ideallider
10.08.2024 13:55
Hapalykdaky Perişde-Melek. 5-nji bölüm.

...— Jananym, bagt gurmagy, süýjilik ýasamagy, durmuşyňy goramagyň köp ýoly bar. Şol ýollaryň şuwagt diňe birjigini öwrenýäň. Diňe maşgalaň üçin beýle zady öwrenmek nejislikdäl, gaýtam seň borjuň. Bu dünýäni aýlaýan erkeklerdir, ýöne biz erkekleri aýlaýas. Baýram seni arassalygyň üçin söýýänligini maňa aýdýar. Baýrama sen bir ýönekeýje bir ýekeje kijijek süýjijik. A oňa bolsa bir tort gerek. Men bolsa 10 etaž tort. Gynanýan, oň bedeni hemişe meň ýanymda güýçlenýändigine. Emma ruhy seniň bilen. Ol menden seni gözleýär, meni saňa öwürjek bolýar. Menem bar güýjim bilen, Baýramy saňa iterjek bolup, seň edýän hereketleriňi özüme kopýalaýan. Ýöne sen uly ýürekgysgynçlyk, äpet-ýönekeýlik, gaty köp şolbirzatlygyň. Bolýa bu gün hem bes edeli. Öýüňe baryp çalaja, çigitýaljak üýtge. Birden hemme okuwymy Baýrama etseň, ol ýaha "Hih Humaýym däliredi" diýer, ýada meň saňa öwredenligimi aňar. Şol sebäpli bu günlikçe diňe ýaňky, ýuwunmak barada öwredenlerimiň barysyny et. Ertir geläý. Ýene Baýramdan "Ezizim, men miwe bolan bolsam sen habsy miwäni halardyň" diýip sora. Onuň halan miwesine görä egin-eşik geý, we şol miwäniň ysyna meňzeş atyr ulan... — diýip, Humaýyň ýaňagyndan ogşap öýlerine ugratdy. Humaý öýlerine gelip, öý-işlerini edinip, Baýram gelýänçä gowy ýuwunup-ardynyp taýyn bolup garaşdy. Baýram geldi. Ýeri, ýoldaşyna ikilik eden, biwepalykdanýaňa kellesi humarlaýan äri nädip söýjek?! Humaý özüne zor-salyp, ýylgyryşlar we mylaýym sözler bilen ärini garşy aldy. Şonda Baýram:
— Humaýym, bu gün aýlyk aldym we işim gaty ugruna boldy. Saňa uly sowgat aldym. Ol sowgat şuwagda çenli saňa toplap gezenim hem diýsem bolýar. Bar sen bezenýän kamoduňda(Zenanlaryň, özüne timar berýän stol-stuly) otur ine elimi ýuwup barjak. — diýdi. Humaý "Nämede bolsa meni hem ýatdan çykarmandyr. Ýada maňa dolanyp başlapdyr" diýip, hakyky Humaý guşdek begenip, asmana uçup, geçip stulunda uturdy. Baýram aňyrdan "Söýenim gözleriňi ýum" diýip gelip, gelniniň boýnuna briliantlar bilen bezelen altyn-zynjyry dakyp, aýna bakdyryp "Indi gözüňi açaý" diýdi. Humaýyň boýnunda göýä ýyldyzlar düzülendek ýaldyraýan, şelpeli şaý sep bar. Baýram ýene Humaýyň gulaklarynyň deňinde ellerini saklap:
— Bulary dakyp bilmedim, ynjydaryn öýütdim. Komplekt aldym, gulakhalkaňy hem özüň dakynaý. — diýdi. Humaý derrew gulakhalkasyny hem dakynyp, özüni aýnada synlaýarka, Baýram eýýäm bir dyzyny ýerde goýup, nikalaşmaga çagyrýan usulda dyza çöküp, kijijek gapyrjakda ýüzüjek saklap:
— Ähli dünýäm bilen söýdügim Humaý. Biz öňden hem nikalaşanam bolsak, ýaşlyk-durmuşy üçin nikalaşdyk. Indi uly ýaşlaryň durmuşy üçin hem nikalaşaýaly. Sen täzeden ýenede maňa durmuşa çykmaga razymy??? — diýip sorady. Humaý begenjinden, ellerin bilen ýüzini tutup, aglap, dyza çöküp, baýramyň gujaklap ärini gujaklap galdyryp, dik duran ýerlerinde gujaklaşyp "Men... Mennn... Razy razy" diýdi. Baýram hem aljyrap gujaklaşyp duranýerinde Humaýyň çalaja elini gaňyryp ýüzük dakjak bolýar. Humaý gujaklaşmasyny bes edeninde, Baýram ýene dyza çöküp, ýüzigi şu halda gelnibe dakdy. Soň bile naharhana baryp nahar iýmäge taýynlandylar. Baýram bilgeşleýin, käsäni ýere gaçyryp döwen bolup "Oho, toý boljakdyr" diýdi. Muňa Humaý hasda begendi. Nahardan soň olar seýligählere, dynç-alyş ýerlere aýlanmaga gitdiler. Ýolda Baýram, birmahalky Humaý-gyzy durmuş-toýa yrýanýaly herhili oýunlar, degişmeler bilen gelniniň göwnüni açdy. Aýlanyp gelip, söýgi-çeşmesinden hezil edip içdiler. Baýram gelniniň üýtgeşik arassalygyna üns berdi we Suraý tarapyndan hiçzat aňmady. Humaý ertesi hem, ogşaşyp-gujaklaşyl ärini işe ugradyp ýene Suraýyň ýanyna ugraýar. Ýogsada ol her gezek Suraýyň ýanyna gelmänkä, Baýramdan "Men joramlara kömekleşmäge" diýip rugsat alyp gidýärdi. Humaý Suraýlara gelip, ýenede saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň şol öňküje okuw-sapaklaryna başladylar. Humaý dik dur, Suraý spalnyda ýatyr...


5-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER.
21
164
zina
23 Awgust 2024
Bet bolupdyr👍🏻💜💜💜taze toy etjeklere gowy maslahat bolupdyrustunlik
Miss_Minnosh❤️
11 Awgust 2024
Dowamy yokmy
ideallider
10 Awgust 2024
@geldiyevna, ok sen olaryň adyndan aýdaý🙂👍
ATOMIC
10 Awgust 2024
@ideallider, howwa sagbol👍🏻
ideallider
10 Awgust 2024
@ATOMIC, bardymy?
ideallider
10 Awgust 2024
@ATOMIC, häzir
ATOMIC
10 Awgust 2024
ugratmadyňa🙂‍↕️
ideallider
10 Awgust 2024
How agzalar. Çekinmäň, arkaýyn kemçilikleri ýüze çykaryp, tankytlary ýazyberiň. Gaharlanýan ýa garşylyk görkezýän adam ýok. Gyzmalyk etsemem "Aý Romadyrda" diýip geçiberiň🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.