ideallider
03.09.2024 10:51
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 27

271. San-Fransiskanyň iki sany ýaşaýjysy bolan Kewin Sistrom we Maýk Kriger, 2010-njy ýylyň 6-njy oktýabrynda "Apple" kompaniýanyň "App Store" magazininde, aplikasion "Instagram" atly programmany köpçülige hödürleýärler. Eýýäm bary ýogy 2 ýyldan bu programmany ulanýan adamlaryň sany 100 miliondan geçýär, 2012-nji ýylyň 9-njy aprelinde bolsa "Facebook" kompaniýa "Instagramy" 1 miliard dollara satyn almak isleýänligini habar berdi. Şol wagtda "Instagramda" bary ýogy 13 işgär işleýärdi.

272. Üns berýäňizmi, tüwi=şaly ösümligi hemişe suwly ýerde gark edilenýaly edilip ekilýär. Beýle köp suw, şaly üçin zerurdäl. Ýagny şeýle suwly ýer bolsun, ýada gurak bolsun tapawudy ýok, şaly aňsat gögerýär. Suwa gark etmegiň esasy sebäbi bolsa haşal otlaryy ýok etmek üçindir.

273. "Toxoplasma gondii" diýilip atlandyrylýan parazit(Mugthor bolan mikroskopiki virus) bilen kesellän(инфицированные) alakalar diňe pişikden gorkmagy bes-etmän eýsem pişikleriň ysyna düşnüksiz höwesli bolýalar, ýagny pişigiň ysyna zar bolýarlar. Netijede alakalar pişiklere gorkman golaýlaşýarlar we köplenç alakalar pişiklere gaharly(agressiwni) topulýarlar. Munuň hem netijesinde pişikler alakalary öldürýäler(tebigatyň kanuny) we parazit pişigiň ekskrimenti bilen ýaýramagyny dowam edýär. Alakanyň dogabitdi(инстинктивного) gorkusyny öçürmek=ýok etmek üçin, pşikden gorkmazýaly etmek üçin, onuň beýnisindäki haýsy nerwini öldürmelidigini bu mikroskopiki parazit "Nädip" bilýär?? Bu soragyň jogabyny alymlar entek hem bilenoklar.

274. 1999-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Amerikanyň salgyt gullugynyň işgäri Jon Karpenter "Kim milýoner bolmak isleýär(кто хочет стат миллионером)" atly oýunda birinji ýeňiji bolup milýoner bolmagy başardy. Oýnyň iň soňky raundynda ol "Dosda jaň etmek(звонок другу)" mümkinçiligini kakasyna jaň etmek üçin ulandy. Emma kakasyndan dogry jogaby soraman, diňe bir minutdan milýoner boljagyny aýtdy. Şondan soň ol dogry jogaby aýtdy we iň ýokary baýragyň eýesi boldy, milýoner boldy.

275. Asyrlar boýy Beýikbritaniýanyň mejlisler(парламент) jaýynda ölmek, kanun tarapyndan gadagan edilýär. Şondada bu kanuny bozan 4 sany adam bar eken.


Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.
15
320
ideallider
4 Sentýabr 2024
@agzamen2, senem şoňkydan gowy hereket edeňok.
zumerret_
4 Sentýabr 2024
275 barada gurledim
zumerret_
4 Sentýabr 2024
Ol ýerde ölmäge näme sebap bolsyn ilki bilen . Ikinjidenem ölen adama name jeza bersinler . Ucunjiden sol yerde oljegini bilen adam ,ol yere name ucin barsyn ? 🤔
flowers_
4 Sentýabr 2024
@mugallym_, men sözi logika gözlemek üçin diýmedim, onsañam kanuny dõredýan özleri, bolup biler.
mugallym_
4 Sentýabr 2024
@flowers_, bir adam ölümden kanun bolany üçin gorkarmy. Logika ýoga hiç hili
flowers_
4 Sentýabr 2024
Bardyr sebäbi, sebapsiz yere kanun dõremez, ondada "Asyrlar boýy" bar kanun bolsa, bu ýerde esasy gyzykly ýeri näme üçin doredileni.
flowers_
4 Sentýabr 2024
@mugallym_, hemme kişi sizmi?
mugallym_
4 Sentýabr 2024
Başgada bokgusyzja kanunlar bolmaly Ýewropada
mugallym_
4 Sentýabr 2024
@flowers_, kanunsyzama gorkýamykalar diyyan olumden.
myrataly_
3 Sentýabr 2024
@flowers_, olam dogry
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.