idabdy
28.06.2024 00:04
Sen dek gözel görmedim,
Ähli juwan içinde.
Ýüregim senden ogryn
Ýandy naryň içinde.

Yşk meýinden ganyp men,
Söýdüm Gün dek ýanyp men,
Ahyry hem solup men
Galdym efgan içinde.

ALLAM bermiş hup surat,
Dideler misli saýýat,
Ýokdur mende hiç takat,
Galdym girýan içinde.

Abdy diýer baharym,
Geçdi şoň bilen mälim,
Emma meniň ýüregim
Galdy arman içinde.
Balkan Durdylyýew (Abdy)
11
53
gula
2 Iýul 2024
👍🏻
idabdy
28 Iýun 2024
@okyyjy, hawo bolup biler köne sözlerdä düşünmedik ýerleriňizi soraýyň
idabdy
28 Iýun 2024
@stella_🖤, sps
idabdy
28 Iýun 2024
@flowers_, hup diýmek ýagşy gözel diýen manyny u
idabdy
28 Iýun 2024
@zumerret_, seňkäm gowy örän gowy
stella_🖤
28 Iýun 2024
Gowy goşgy 👍🏻
flowers_
28 Iýun 2024
"Allam bermiş görmegeý keşp"
flowers_
28 Iýun 2024
@Serwi, düşnükli, surat diýmegem keşp diýmekdi õýdýän
okyyjy
28 Iýun 2024
Ýoo minnetdar. Awtor gelse düşündirerdai@flowers_,
flowers_
28 Iýun 2024
Hup🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.