ideallider
06.09.2024 07:40
Gülişime güleýin 27.

261. Gelni ärine:
- Ezizim, sen maňa düýşümde altyn-zynjyr sowgat berdiň!!!
+ Akyllyja-gowja bolsaň, onda maşynam sowgat bererin, inniki düýşüňde!!!

262. Eger siz çölde ýa dagda azaşyp gaty ýadan bolsaňyz, onda bir aýyny ýada ýolbarsy tapyp oňa daş zyňyň. Ýadawlygyňyzdan nam-nyşan galman ylgarsyňyz.

263. - Ezizim, jübiňde deşik bar eken. Men ol deşijegi çatdym.
+ Janam sagbolweli, ol deşigiň barlygyny sen nädip bilýäň???

264. -Gyzym. Öz jaýyňy porýadkalaý. Senem inni ullakan gyza!
+ Ýaltanýan soň porýadkalaryn.
- Bolýa ertirden başlap seň jaýyňy men porýadkalaýan. Ýöne ýassygyň aşagyndan, krowat-adeýalyň aşagyndan, jübileriňden eýle-beýle zat tapsam gaty-görmeşek ýok...
+ Gerekdäl, eýýäm porýadkalap otyryn.

265. Dyrnagy ulylaryň burny arassadyr.

266. Kämahal birzada gynanýanweli, soň şol gynanan zadyma gynananyp wagtymy geçirenligim üçin gynanýan.

267. Gyz bilen oglan oýun edişip poýuz ýolda surata düşýärdiler. Onsaň olar relsda ýatyp surata düşjek wagtlary skarastnoý-çalt gidýän poýuz geçip gitdi. Başda ýaşlar ikidi, soň dört boldular.

268. Budilnik gygyrsada ýigrenilýär, gygyrmasada ýigrenilýär. Gyzlaram oglanlar barada şeýle pikirde.

269. Horazy horaz edýänem towukdur.

270. "Ähli zada başgaça seredip başgaça pikirlenip, şondan bagt gözlemeli" diýýärlerweli, şu bally-bankaň döwülenine nähili seredeňdede pyrlanyp-barýarkaň seredeňdede bagt ýok.

Toplan: IDEALLIDER.
14
161
ideallider
6 Sentýabr 2024
@zumerret_, hemmesini täzeden gaýtalaýan.
zumerret_
6 Sentýabr 2024
Öňem paýlaşypdyndamaý
flowers_
6 Sentýabr 2024
@ideallider, wadawoz sürýän goňşy bolmawersin😅
navat_
6 Sentýabr 2024
268🤣🤣🤣
flowers_
6 Sentýabr 2024
265. Burny ýara bolmagam ahmal😅. 267. Gülkünç däl.
ideallider
6 Sentýabr 2024
@flowers_, menädälweli, başga goňşym wadawoz sürensoň, musur boçkany suwdan dolduraýypdyr🤣👍
flowers_
6 Sentýabr 2024
@ideallider, onda-da baklaşka ýa paket bar bolaýsa, al señ öýkeniñe derman howadan alyp bileniñi)
ideallider
6 Sentýabr 2024
Irden turýaň🙂, daşaryk çykyp säheriň howasyndan dem almak🤩 üçin içiňe howa sorýansyň weli, 😘goňşyň musur-otlan tüssesidir🤦‍♂️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.