ideallider
09.09.2024 16:02
Gülişime güleýin 28.

Bu 271-ni pişşi iýipdir.

272. Hassahana. "Artrit=bogun süňk agyry" bejerýän dogtaryň palatasynyň öňünde köp oçur=nobata durlar. Ahyry bir garryja bili bükülen enäniň oçuru ýetip zordan titräp giripdir gapydan. Bir-az salymdan ýaňky garryja-küýki ene dikgerilip gönje durup sagalyp çykyp barýar. Ony gören bir daýza:
— Eý Hudaý, enemjaaaan. Bu dogtar gudrat görkezipdir. — diýip geň galypdyrweli ol garryja-ene:
— Ýokla, uzynyrak hasa-taýak berdi.

273. Kel adamlaryň saçlary ýokdur. Kellelerini sypalasaňyzam saçlary ösmez.

274. Nädip alkaş dosduňa aragyny goýdurmaly? Ap-aňsatjak. Alkaş dosduň içip-uklap galanynda oňa gyz-eşigini geýdirip, ýüz gözüne kosmetika çalmaly hem parik geýdirmeli. Ertesi gün ol dosdumyz oýananda, dosdumyza "Sen doň kelläňe loluçylyk etjek bolduň" diýip ynandyrdyk. Degişmedäl. Hakykatdanam aragy goýdy.

275. — Dört gyz bolup birje oglana garaşmars!!! — diýip medsestralar hirurg-dogtar gelmänkä operatsiýa başladylar.

276. Bir gezek aktýor-dostumdan soradym:
— E dost. Kinoda aglamaly wagty nädip aglapbilýäňäý???
+ Elimi jübüme salyp ine şundan gatyrak-çümmükleýänweli, gözüm ýaşaraýýar.

277. Her ýyl ortça 1000 adam çilimi taşlaýar. Ýogsada öli adam çilim çekmegi dowam etmez ahyry.

278. Jigim bally käsesini goýanda käsä garynja üýşüpdir. Onam bilmän içipdir. Innem "Men garynja iýdim" diýip uly sesi bilen aglaýar. Hytaýlylara çabalanyp öläýmeli ekenler.

279. — Eeeee dost. Sen şeýle gowy oglanda. Gelejekde oglum bolsa adyna seň adyňy dakjak. Kellesiz towuk diýip dakjak.

280. Biriniň güjigi:
— Moo, meee, miaaawww...— diýip aýlanyp ýörmüş. Eýesinden sorapdyrlar:
— Agam güjigiňiz näme beýdipýör...???
Eýesi:
— Daşary ýurtda okap geldi, 3 dil bilyä...

281. Eger halan bolsaňyz hökman pikirleriňizi paýlaşyp Like goýuň!

Toplan: IDEALLIDER.
20
176
ideallider
09.09.2024 10:55
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 29

281. 2009-njy ýylda Kanadanyň Ontariýo welaýatynyň(провинция) Aksbridž ýaşaýyş-toplumynda(oba, şäherçe) 3 ýaşly Missi atly sygyry auksionda 1,2 milion dollara satylyp dünýäde rekord goýdy. Missi süýt bermekde rekord goýan sygyr. Onuň gündeki sagym-möçberi 50kg. Missi birnäçe ýyllap köp we her-hili halkara baýraklara we titullara eýe boldy. Missiniň embriony(ösüşiniň başlangyç
düwünçegi) satyn almak isleýänleriň sanawynyň aňrysyna çykyp bolanok. Missi ortaça ýylda 3 million girdeýji getirýär.

282. 1973-nji ýylda Italýan hünärmenleri, Zambiniň mes-topraklarynyň ýaşaýjylaryna pomidor ekip-ýetişdirmegi öwretdiler, üsde-üsdüne pul-haklaryny töläp. Emma hasyl ýetişmeli wagty, 200 töwerek gippopatamdan(begemot) ybarat süri, suwdan çykyp bişip ugran hasyly iýdi. Ýerli halk Italýanlara "Ine şu sebäpli hem biz ekerançylyk bilen meşgullanamzok" diýip aýtdylar. Moral. Italýanlar ýerli halka sowatsyz-bilimsizdir öýtdüler, emma ýerli halk şu ýerde italýanlardan bilimliräk eken, sebäbi gippopatamyň pomidorlary iýjegini bilýän ekenler. Şondada Italýanlardan pul almak isläpdirler, alypdyrlaram.

