idabdy
29.06.2024 10:58

Gözleri aramdyr, eýläýin beýan

Gaşlary galamdyr, kirpikleri tar.

Bilbil deý sesi bar-göwnümiň hoşy

Syýadyr saçlary mysaly şamar.


Hem boýy aramdyr, hem jismi ap-ak,

Eýläp bir tebessüm, galmady karar.

Inçe, näzik teni-göwnümiň hoşy

Almady sözümi, boldum bikarar.


Her gün oň ýoluna birsalym garap,

Köňül içre ýandym, boldum intizar.

Oň görki jemaly-göwnümiň hoşy

Gözlerim ýar diýip eýledi zar-zar.


Görseň ol mylaýym, edebi gül dek,

Kelamyna zar men, sözüne eý, ýar.

Oň hulky-haýasy-göwnümiň hoşy

Hiç eýläp bilmedim, ýar bilen güftar.


Arman içre arman galdy ýürekde,

Ne adym dilinde, ne-de söýgim bar.

Ýene-de ol meniň-göwnümiň hoşy

Şonça ýok gökdäki ol ýagty Kamar.


Söýdüm, haýrany men tenha halyma,

Köňlüm ejiz düşdi, eýledim zyban.

Ol HAKYŇ guly meň göwnümiň hoşy

Gul üçin eşk ile boldum ahy-zar.


Eý Abdy, tamamdyr, geçdi o zaman,

Ýürekde galmady, söýgi atly ýar.

Bilmedim, kim meniň göwnümiň hoşy

Bilmedim, men kimiň söýgüsi eý ýar.

Balkan Durdylyýew (Abdy)


Ertir nesip bolsa soňky goşgymam paýlaşjak."Girýan eýledim", "Arman çekdim", "Arman içinde", "Beýan" şu goşgulam şoňa, eger özi görse birden nesibe özi düşüner.Şular goşgy dällir ýüregimiň içinde toplan zatlary dilden aýdyp bilmedik zatlammyň hemmesini kagyza dökdüm.


Eý Abdy, gam içre joşýar ylhamyň,

Şygyrlam kalbymyň ahwaly biliň,

Joş eýle, joş eýle, eý gözel şygyr

Sensiň meň dertdeşim,ruhy ahwalym.


Galan zatlaram giňişleýin siz hormatly agzalara ertir "Söýgi Gazaly" atly şygrym bilen düşündirjek.Şol şygyrda onuň ady, keşbi we meniň haýyşym, meniň islegim, ahwalym beýan edilýär.Meniň asyl maksadym, niyetim,şoňa söýýänimi billirmek, görkezmek.Belki şu progda o dälle,belki jorasy zady çykar ol meniň adymy eşitse hökman meni tanar Nesibe belki siziň tanşyňyzdyr ol bilip bolmaz.Imodaky goşgulammam gördümikä??

13
163
idabdy
30 Iýun 2024
@t_ayp, paka
idabdy
30 Iýun 2024
@t_ayp, hawoo
t_ayp
30 Iýun 2024
@idabdy, "День Ок" esasy ruhy ekizim bolsun maňa söýmäni öwreden!
idabdy
30 Iýun 2024
@t_ayp, herkim söýmegi başaranok ýöne
idabdy
30 Iýun 2024
@t_ayp, ýöne kimi söýýänligiňe bagly
idabdy
30 Iýun 2024
@t_ayp, ýagny soň özüň düşünersiň söýen wagtyň
idabdy
30 Iýun 2024
@t_ayp, söýgi mukaddes zat biz ýöne ýaşap bilemizok
idabdy
30 Iýun 2024
@t_ayp, hä düşnükli
idabdy
30 Iýun 2024
idabdy
30 Iýun 2024
@t_ayp, Да
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.