idabdy
05.07.2024 21:33

Abdy diýer, köňlümi berdim ol ýara,

Ýar-ýar diýe köňlümi eltdim jepaýa


Onuň ady ýaňlanar sähra çöllerde,

Emma gözelligi meňzeş humaýa.


Beýan etdim men size jaýdyr bu köňlüm,

Ýanyp duran söýgümi eltdim bu jaýa.


Eý, halaýyk sorasaň: kimmiş bu gözel?

Gözel sözi kem galar, menzär ol Aýa.


Tanaýanyň bar bolsa beriň ýaryma,

Aýdyň: magşugyň saňa ýazdy hekaýa.


Men hiç aýdyp bilmedim, armandyr köňlüm,

Arman içre batyrdym, köňlümi laýa.


Tanamaýan bar bolsa biliň siz muny,

Ol ýarym bir akýagyz, utanjaň-haýa.


Gara gözler uly däl, aramdyr bilseň,

Tire meňzär kirpigi, gaşlary ýaýa.


Uzyn syýa saçlary bardyr ol ýaryň,

Ony söýdüm, dat edip köňlümi zaýa.


Ýandym men, köňül içre söýgi odundan,

Indi ýanan köňlüme bolsady saýa.


Abdy diýer, harapdyr, köşki-eýwanym,

Ol ýar nazar salsady,ýykylan jaýa.

Balkan Durdylyýew (Abdy)


ALLAH islese bolmajak zat ýokdur.


Soňky goşgymam ýazdym paýlaşdym.Galany Ýaradana bagly.Belki ýetäýsedi goşgular şol gyzyň yzyndan

9
113
idabdy
29.06.2024 10:58

Gözleri aramdyr, eýläýin beýan

Gaşlary galamdyr, kirpikleri tar.

Bilbil deý sesi bar-göwnümiň hoşy

Syýadyr saçlary mysaly şamar.


Hem boýy aramdyr, hem jismi ap-ak,

Eýläp bir tebessüm, galmady karar.

Inçe, näzik teni-göwnümiň hoşy

Almady sözümi, boldum bikarar.


Her gün oň ýoluna birsalym garap,

Köňül içre ýandym, boldum intizar.

Oň görki jemaly-göwnümiň hoşy

Gözlerim ýar diýip eýledi zar-zar.


Görseň ol mylaýym, edebi gül dek,

Kelamyna zar men, sözüne eý, ýar.

Oň hulky-haýasy-göwnümiň hoşy

Hiç eýläp bilmedim, ýar bilen güftar.


Arman içre arman galdy ýürekde,

Ne adym dilinde, ne-de söýgim bar.

Ýene-de ol meniň-göwnümiň hoşy

Şonça ýok gökdäki ol ýagty Kamar.


Söýdüm, haýrany men tenha halyma,

Köňlüm ejiz düşdi, eýledim zyban.

Ol HAKYŇ guly meň göwnümiň hoşy

Gul üçin eşk ile boldum ahy-zar.


Eý Abdy, tamamdyr, geçdi o zaman,

Ýürekde galmady, söýgi atly ýar.

Bilmedim, kim meniň göwnümiň hoşy

Bilmedim, men kimiň söýgüsi eý ýar.

Balkan Durdylyýew (Abdy)


Ertir nesip bolsa soňky goşgymam paýlaşjak."Girýan eýledim", "Arman çekdim", "Arman içinde", "Beýan" şu goşgulam şoňa, eger özi görse birden nesibe özi düşüner.Şular goşgy dällir ýüregimiň içinde toplan zatlary dilden aýdyp bilmedik zatlammyň hemmesini kagyza dökdüm.


Eý Abdy, gam içre joşýar ylhamyň,

Şygyrlam kalbymyň ahwaly biliň,

Joş eýle, joş eýle, eý gözel şygyr

Sensiň meň dertdeşim,ruhy ahwalym.


Galan zatlaram giňişleýin siz hormatly agzalara ertir "Söýgi Gazaly" atly şygrym bilen düşündirjek.Şol şygyrda onuň ady, keşbi we meniň haýyşym, meniň islegim, ahwalym beýan edilýär.Meniň asyl maksadym, niyetim,şoňa söýýänimi billirmek, görkezmek.Belki şu progda o dälle,belki jorasy zady çykar ol meniň adymy eşitse hökman meni tanar Nesibe belki siziň tanşyňyzdyr ol bilip bolmaz.Imodaky goşgulammam gördümikä??

13
163
idabdy
28.06.2024 00:04
Sen dek gözel görmedim,
Ähli juwan içinde.
Ýüregim senden ogryn
Ýandy naryň içinde.