283. Pişikleriň hem narkotigi bar. Rusça ady "Котовник кошачий" türkmençe adyny bilemok. Bu ösümligiň ysy pişikler-maşgalasyna(Hatda ýolbars, gaplaňlarada) güýçli täsir edýär. Bu ösümligiň efir-ýagy bilen azajygam bolsa galtaşan pişikler, güýçli gyjynýarlar-hyjuwlanýarlar. Ýagny pişikler: olar özlerini bir-hili alyp barýalar, başga ösümlikleri ýalaýarlar ýada dyrnaçaklaýarlar, kellerini aýlap başlaýarlar, endamlaryny sudurga tutanýaly hereketlendirýärler, gaty mawlaýarlar we ýerde typýarlar. Bu effekt olarda 10-minut töweregi bolýar we soň öňki ýagdaýlaryna dolanyp gelýärler.

284. Bir sekundyň içinde dünyäde:
1.237000-e ýakyn fotokadr surat alynýar.
2. 4000 çaşka kofe we 18000 käse çaý demlenilýär.
3. Üç sany çaga dünýä inýär.
4. Bir adam tuberklýoz keseline uçraýar.
5. Iki sany "Barbie" gurjagy satylýar.
6. 1700 ýyldrym çakýar.
7. Bir adam açlykdan ölýär.
8. Takmynan 950 ýüzmüň internetde hat ýazylýar.
9. Internet peýdalanyjylaryň sany 10% artýar.
10. Bir "Injil" kitap çykarylýar.

285. 1966-njy ýylda Newada ştatyň uniwersitetindäki labaratoriýada, Uwoşo(Washoe) kliçkaly bir ýaşly urkaçy şimpanze-maýmyny Amerikan-hereketler(ASL) dilinden(Ker-Lal adamlaryň dili) okadyp başladylar. Mundan öňki maýmynlara gürlemegi öwretmek işi başa-barmanlygy sebäpli Uwoşany edil çaga terbiýeleýänýaly terbiýeläp başladylar, emma diňe hereketler bilen. Barlag(эксперимент) gutaranyndan soň Uwoşo 350 herketleri we ol hereketiň manylaryny bilýärdi. Uwoşada "özüni bilmek we aň-düşünje" döredi. Gynansakda Uwoşo seredýän bir aýal Ket dikreda gideninde ol aýal çagasyny ýitirýär. Haçanda Ket işe gelip özüniň köp wagt gelmäni üçin Uwoşodon ötünç sorap gelmänliginiň sebäbi "Çagam öldi" diýip düşündireninde Uwoşo Ketiň gözlerine uzak wagt seredipdurdy, soň ýere seredip bozulanýaly bolup, ýenede Ketiň gözlerine seretdi. Şol seredip durşuna Uwoşo ahyry elleri bilen gözlerini görkezdi we barmagy bilen ýaş damjalyry akýanýaly hereket etdi. Aslynda şimpanzelar aglap bilenoklar, tebigatyň ýaradyşy şeýle. Uwoşo 42 ýaşady we 2007-nji ýylda öldi.

Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.
19
140
ideallider
08.09.2024 21:55
IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 9.

81. "Söýgini duýup, söýgüň guraýanlygyny görmek, iň erbet agyry" diýip aýdýarlar. Emma öz-söýgiňi, öz eliň bilen ugratmak, ondan hem beter agyryly.

82. Söýgüliňi düýşünde görýänbolsaň, onda seniň ruhuň oň ruhy bilen duşuşýar.

83. Saňa göz ýaşlarym meniň ejizligimi subut edenok, bu meniň diriligimi we ýüregimiň urýanlygyny subut edýär.

84. Gel bu dünýäni böleşeli. Deňiz seňki, tolkunlary meňki. Gün meňki, aý seňki. Asman meňki ýyldyzlar seňki. Aý, gowsy hemmesi seňki bolsun, a sen bolsa diňe meňki bol.

