Gülişime güleýin 28.
Bu 271-ni pişşi iýipdir.
272. Hassahana. "Artrit=bogun süňk agyry" bejerýän dogtaryň palatasynyň öňünde köp oçur=nobata durlar. Ahyry bir garryja bili bükülen enäniň oçuru ýetip zordan titräp giripdir gapydan. Bir-az salymdan ýaňky garryja-küýki ene dikgerilip gönje durup sagalyp çykyp barýar. Ony gören bir daýza:
— Eý Hudaý, enemjaaaan. Bu dogtar gudrat görkezipdir. — diýip geň galypdyrweli ol garryja-ene:
— Ýokla, uzynyrak hasa-taýak berdi.
273. Kel adamlaryň saçlary ýokdur. Kellelerini sypalasaňyzam saçlary ösmez.
274. Nädip alkaş dosduňa aragyny goýdurmaly? Ap-aňsatjak. Alkaş dosduň içip-uklap galanynda oňa gyz-eşigini geýdirip, ýüz gözüne kosmetika çalmaly hem parik geýdirmeli. Ertesi gün ol dosdumyz oýananda, dosdumyza "Sen doň kelläňe loluçylyk etjek bolduň" diýip ynandyrdyk. Degişmedäl. Hakykatdanam aragy goýdy.
275. — Dört gyz bolup birje oglana garaşmars!!! — diýip medsestralar hirurg-dogtar gelmänkä operatsiýa başladylar.
276. Bir gezek aktýor-dostumdan soradym:
— E dost. Kinoda aglamaly wagty nädip aglapbilýäňäý???
+ Elimi jübüme salyp ine şundan gatyrak-çümmükleýänweli, gözüm ýaşaraýýar.
277. Her ýyl ortça 1000 adam çilimi taşlaýar. Ýogsada öli adam çilim çekmegi dowam etmez ahyry.
278. Jigim bally käsesini goýanda käsä garynja üýşüpdir. Onam bilmän içipdir. Innem "Men garynja iýdim" diýip uly sesi bilen aglaýar. Hytaýlylara çabalanyp öläýmeli ekenler.
279. — Eeeee dost. Sen şeýle gowy oglanda. Gelejekde oglum bolsa adyna seň adyňy dakjak. Kellesiz towuk diýip dakjak.
280. Biriniň güjigi:
— Moo, meee, miaaawww...— diýip aýlanyp ýörmüş. Eýesinden sorapdyrlar:
— Agam güjigiňiz näme beýdipýör...???
Eýesi:
— Daşary ýurtda okap geldi, 3 dil bilyä...
281. Eger halan bolsaňyz hökman pikirleriňizi paýlaşyp Like goýuň!
Toplan: IDEALLIDER.