ideallider
08.09.2024 21:55
IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 9.

81. "Söýgini duýup, söýgüň guraýanlygyny görmek, iň erbet agyry" diýip aýdýarlar. Emma öz-söýgiňi, öz eliň bilen ugratmak, ondan hem beter agyryly.

82. Söýgüliňi düýşünde görýänbolsaň, onda seniň ruhuň oň ruhy bilen duşuşýar.

83. Saňa göz ýaşlarym meniň ejizligimi subut edenok, bu meniň diriligimi we ýüregimiň urýanlygyny subut edýär.

84. Gel bu dünýäni böleşeli. Deňiz seňki, tolkunlary meňki. Gün meňki, aý seňki. Asman meňki ýyldyzlar seňki. Aý, gowsy hemmesi seňki bolsun, a sen bolsa diňe meňki bol.

85. Bütün dünýä üçin sen kimdir-biri. A meň üçin bolsa sen bütün-dünýä.

86. Sen tormoz bolmadyk bolsaň, biz birmahal söýüşerdik.

87. Eger gyz samsyjak-çaga ýaly bolsa, onda gyzyň bagty daşyna dökülýär.

88. Ýüzmeli bolsa şatlykda, aglamaly bolsa bagtda, gark bolmaly bolsa söýgide.

89. Söýginiň iki görnüşi bar. Biri "Men seni söýýän" beýlekisi "Ejemi üstüne gudaçylyga ugratjak "Ýok" diýseň alyp gaçaryn".

90. Söýgiňi subut edesiň gelýämi? Onda gudaçylyga ugrat. Galany pif-paf tyr-tyr gümp-samp.

Toplan: IDEALLIDER.
14
177
ideallider
9 Sentýabr 2024
@sadajaaa_, men gyzyklanamok, soraýan. Bilesimgelýär. Sen döwülme gaharlanma. Şol suratlary nämçün goýýanyňy düşündir. Onsaň başgalar hem "Rom şeýle tormaz, gyzyň beýle surat goýmasynyň sebäbi bar eken. Roma şonam bilmändir" diýsinler.
ideallider
9 Sentýabr 2024
@sadajaaa_, "Dokuzy düzüw adam ýok" diýip düzetmän gezmelidäl ahyry. Düzetjek bolmaly. Şol maşynyň öňünde surata düşen ýewropa-hil eşikdäki gyzyň suratynyň nämesi manyly sen düşündir, öwret! Men senden öwrenjek!
ideallider
9 Sentýabr 2024
@sadajaaa_, sen ilki birzadyň anygyna ýetmän ýazýaň😌👎
ideallider
9 Sentýabr 2024
@geldiyevna, ýaňy diş çykýan çagalarda, dişiniň çykýanýeri gijeýän bolaýmasa. Ýalňyşmasam olar dişlese, dişini gaşadygy bolýar. Çagalar şeýdip dişlerini gaşaýar🤩 ýöne adamlar hem gaty-bijak gyjynsalar hem dişleýän ekenler😄
ideallider
9 Sentýabr 2024
@sadajaaa_, emma post bilen baglanşykly. Bu post "Manyly" postdäl, söýgi bilen baglanşykly post. Emma "Söýgi" bölümiň bolmanlygy üçin "Manyly" bölümde goýmaly boldum.
geldiyevna
9 Sentýabr 2024
@sadajaaa_, ýaňy diş çykan çagajygyň doganlarny dişlänini gördüňmi? Gowy görensoň dişleýär-dä, ýogsam çagada ýigrenç nämişlesin. 1-nji suratam kä adamlara çagalykdan galan endik: söýgiňi bildirmegiň bir usuly🤗
ideallider
9 Sentýabr 2024
@geldiyevna, edil özi😄
geldiyevna
9 Sentýabr 2024
@ideallider, içigaralaryň "güni geldi" 😂
milanaaa
9 Sentýabr 2024
89. 2nd variant 🔥
goshguchy
9 Sentýabr 2024
90. Wala-wala nam goshaly shona
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.