85. Bütün dünýä üçin sen kimdir-biri. A meň üçin bolsa sen bütün-dünýä.

86. Sen tormoz bolmadyk bolsaň, biz birmahal söýüşerdik.

87. Eger gyz samsyjak-çaga ýaly bolsa, onda gyzyň bagty daşyna dökülýär.

88. Ýüzmeli bolsa şatlykda, aglamaly bolsa bagtda, gark bolmaly bolsa söýgide.

89. Söýginiň iki görnüşi bar. Biri "Men seni söýýän" beýlekisi "Ejemi üstüne gudaçylyga ugratjak "Ýok" diýseň alyp gaçaryn".

90. Söýgiňi subut edesiň gelýämi? Onda gudaçylyga ugrat. Galany pif-paf tyr-tyr gümp-samp.

Toplan: IDEALLIDER.
14
177
ideallider
06.09.2024 07:40
Gülişime güleýin 27.

261. Gelni ärine:
- Ezizim, sen maňa düýşümde altyn-zynjyr sowgat berdiň!!!
+ Akyllyja-gowja bolsaň, onda maşynam sowgat bererin, inniki düýşüňde!!!

262. Eger siz çölde ýa dagda azaşyp gaty ýadan bolsaňyz, onda bir aýyny ýada ýolbarsy tapyp oňa daş zyňyň. Ýadawlygyňyzdan nam-nyşan galman ylgarsyňyz.

263. - Ezizim, jübiňde deşik bar eken. Men ol deşijegi çatdym.
+ Janam sagbolweli, ol deşigiň barlygyny sen nädip bilýäň???

264. -Gyzym. Öz jaýyňy porýadkalaý. Senem inni ullakan gyza!
+ Ýaltanýan soň porýadkalaryn.
- Bolýa ertirden başlap seň jaýyňy men porýadkalaýan. Ýöne ýassygyň aşagyndan, krowat-adeýalyň aşagyndan, jübileriňden eýle-beýle zat tapsam gaty-görmeşek ýok...
+ Gerekdäl, eýýäm porýadkalap otyryn.

265. Dyrnagy ulylaryň burny arassadyr.

266. Kämahal birzada gynanýanweli, soň şol gynanan zadyma gynananyp wagtymy geçirenligim üçin gynanýan.

267. Gyz bilen oglan oýun edişip poýuz ýolda surata düşýärdiler. Onsaň olar relsda ýatyp surata düşjek wagtlary skarastnoý-çalt gidýän poýuz geçip gitdi. Başda ýaşlar ikidi, soň dört boldular.

268. Budilnik gygyrsada ýigrenilýär, gygyrmasada ýigrenilýär. Gyzlaram oglanlar barada şeýle pikirde.

269. Horazy horaz edýänem towukdur.

270. "Ähli zada başgaça seredip başgaça pikirlenip, şondan bagt gözlemeli" diýýärlerweli, şu bally-bankaň döwülenine nähili seredeňdede pyrlanyp-barýarkaň seredeňdede bagt ýok.

Toplan: IDEALLIDER.
14
161
ideallider
04.09.2024 23:34
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 28

276. Niderlandiýada düzgün-bozujy jenaýatkärleriň ýetmezçiligi netijesinde tussaghanalar ýapylýar. 2009-njy ýyldan bäri ýurtda 19 tussaghana ýapyldy.

277. Sossial soragnamalar esasynda, Islandiýalylaryň 70% elflaryň barlygyna ynanýarlar. Beýle diýmek bütün ýurduň ýarysyndan köpüsi ertekä ynanýar diýmekdir.

278. Alymlar "Adamyň beýnisi ortaça 256-ekzobaýt(256 milýard gigabaýt) maglumaty saklap bilýär" diýip aýdýarlar. Şonda men "Onda nämçün men ekzamen soraglarynyň jogaby bolan 1 gigabaýtlyk maglumaty ýatda saklap bilemok?" diýenimde olar "Bilemok" diýen äheňde eginlerini gysaýýarlar.

279. Kolaradonyň aýratyn berk-gözegçilikli tussaghanasynda Amerikaly Terri Nikols 1995-nji ýylyň 19-njy aprelinde Oklahoma Siti ştatda teraktly-organizasiýa gatnaşany üçin öz jezasyny çekýär. Ol "birinji derejeli ganhor, otlaýjy we dil-düwşüge gatnaşan" diýilip resminamalarda bellenilýär we oňa 116-ömürlik, howwa howwa 116-ömürlik tussag jezasy berilýär. Ýagny Terri Nikolas azatlyga çykmak üçin 116 gezek ölüp, soňra direlmeli. Şeýle kanunlar elbetde ösen ýurtlarda bar. Has dogrysy ösen ýurt diýilip hasaplanylýan ýurtlarda.

