Gözleri ok kimin, gaşlary keman,
Bakanda köňlümi eýledi weýran.
Erem dek syraty, kaddy-kamaty
Göreni hemişe eýleýär haýran.
Gör, ne ajap dürler ýaratýar Hudaý,
Onuň ajaplygy dillere dessan.
*********************************
Aklymy haýran eder onuň ýakut jemaly,
Kemanu-peýkam bilen bizi nyşan eýlän gyz.
Ýylgyryp bakanda ol, gaýgy-hesret ýok bolar,
Mähirinden gandyryp, derdimiň dermany gyz.
Köňül atly şährimde buýruk berýän şadyr ol,
Men bolsa bir pukara, meni tabyn eýlän gyz.
Onuň ýakut jemaly göýä bir ýesirhana,
O ýesirler gam iýmez ýesirlikden gözel gyz.
Abdy diýer, wasp etdim Hudaýyň bir bendesin,
Bendesi beýle bolsa KADYR niçik, gözel gyz.