idabdy
05.07.2024 21:33

Abdy diýer, köňlümi berdim ol ýara,

Ýar-ýar diýe köňlümi eltdim jepaýa


Onuň ady ýaňlanar sähra çöllerde,

Emma gözelligi meňzeş humaýa.


Beýan etdim men size jaýdyr bu köňlüm,

Ýanyp duran söýgümi eltdim bu jaýa.


Eý, halaýyk sorasaň: kimmiş bu gözel?

Gözel sözi kem galar, menzär ol Aýa.


Tanaýanyň bar bolsa beriň ýaryma,

Aýdyň: magşugyň saňa ýazdy hekaýa.


Men hiç aýdyp bilmedim, armandyr köňlüm,

Arman içre batyrdym, köňlümi laýa.


Tanamaýan bar bolsa biliň siz muny,

Ol ýarym bir akýagyz, utanjaň-haýa.


Gara gözler uly däl, aramdyr bilseň,

Tire meňzär kirpigi, gaşlary ýaýa.


Uzyn syýa saçlary bardyr ol ýaryň,

Ony söýdüm, dat edip köňlümi zaýa.


Ýandym men, köňül içre söýgi odundan,

Indi ýanan köňlüme bolsady saýa.


Abdy diýer, harapdyr, köşki-eýwanym,

Ol ýar nazar salsady,ýykylan jaýa.

Balkan Durdylyýew (Abdy)


ALLAH islese bolmajak zat ýokdur.


Soňky goşgymam ýazdym paýlaşdym.Galany Ýaradana bagly.Belki ýetäýsedi goşgular şol gyzyň yzyndan

9
113
flowers_
4 Oktýabr 2024
@idabdy, bolýa.
idabdy
4 Oktýabr 2024
@flowers_, ýok aýtjak däl znaçit o gyz öwrenmeliň agzasy dällir sağboluň
flowers_
4 Oktýabr 2024
@idabdy, kim ol gyz?
flowers_
4 Oktýabr 2024
@idabdy, nämäñ manysy başga?🤦‍♀️
idabdy
4 Oktýabr 2024
@flowers_, aýlamak dolamak hezilä mň üçin
idabdy
4 Oktýabr 2024
@flowers_, ol seň adyň emma manysy başga
flowers_
4 Oktýabr 2024
Aýlap dolap oturman aytjak bolsa aydyp göyberman🤦‍♀️
flowers_
4 Oktýabr 2024
@idabdy, çöllerde ýañlanmaýar🤔🙄, meñ adyma bar şo sözlerden soñ🤔
idabdy
3 Oktýabr 2024
@flowers_, hm aý borlo bähbit bolsyn
idabdy
3 Oktýabr 2024
@zumerret_, emma hemme gyzyň ady çöllerde ýaňlanmaýa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.