280. Afrikada we Aziýada köp duş gelýän kel barsuk ýada bal-iýiji(медоед)=(lat. Mellivora capensis) diýilip atlandyrylýan jandarlar köplenç ýylanlar has dogrysy Hindi-Şakepjebaşy bilen iýmitlenýärler. Ýagny bu jandar ýylany tapsa oňa arkaýyn gorkusuz-ürküsiz, edil gurçuga topupýanýaly begenip topulýar. Netijede ýylan hem bu jandary köp gezek çakýar we awy-zäherini göýberýär. Üsde-üsdüne bu jandar ýylany şol durşuna iýip hiç-zat goýmaýar. Ýylanyn çakmagy netijesinde medoýediň endamyna ýaýran zäher, ýene ýylanyň awyly-zäherli mäzini iýmegi netijesinde medoýed doly hemmetaraplýayn zäherlenýär we gözlerini ýumýar. Ýok, ol ölenok. Geň ýeri medoýetde zähere garşy güýçli immuniet bar. Şol immunitet işläp zäheri ýok edýänçä medoýet uklaýar we birnäçe wagtdan soň yraň-dyraň çalam-çaş bolup ýöräpgidýär we soň öňki kaddyna gelip iýmitiň gözlegine gidýär.

Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.
16
109
ideallider
03.09.2024 21:46
IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 8.

71. 💖. Sen maňa golaýlaşanyňda meniň birhili boluşlarymy sen bir bilsediň...

72. 💖. Köp gyzlar owadan bolmak üçin owadan köýnek geýýärler. A sen köýnegi bezeýäň.

73. 💖. Söýgi, ýarty bölegiň üçin islemeýän zatlaryňy etmekdir.

74. 💖. Hemmeler bize "Siz Aşyk-magşuklardäl" diýdiler. A men bolsa söýenimiň elinden tutdumda, bir-bitewidigimi subut etdim.

75. 💖. Ähli zat wagtlaýyn, dogry gynandyrýar. Emma seň bilen gowluklarym wagtlaýyn bolup geçip, yzyndan has beter gowluklar gelýär.

76. 💖. Haçanda men däliräp gaharlanjak bolanymda, sen öz posalaryň bilen meniň agzymy ýumdyň.

77. 💖. Men seni ýatlaýanmy!? Men seni hijem ýatlamok, sebäbi sen hemişe meniň pikirlerimde.

78. 💖. Biz duşmanlarýaly dawwalaşýas, janajan dost ýaly gürrüňler edýäs, 14 ýaşlylarýaly dälireýäs, eje-kaka ýaly aladamyzy edýärs, aý senembir, biz bir-birimize ömürlik.

79. 💖. Güýçli, şatlykly, begenýli günümde gelenleri saýlamadym. Gam-gussa batyp, gynananymda gelen seni saýladym.

80. 💖. Nikadan soň söýgi, bilipgoý, söýgüniň bar ýerinde aýyp-utanç ÝOK!!!

Toplan: IDEALLIDER.
14
110
ideallider
03.09.2024 10:51
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 27

271. San-Fransiskanyň iki sany ýaşaýjysy bolan Kewin Sistrom we Maýk Kriger, 2010-njy ýylyň 6-njy oktýabrynda "Apple" kompaniýanyň "App Store" magazininde, aplikasion "Instagram" atly programmany köpçülige hödürleýärler. Eýýäm bary ýogy 2 ýyldan bu programmany ulanýan adamlaryň sany 100 miliondan geçýär, 2012-nji ýylyň 9-njy aprelinde bolsa "Facebook" kompaniýa "Instagramy" 1 miliard dollara satyn almak isleýänligini habar berdi. Şol wagtda "Instagramda" bary ýogy 13 işgär işleýärdi.

