Dilberiň birine köňlümi berip,
Oň yşkynda menem girýan eýledim.
Mejnun dek erkimi elden giderip,
Oň yşkynda menem girýan eýledim.
Käteler ýüregim halys dar bolup,
Ahu zar eýleýän, misli kär bolup,
Erkime däl, gamgyn bolup, har bolup,
Oň yşkynda menem girýan eýledim.
Şat bolan wagtymdan gam wagtym köpdür,
Söýgülimden gaýry bary hebesdir,
Meň söýgim ýangyndyr, köňlümem jaýdyr,
Ot bilen jaýymy weýran eýledim.
Gorersiň meň halym indi bibatdyr,
Köňlüm bir Derweze, söýgim girdapdyr,
Eý Abdy, bu gazal hoş bir owazdyr,
Kalbymyň owazny dessan eýledim.