Beýlede bagt bolar...
Bu gün özleriniň altyn-toýuny belleýän garryja-ata we eneden beter bagtly adamlar ýok. Ýogsa näme, 75 ýyl nikada. Toý sowulanyndan soň ýaş çatynjalar gelip garryja-eneden "Bagtly bolmagynyň" syryny soradylar. Ene gürrüňe başlady "Biz ýoldaşym bilen nikalaşanymyzdan soňra paýtunda öýmüze ugradyk. Birdenem öňdäki bedewleriň biri büdräp, paýtun durdy. Ärim "Hmmm bir" diýdi we düşüp, aty düzedişdirip täzeden ýoly dowam etdik. Atlar ep-esli ara geçenlerinden soň ýene ýaňky bedew tötänden büdredi. Ärim biraz gaharly ýene "Iki" diýdi. Ýol dowam. Az salymdan at ýene ýykyldy. Ärim bu gezegem gaharly "Üç" diýdi. Köpräk ýol geçilenden soň ysgynsyz bedew ýene ýykyldy. Ärim düşüp sapançasyny çykaryp, bedewi bir oka tabşyrdy we paýtuna münüp aty taşlap ýolumuz bilen gidiberdik. Bu zatlary synlaýardym hem çydaman "Bu näme etdigiňiz boldy!? Sizde ýürek ýokmy!?" diýenimde ärim "Hmmm bir" diýdi. Şondan soňra ärime hiçzat diýmedim" diýip jogaplapdyr.
Awtory: Internet sahypalaryndan.