272. Üns berýäňizmi, tüwi=şaly ösümligi hemişe suwly ýerde gark edilenýaly edilip ekilýär. Beýle köp suw, şaly üçin zerurdäl. Ýagny şeýle suwly ýer bolsun, ýada gurak bolsun tapawudy ýok, şaly aňsat gögerýär. Suwa gark etmegiň esasy sebäbi bolsa haşal otlaryy ýok etmek üçindir.

273. "Toxoplasma gondii" diýilip atlandyrylýan parazit(Mugthor bolan mikroskopiki virus) bilen kesellän(инфицированные) alakalar diňe pişikden gorkmagy bes-etmän eýsem pişikleriň ysyna düşnüksiz höwesli bolýalar, ýagny pişigiň ysyna zar bolýarlar. Netijede alakalar pişiklere gorkman golaýlaşýarlar we köplenç alakalar pişiklere gaharly(agressiwni) topulýarlar. Munuň hem netijesinde pişikler alakalary öldürýäler(tebigatyň kanuny) we parazit pişigiň ekskrimenti bilen ýaýramagyny dowam edýär. Alakanyň dogabitdi(инстинктивного) gorkusyny öçürmek=ýok etmek üçin, pşikden gorkmazýaly etmek üçin, onuň beýnisindäki haýsy nerwini öldürmelidigini bu mikroskopiki parazit "Nädip" bilýär?? Bu soragyň jogabyny alymlar entek hem bilenoklar.

274. 1999-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Amerikanyň salgyt gullugynyň işgäri Jon Karpenter "Kim milýoner bolmak isleýär(кто хочет стат миллионером)" atly oýunda birinji ýeňiji bolup milýoner bolmagy başardy. Oýnyň iň soňky raundynda ol "Dosda jaň etmek(звонок другу)" mümkinçiligini kakasyna jaň etmek üçin ulandy. Emma kakasyndan dogry jogaby soraman, diňe bir minutdan milýoner boljagyny aýtdy. Şondan soň ol dogry jogaby aýtdy we iň ýokary baýragyň eýesi boldy, milýoner boldy.

275. Asyrlar boýy Beýikbritaniýanyň mejlisler(парламент) jaýynda ölmek, kanun tarapyndan gadagan edilýär. Şondada bu kanuny bozan 4 sany adam bar eken.


Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.
15
320
ideallider
31.08.2024 10:21
Gülüşime Güleýin 26.

251. Çilim paçkaň ýüzündäki ýazgyda "Duýdurup bizar bolduk. Inni hökman "ölüm" priz çykýar".

252. Iki klasdaş öwünýä:
- Mugallym meň "Tomusda nädip dynç aldym" öý-işime 5+ goýdy.
+ A maňa bolsa on sekiz plýus.

253. Käbir gyzlaryň esasy 3 işi bar. Tutmaly, ýüzüklemeli, bizar etmeli.

254. Bir ogry agşam öýe girýär. Öýde kletkaň içinde papugaý bar eken, ol papugaýam:
- Keşa gördi, Keşa gördi. - diýip gygyryp başlaýar. Ogry "Gygyrmasyn" diýip kletkaň üsdüne prostyn ýapýa. Papugaý bolsa "Men Keşa däl, buldogyň ady Keşa" diýipdir.

255. Etažda ýaşaýan gelinleriň biri agşam mel bilen etažyň öňündäki aswalda ulurak edip "Äriň gitse jaň et" diýip ýazyp goýupdur. Şol gün şol etažda hemme ärler öýünde galýar we ýaňky gelniň äri hem öýde galyp, ütükleri, rozetkalary bejerdi, çagalaryň öý-işlerini işleşdi.


256. Göz-ýaşlaryňyzy süpüreniňizden, sizi aglatmaga mejbur edenleri durmuşuňuzdan kesip-aýyryň. Pyçagy hem gowy edip ýuwmagy ýatdan çykarmaň.

257. "Hemme erkekler bir-meňzeş" diýýän gyzlara degişli: Asylly gyz, hemme erkekleri barlap-çykanok!!!

258. Özüm barada gysgaça: "Haramzada, nejis, meýdi-ýanan, güm-bolan" Karoçe narmalny oglan!

