ideallider
17.08.2024 11:07
Post paýlaşmagyň howpsuzurak usuly.

Postumyň adyndan belli boluşy ýaly "Post paýlaşmak, bu nä howplymy" diýip gaty geň görjekler hem tapylar. Howwa gaty howply. Nämçün?! Meselem meniň paýlaşan postlarym köplenç täsinlik. Netijede meniň postlarymda duşan maglumat ýalňyş bolup, haýsy hem bolsa bir egzameniň soragyna, ýalňyş jogap bolup biler. Netije men bir talybyň ömrüni kül etdigim bolar. Yslam-dini söýýän, emma bu barada az maglumat paýlaşýan. Sebäbi ýene, ýaş-çatynjalar durmuşa başlamanka, ýada nikadan soň meniň, belki ýalňyş paýlaşan postuma uýup, durmuşlaryny kül etmekleri gaty mümkin. Howwa dogry, her-kimiň öz kellesi, aň-düşünje, pikiri bar. Öz durmuşlaryny Öz aýagy bilen ýöräp, öz eli bilen etmeli. Emma agzalar, adminler, biziň goýýan postlarymyzyň köpüsi, okyjylaryň öz ýüreklerinden hem beter özlerine ýakyn bolup bilýär. Okyjylar okan postlaryndan netije çykarýarlar. Ýagny posty okap ilki ýüreklerini we beýnilerini diňleýärler. Köp post dogry bolup, ýürekler we beýniler dogry netijeler hem çykarýarlar. Emma post ýalňyş bolup, ýaňy çagalykdan saýlanan ýetginjekler okasa nähili bolar?! Dogrysyny dogry aýdalyň, eje-kakamyzy internetden we daş-töwerekden az diňleýäs. Bizi köplenç internet we multimediýa ugrukdurýar. Eje-kakalarymyzy diňlesegem diňleýändirs, emma az diýenlerini edýäs. Nakyl bar "Ýedi ölçäp bir kes" how bu döwür 777 ölçäňdede kemçilik tapylýar. Kemçiliksiz diňe çaga we Muhammet Sallallahu Aleýhi Wessellem bar. Galan hemmämiz kemçilikli. Ýöne biz şol kemçiliklerimizi "Azaltmaga" synanşmaly we "Göýbermezlige" öwrenşmeli. Biziň ähli edýän hereketlerimiz bizi hökman ýaha gowluga ýada erbetlige alypbarýar. Häzir maňlaýyňyzdan biri çykyp "Seň ündäniňi etdim, seň ýazan ýoluňdan ýöredim, indi hem nejislik boldy" diýse nädersiňiz?! Ahlagy-ynsaby güýçlihä düzeder, aramlygy köp wagt aladada gezer, ahlaksyzam türküňe näme edeýiniňkisi "Boşwer" diýip ýene şol boluşy bilen gezer. Şu sebäpli agzalar, adminler, okyjylar. Ilki pikir ediň, postlarymyz nä derejede zyýan getirip. Maňa "Beýle pessimist bolma" diýersiňiz. Bu pessimistlikdäl(gümürtüklikdäl). Bu goranmak we goramak. Birýerlerden bir ýazgylar tapyp, peýdamy ýa zyýanmy bilmän "Aetory mendäl, gitde awtoryna arzyňy aýt" diýýän agzalar, zaýa zady zaýa adam hem paýlaşar. Zaýalygy paýlaýanyň özi hem günäli. Menem kelläm fudbol topy bolup "Biribar ýok, sebäbi oň subutnamasy ýok, görüp, eşidip, elläp bolanok, diýmek ýokzat ýok bolar" diýsem, diýmek meňem beýnim ýok bolarda. Mundan beýläk hem ünsümizi güýçlendireliň. Hormatlamak bilen Roma=IDEALLIDER.
20
146
medik_
17 Awgust 2024
Dogrym aytsam sonki dowur yekeje postam okamok.😁yone sizin aydysynyz yali yslam dini barada okamani juda soyyan.
wolf
17 Awgust 2024
Menã şu postda kemçilik tapmadym 👍🏻👌🏻👏🏻👏🏻
ideallider
17 Awgust 2024
@agzamen2, zerlik bar zorlukýok, ýöne toçna geçidede sakal bar👍
ideallider
17 Awgust 2024
@agzamen2, proguň öz düzgünnamasy hem bar. Meselem sen "Düzgünnama" diýip, özüň şol düzgünnamany okadyňmy? Pikir atyşyňdan, post paýlaşyşyňdan sen anyk 100% ýaha düzgünnamany okamadyň, ýada düzgünnamadaky bentleri bozýaň. Adminler gaty adamkärçilikli, gaty köp göz ýumýarlar. Sebäbi hemmekişa "Baann" berjek bolsaň agza galmaz!
ideallider
17 Awgust 2024
@agzamen2, meselem sen telewizor aldyň, getirdiň goýduň pejin ýanynda, aňyrsy bir aýdan telewizoryň ýarysy garalar. Muňa telewizor çykaran günäkärmi ýa sen. Aslynda köp tw gapdalynda "Ulanylyşy barada düzgünnama" kitapça goýulýar. Şol kitapçadada tw nädip ulanmagy baradaky düzgünler ýazyk. Düzgün okamadyk elbetde sen günäkär.
ideallider
17 Awgust 2024
@agzamen2, sebäbini giňişleýin aýdyp pozmanjyk goýsaň aýyby bolmasa?!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.