarmy. Öläýediňdä nejis... — diýip Suraýyň ellerini itişdirip, silkelendi. Suraý itilsede, ellerine urulsada, Humaý gaýtawul bersede, ondadada güýç bilen gujaklamagyny dowam edip, Humaýy hiç göýbermedi. Soňra Suraý:
— Men Baýramy ýygnamadyk bolsam, Baýramy başga loly alardy we ymykly senden aýyrardy. Hem bagtyň garalar, hem öýüň ýykylar. Edýänim nejislik hem bolsa, başardygymdan goradym. Bu bar elimden gelýänzat. — diýip ýuwaşlyk bilen spalna otyrdylar. Humaýyň içinde iki sany möjek söweşýär. Biri "Güm bolsun hemmezat gümüne gitsin, aýrylyş, hemmezady gutar" diýýär. Beýlekisi bolsa "Öwren öwren. Samsyk bolma. Çagalaryň hem kakasyz galsa, gyzyň hem belki şularýaly bolar. Ogluňam Belki Baýramýaly bolup, olam biwepalyk eder. Erkek eşekdir, zenan mertdir" diýýär. Bu pikirlerini Suraý:
— Dowam edeli... — diýip böldi. Soňra bile oturanlarynda ýene:
— Baýramyň başy gök-diräp, iş bitireninde, gapdalynda ýat. Ony gaty gujakla. Ol bergisini artygy bilen berenine monça bolsun. Soňra arassalan. Oň aýy ýaly edermen bolanyny, saňa nä derejede ýaranlygy aýt. Gowy diňleýji bolmagy başar. Indi häzirlikçe öýňüze gaýt. Bu gezek hemme öwreşenlerimi et. Sebäbi Baýram seni beter söýse nämeler alyp biljek ekenligi barada pikirlensin. — diýip Humaýy öýlerine ugratdy. Humaý diýilişiýaly edip, Baýram bilen günläp-aýlap bagtly ýaşap başladylar. Ýöne arman... Baýramyň eden ikiligi Humaýyň hiç içinden çykanok. Bu wakalardan soň Humaý Baýramdan başgaça ar alyp başlady. Ol aryň esasy, şol söýhi okuwlarynyň ýitileşmegi, görülip oturulsa Baýramyň islegi diňe şu bolsa nätjek. Suraý we Humaý, bular söýgide Perişde we Melek emma hapalykda.

Soňy. Dowamy ýok. Gutardy. Yzy ýok. Dowamsyz. Bölüm ýok.

Awtory: IDEALLIDER
25
225
zina
23 Awgust 2024
Esere soz yok 👏👏👏👏👏👍🏻👍🏻👍🏻
ideallider
14 Awgust 2024
@alma___, dogry. Emma diňe "Öz" ärine. Ýogsa hemme gelin hemme erkek göwnüni almaga synanşylsa nämeleriň üsdünden eltjegi bes-belli. A ýekeje äri barada bolsa, eserde görkezilýär👍
ideallider
14 Awgust 2024
@flowers_, eserde diýiljek bolýany "Subutnamalary gözläň, sözler köpýerde howaýaly" pikirler hem aldagyç bolýar.
alma___
14 Awgust 2024
Suraý tertibi pes , ýòne erkegiñ göwnini aýlamaga yssat aýal edip görkezilýår.Başga aýallarada şeýle ussatlyk ündelän ýaly duýylýar
flowers_
14 Awgust 2024
@ideallider, umuman perişde-de melegem şol bir manyda-da
flowers_
14 Awgust 2024
@ideallider, siz Humaýyň öz ýanýoldaşy baradaky pikirleri arassa däl diýjek bolýañda onda?!
ideallider
14 Awgust 2024
@flowers_, onsaňam, Baýramyň ikilik edeni, eseriň hiç bir ýerinde gönümel berk demirýaly subutnamasy ýok ahyry. Ähli zat diňe bir Suraýyň sözlerinde we Humaýyň aňynda.
ideallider
14 Awgust 2024
@flowers_, perişde türkmen we melek türki dillerinde perişdäni aňladýar öýdýän.
flowers_
14 Awgust 2024
Perişde bilen Melegiň tapawdy näme?!
flowers_
14 Awgust 2024
Ýanýoldaşyñy kanagatlandyrmak aýal adamyñ borjudygyny ýatladýan ýaly bolupdyr, emma aýal maşgala özüne edilen ikiligi hiç wagt unudanok.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.