259. Käbir gyza söýgüňi subut edeniňden, ýolbarsyň goýundygyny subut edeniň aňsat.

260. Magazina bardym. Satyjy:
- Kart bilenem töläp bilersiňiz!?
+ Dama jitdi bolýamy?

Toplan: IDEALLIDER
16
208
ideallider
30.08.2024 21:54
Adatdan daşary sindromlar

1. Sirenomelia(Синдром русалки)
Deňiz gyzy(Suwperi) sindromy hem diýilýän bu kesel bilen dogulan çagalarda dogabitdi aýaklary bitişik ýagdaýynda bolýar. Şol sebäpden hem bu sindroma deňiz gyzy-suw perisi diyilipdir. Beýle çagalar uzak ýaşamaýarlar, ýagny köp bolsa 15 ýyl ýaşaýarlar diýip düşündirýäler. Köp adamlar "Şeýle çagalar deňize derýa golaý ýaşasalar onda uzak ömür ýaşamagyna ynanjymyz bar" diýip çaklaýarlar.
2.Proteus sindromy
Bedeniň kä bir ýerleriniň ulalmagy we bu ulalmagy saklap bolmaýar. Beýle sindroma duçar bolanlaryň beden agzalary, meselem el, aýak, barmaklar has beter ulalyp ösüp başlaýar.
3.Progeria
80 ýaşly çaga keseli hem diýilýär.Bu sindrom bedeniň gaty çaltlyk bilen garramagyna sebäp bolýa.Çaga 13 ýaşyndaka onuň bedeni 70 ýaşly garrynyňka öwrülýär. Bu kesel bilen iň köp ýaşan çaga 14 ýaşynda ölüpdir. Eger sindroma doly düşünmek isleseňiz onda "Benjamin Battonyň syrly taryhy(Загадочная история Бенджамина Баттона) filmine tomaşa edip bilersiňiz. Dogry film fantazirlenen. Emma düşünmäge kömek edýär.
4.Mikropsi
Bu kesel bilen kesellän adamlar, ähli äpet jisimler näçe ulyhem bolsa barybir kiçi halda görýärler. Russiýada bolan waka hemmeleri haýrana goýmagy mümkin. Bu wakada bir ýaş oglan beýik ymaratdan bökmek isläpdir. Başga adamlar saklap "Janyňa kast etme" diýip düşündirenlerinde ol oglan hiçzat bolmadykýaly "Men basgançakdan düşjek bolýan, men özümi öldürjek bolamok" diýip jogap beripdir. Aslynda ol ymarat 13 gatdan(etaždan) ybaratdy. Ondan soň şol oglanyň "Mikropsi" sindromynyň barlygy anyklapdyrlar.
5.Köpürjik keseli.
Endamdaky opuhollaryň işleýiş kadalarynyň bozulmagy netijesinde köpürjikleriň yüze çykmagy.Bu kesel dünyade birnaçe adamda bar.
6.Hematidrosis
Gan agarma(gan aklyk) keseli.Kähalatlarda öz-özinden hem aýrylýa.
7.Fop keseli
Endamdaky myşsalaryň süňke öwrilmeginde yüze çykýan,az gabat gelýän keselleriň biri.
8.Akromegali
Ulalma keseli. Eller,aýaklar we yüzüň ömrüniň soňuna çenli ulalmagyny dowam edýär.
9.Alien hand sindromy(başga el)
Hassanyň elleriniň biri, durman hereket edýär we adam ony dolandyryp(saklap) bilmeýär. Ýagny öz eliniň özüniňkidälde, başganyňky ýaly bolmagy.
10.Pika
Palçyk,kagyz,we kleý ýaly zatlary iýýärler.Aslynda iýilmeýän zatlary iýýän adamlara "minerallary ýetenok" diýilýär. Özümüz hem mel, hek iýýän adamlara köp duş gelendiris. Emma pika keselliler beýle däl.Häzire çenli hem olaryň name üçin beýle hereketler edýändikleri anyklanylmady.


Awtory: Allaberdi Muhammetberdiýew.
Paýlaşan we sözlemlere, harplara düzedişmeler girizen: IDEALLIDER
19
104
ideallider
26.08.2024 21:00
Ýörüte söhbetdeşlik. Kim, näme, nire, haçan, haýsy, nädip??? Gün gyzgalaňly geçdi. Magazinda bir gyz selfi tik-tok düşüp bizar etdi. Yzarlap ýadadym. A sizde nähili gün boldy?
28
579