Yşk meýinden ganyp men,
Söýdüm Gün dek ýanyp men,
Ahyry hem solup men
Galdym efgan içinde.

ALLAM bermiş hup surat,
Dideler misli saýýat,
Ýokdur mende hiç takat,
Galdym girýan içinde.

Abdy diýer baharym,
Geçdi şoň bilen mälim,
Emma meniň ýüregim
Galdy arman içinde.
Balkan Durdylyýew (Abdy)
11
53
idabdy
27.06.2024 00:05
Söwer ýaryň wysalynda
Sabyr eýläp, arman çekdim.
Yşk odunuň jepasynda
Birýan eýläp, girýän çekdim.

Günbe-günden gussa dartyp,
Halym gende, otda ýanyp,
Söwer ýara kän garaşyp,
Sabyr eýläp, arman çekdim.

Ol ýar meni goýup derde,
Elem berdi, derman nirde?
Gözüm girýan ede-ede
Gussalary durman çekdim.

Tenha ýerde men perişan,
Gözlerimem eşki-girýan,
Yşk oduna ýanyp her ýan
Dilim aýdar: bilmän çekdim.

Yşk bilen men ýürek daglap,
Gözlem akar suw deý aglap,
Zyban bilbil deýin saýrap
Diýer gülüň zaryn çekdim.
9
24
idabdy
26.06.2024 00:00
Bir gözeliň yşkynda,
Bir aşyk perwana men.
Onuň hup jemalyna,
Bir ýesir diwana men.

Ony görsem şat bilen,
Ýürek urýar bat bilen,
Eý nigärim dat bilen,
Bir gözi girýana men.

Yşk meýden gana-gana,
Aglar men ýana-ýana,
Etdi meni diwana
Bir gözi girýana men.

Görse gözmüň göreji,
Oldur başymyň täji,
Wasp eýläp bu söýgüni
Ýazdym bu dessana men.
16
122
idabdy
25.06.2024 00:00
Gözleri ok kimin, gaşlary keman,
Bakanda köňlümi eýledi weýran.

Erem dek syraty, kaddy-kamaty
Göreni hemişe eýleýär haýran.

Gör, ne ajap dürler ýaratýar Hudaý,
Onuň ajaplygy dillere dessan.

*********************************

Aklymy haýran eder onuň ýakut jemaly,
Kemanu-peýkam bilen bizi nyşan eýlän gyz.

Ýylgyryp bakanda ol, gaýgy-hesret ýok bolar,
Mähirinden gandyryp, derdimiň dermany gyz.

Köňül atly şährimde buýruk berýän şadyr ol,
Men bolsa bir pukara, meni tabyn eýlän gyz.

Onuň ýakut jemaly göýä bir ýesirhana,
O ýesirler gam iýmez ýesirlikden gözel gyz.

Abdy diýer, wasp etdim Hudaýyň bir bendesin,
Bendesi beýle bolsa KADYR niçik, gözel gyz.
15
48
idabdy
24.06.2024 01:36
1.Iň uzyn derýa,onuň uzynlygy we ýerleşýän ýeri?
2.Iň bol suwly derýa we ol nirede ýerleşýär?
3.Iň kiçi döwlet we onuň ýerleşýän ýeri?
4.Gitler ilki bilen nirä çozup ikinji jahan urşuna başlaýar?
5."Men siziň aýtýan sözleriňiziň hiçisi bilen ylalaşamok ýöne şony aýtmaga bolan hukugyňyz üçin ölmäge taýýar" şu sözüň eýesi kim?
26
374
idabdy
23.06.2024 22:41
Dilberiň birine köňlümi berip,
Oň yşkynda menem girýan eýledim.
Mejnun dek erkimi elden giderip,
Oň yşkynda menem girýan eýledim.

Käteler ýüregim halys dar bolup,
Ahu zar eýleýän, misli kär bolup,
Erkime däl, gamgyn bolup, har bolup,
Oň yşkynda menem girýan eýledim.

Şat bolan wagtymdan gam wagtym köpdür,
Söýgülimden gaýry bary hebesdir,
Meň söýgim ýangyndyr, köňlümem jaýdyr,
Ot bilen jaýymy weýran eýledim.

Gorersiň meň halym indi bibatdyr,
Köňlüm bir Derweze, söýgim girdapdyr,
Eý Abdy, bu gazal hoş bir owazdyr,
Kalbymyň owazny dessan eýledim.
31
199
idabdy
22.06.2024 15:14
Gel gel ne olsaň ol ýene gel
Kapyr butparaz otparaz bolsaňda gel
Biziň dergähimiz umytsyzlaryň dergähi däldir
Tobaňy ýüz gezek bozan bolsaňda gel
22
157