ideallider
14.08.2024 22:07
SAMSYKLYGAM BOLSA ÝYLGYRDÝA 23

221. Şahyrdan sorapdyrlar:
- Söýgi näme? - diýip.
Şahyr bolsa syrly bakyşlary bilen ýylgyryp jogaplap:
- Paşolsanaý, näme diýsem
Internetde paýlaşýaňyz...!!!

222. Iki ýaşuly taksi saklapdyrlar. Birinji ýaşuly:
- Ýa Alla. - diýip münüpdir. Yzyndan ikinji ýaşulam:
- Ýa Hudaý. - diýip münüpdir. Taksist rus eken, olam:
- Очень приятно, а я Сергей!

223. Hoja Nasreddin bir husydyň öýüne myhman bolýar. Öý eýesi husytlygy bildirmejek bolup Nasreddiniň öňünde bal, gysganýanlygy sebäpli hem gaty çörek goýýar. Hoja Nasreddiniň gaty çöregi dişi basman, baly çemçeläp iýip başlanda ol husydyň gözleri çykaýjak bolup:
- Hoja aga, diňe baly iýseň içiň geçip, içiňi ýakarsyň...
+ Özüm gowy bilýän kimiň içiniň ýanýanyny...

224. Bir adam doňaklykda kiçeňräk buzlukda buzy deşip balyk tutmakçy bolupdyr. Ýaňybir buzy deşjek bolsa:
- Oglum, bärde balyk ýok! - diýilen owaz eşdilipdir. Ol adam ýene beýleräk geçip ýene buzy deşjek bolanda ýene ýaňky ses "Bu ýerdede balyk ýok" diýipdir. Ol adam gorkup:
- Eý biribar, bu senmiň?
+ Ýokhow, men hokkeý-stadionyň garawuly.

225. Garryja ýaşuly agtygy bilen köça aýlanmaga çykypdyr. Ýaşulyň öňünden maşyn geçeninde:
- Hana oglum seret, dü-düt barýar!
+ Ata ol dü-düt diýýäniň 2016-yň AMG Mersedesi, özem diňe şol mers tip-tronik...

226. Beýle durmuşda ýaşap bolmaz. Gidip asylmalymy nämemi!? Biriniň boýnundan!

227. Ýaşuly täze radio satyn alypdyr. Getirdi öýüne, sokdy 220wolta. Radio pahyr birden tüsseläp gitdi. Ýaşuly aýalyna:
- Bä, nä hiçzat gürlänogaý!?
+ Häzir çilimini çekip bolsun wagyrdar...

228. Biriniň kellesine çüý-çümüpdir. Pahyr bagty açyk eken, diri galyp ol bolmaşynada dogtara özi gelipdirde:
- Dogtar ýaşarmykam!?
+ Howwala, operatsiaň bahasy on müň bolýar...
- Dogtar, strahowkam bara!?
+ Ol strahowkaňyz bilen, bu çüý size päsgel bermezýaly ýemşerdip beräýmesek!?

229. Sadikda çagalar:
- Meň kakamyň bet sakaly bar.
+ A meň kakamyň owadan sakaly bar. - diýip oglanjyklar öwüneninde, bir gyzjagaz:
- Siziň kakalaryňyzda sakal bar. A meň ejemdede bet özem gaty köp sakal bar, özem äňinde däl başga ýerinde... Kellesinde...

230. Gyza azar-bereňde ol gygyran bolup bes etse, gyzyň özi azar-berlenini isleýär. Eger şonda ol gyz böküp, howada durup, pyrlanyp, Wan-Damyň depişi ýaly bir aýagy bilen döşüňe, beýleki aýagy bilenem agzyňa depip äňiňi sypdyrsa, onda ol gyzdan raketa ýaly gaçmaly.

Toplan: IDEALLIDER
23
217
sazsoft
15 Awgust 2024
230 Mmmm, düşnükli. :)
ab06
15 Awgust 2024
222👍😂
flowers_
14 Awgust 2024
226.😄
flowers_
14 Awgust 2024
230.🤦‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.