ideallider
30.08.2024 21:54
Adatdan daşary sindromlar

1. Sirenomelia(Синдром русалки)
Deňiz gyzy(Suwperi) sindromy hem diýilýän bu kesel bilen dogulan çagalarda dogabitdi aýaklary bitişik ýagdaýynda bolýar. Şol sebäpden hem bu sindroma deňiz gyzy-suw perisi diyilipdir. Beýle çagalar uzak ýaşamaýarlar, ýagny köp bolsa 15 ýyl ýaşaýarlar diýip düşündirýäler. Köp adamlar "Şeýle çagalar deňize derýa golaý ýaşasalar onda uzak ömür ýaşamagyna ynanjymyz bar" diýip çaklaýarlar.
2.Proteus sindromy
Bedeniň kä bir ýerleriniň ulalmagy we bu ulalmagy saklap bolmaýar. Beýle sindroma duçar bolanlaryň beden agzalary, meselem el, aýak, barmaklar has beter ulalyp ösüp başlaýar.
3.Progeria
80 ýaşly çaga keseli hem diýilýär.Bu sindrom bedeniň gaty çaltlyk bilen garramagyna sebäp bolýa.Çaga 13 ýaşyndaka onuň bedeni 70 ýaşly garrynyňka öwrülýär. Bu kesel bilen iň köp ýaşan çaga 14 ýaşynda ölüpdir. Eger sindroma doly düşünmek isleseňiz onda "Benjamin Battonyň syrly taryhy(Загадочная история Бенджамина Баттона) filmine tomaşa edip bilersiňiz. Dogry film fantazirlenen. Emma düşünmäge kömek edýär.
4.Mikropsi
Bu kesel bilen kesellän adamlar, ähli äpet jisimler näçe ulyhem bolsa barybir kiçi halda görýärler. Russiýada bolan waka hemmeleri haýrana goýmagy mümkin. Bu wakada bir ýaş oglan beýik ymaratdan bökmek isläpdir. Başga adamlar saklap "Janyňa kast etme" diýip düşündirenlerinde ol oglan hiçzat bolmadykýaly "Men basgançakdan düşjek bolýan, men özümi öldürjek bolamok" diýip jogap beripdir. Aslynda ol ymarat 13 gatdan(etaždan) ybaratdy. Ondan soň şol oglanyň "Mikropsi" sindromynyň barlygy anyklapdyrlar.
5.Köpürjik keseli.
Endamdaky opuhollaryň işleýiş kadalarynyň bozulmagy netijesinde köpürjikleriň yüze çykmagy.Bu kesel dünyade birnaçe adamda bar.
6.Hematidrosis
Gan agarma(gan aklyk) keseli.Kähalatlarda öz-özinden hem aýrylýa.
7.Fop keseli
Endamdaky myşsalaryň süňke öwrilmeginde yüze çykýan,az gabat gelýän keselleriň biri.
8.Akromegali
Ulalma keseli. Eller,aýaklar we yüzüň ömrüniň soňuna çenli ulalmagyny dowam edýär.
9.Alien hand sindromy(başga el)
Hassanyň elleriniň biri, durman hereket edýär we adam ony dolandyryp(saklap) bilmeýär. Ýagny öz eliniň özüniňkidälde, başganyňky ýaly bolmagy.
10.Pika
Palçyk,kagyz,we kleý ýaly zatlary iýýärler.Aslynda iýilmeýän zatlary iýýän adamlara "minerallary ýetenok" diýilýär. Özümüz hem mel, hek iýýän adamlara köp duş gelendiris. Emma pika keselliler beýle däl.Häzire çenli hem olaryň name üçin beýle hereketler edýändikleri anyklanylmady.


Awtory: Allaberdi Muhammetberdiýew.
Paýlaşan we sözlemlere, harplara düzedişmeler girizen: IDEALLIDER
19
104
stella_🖤
30 Awgust 2024
Hmm bah 🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.