hangeldiyev
28.01.2024 02:35
Adam edil säher ýaly bolmaly!
Ýagtyltmaly adamlaryň dünýäsin.
Ýagyşyň tozany ýuwuşy ýaly
Ýuwmaly ol ownuk uşak günäsin.

Adam edil Güneş ýaly bolmaly!
Üşän kalplary ýylatmalydyr.
Ýüreklere mähir söýgi salmaly,
Göýdük göwünleri ulaltmalydyr.

Derýa ýaly joşup, joşup akmaly,
Teşne sähralary suwa ýakmaly,
Adam mümkin bolsa meňzesin howa,
Elmydam jan bersin erbede-gowa.

Ýyldyza meňzesin bezelsin asman,
Saz bolup ýaňlansyn yzyny kesmän,
Adam goldaw bolsun bolanynda kyn,
Adam kitap bolsun ýürege ýakyn.

Ol her bir ädimde gerek bolmaly,
Älemlere ýodalary açmaly,
Ýyldyzlar dowamly şöhlelenýärler,
Adam ýyldyz bolup şöhle saçmaly.
Ol her gün täzeden döräp bilmeli,
Adam edil Güneş ýaly bolmaly.!
16
27
hangeldiyev
27.01.2024 23:44
Adam edil säher ýaly bolmaly,
Ýagtyltmaly adamlaryň dünýäsin.
Ýagyşyň tozany ýuwuşy ýaly,
Ýuwmaly ol ownuk-uşak günäsin.

Adam edil Güneş ýaly bolmaly,
Üşän kalplary ýylatmalydyr.
Ýüreklere mähir, söýgi salmaly,
Göýdük göwünleri ulaltmalydyr.

Derýa ýaly joşup, joşup akmaly,
Teşne sähralary suwa ýakmaly,
Adam mümkin bolsa meňzesin howa,
Elmydam jan bersin, erbede-gowa.

Ýyldyza meňzesin,bezelsin asman,
Saz bolup ýaňlansyn yzyny kesmän,
Adam goldaw bolsun, bolanynda kyn,
Adam kitap bolsun ýürege ýakyn.

Ol her bir ädimde gerek bolmaly,
Älemlere ýodalary açmaly,
Ýyldyzlar dowamly şöhlelenýärler,
Adam ýyldyz bolup şöhle saçmaly.
Ol her gün täzeden döräp bilmeli,
Adam edil Güneş ýaly bolmaly.
12
7
hangeldiyev
27.05.2023 22:18
Abbas halyflarynyň biri bolan Harun Al Reşide bir gül sowgat beripdirler. Ol sowgat edilen güli bagbanyna berip:" Muny ekip, gowy ideg ediň we ýetişensoň ilkinji açylan gülüni maňa getiriň" diýipdir. Aýdylyşy ýaly edip bagban güli ekip, gowy ideg edip ýetişdiripdir. Gül nahalynda bir gunça emele gelipdir we birnäçe wagtdan soň ol açylyp ajaýyp güle öwrülipdir. Bagban güli almaga baranda gülüň garşysynda bir bilbil zaryn saýrap durdy. Bagban bu pursaty synlap durka bilbil güle gonup, ganatlary we çünki bilen güli persala edip zaýalapdyr. Bagban bu ýagdaýy Halyfa habar berip ötünç soranda, Halyf" Seniň hiç bir günäň ýok.Bu şeýle bir Älemdir, gezekli dünýädir. Görersiň bu dünýä bilbile-de galmaz."diýipdir. Aradan birnäçe wagt geçýär. Bagban bagda işleri bilen başagaý bolup ýörkä bilbili görýär we şol ýerde şahalaryň arasyndan bir ýylan çykýar we bilbili tutup iýýär. Bagban haýal etmän Halyfa habar berýär,"Aýdyşyňyz ýaly boldy Halyfym". Halyf aýdypdyr:"Men saňa aýdypdym, bu dünýä bilbile-de galmaz. Bu şeýle bir Älemdir hiç kimiň edeni ýerde galmaz. Seret, görersiň bu dünýä ýylana-da galmaz." Birnäçe wagtdan soň bagban işleri bilen gezip ýörkä, ol ýylan gelip onuň aýagyna dolanýar. Bagban ýiti pili bilen ony çapyp öldürýär. Ýene Halyfyň huzuryna barýar we oňa ýagdaýy aýdýar:"Edil aýdyşyňyz ýaly boldy." Onda Halyf aýdypdyr:"Bu dünýä ýylana-da galmady. Ýöne,unutma bu dünýä saňa-da galmaz." Aradan wagt geçýär. Bagban bir gabahat iş bilen Halyfyň gazabyna duçar bolýar. Oňa "Dardan asmak" jezasy berilýär. Jellatlaryň huzuryna çykarylýar. "Soňky sözüň näme?"diýipdirler. Bagban:"Soňky sözümi diňe Halyfamyza sözlärin"diýipdir. Ýagdaýy Halyfa habar beripdirler we huzuryna getiripdirler. Bagban aýdypdyr:" Eý Halyfam. Bir wagtlar bir gül nahaly bardy,ondan bir gunça emele gelipdi. Soňra gül açypdy. Ol güli bir bilbil parçalapdy. Ony size arz edemde, Siz:" Dünýä bilbile galmaz"diýdiňiz. Soňra ol bilbili bir ýylan iýdi."Bu dünýä ýylana-da galmaz"diýdiňiz. Ol ýylany men öldürdim."Bu dünýä saňa-da galmaz"diýdiňiz. Meni bir günä bilen jellada tabşyrdyňyz we bu sözüňiz bilen dogry boldy. Ýöne, bu zulum sebäbi bilen dünýä Size-de galmaz. Üç-bäş güne munuň jezasyny görersiňiz." Halyfyň ynsaby oýanyp, bir soltana gelişenini edip,bagbany bagyşlapdyr.
4
53
hangeldiyev
24.05.2023 02:04
Göge baksaň salam berer ýyldyzlar
Baga baksaň salam berer güllerem
Goşgylarymy,sözlerimi okarsyň
Olar seni ýylgyrdar hem güldürer.

Soň parhsyz geçmersiň bu köçelerden,
Ýaşlygyňy ýele sowrup ýörmersiň,
Söýgi gelen wagty şol pursaty duý.
Ýogsam bu ömürde many görmersiň.

"Ýaşamak aňsat däl,ykarady kän.
Ýaşamak kyn munda, hiç kimi söýmän.
Söýgi gelen çagy-şol pursaty duý,
Ýürek köpem däldir söýenňe degýän"🌹😊
11
63
hangeldiyev
19.05.2023 06:24
Durmuş gapjygymda däl,
Üýtgemerin minutda.
Elýetmez sen meň üçin,
Ony asyl unutma.

Ýürekde dörän duýgy,
Şol ýürekde örleýär.
Eýesini kä aýnadýar,
Käte bolsa horlaýar

Küýsäp bilseň söýgüni,
Öýüňi,ojagyňy.
Olara bagyşlasaň,
Aljagyňy-goýjagyňy

Durmuş dowam edýär gül,
Ýok bolsun seniň ünjiň.
Durmuş gapjygymda däl,
Üýtgemerin şoň üçin🌹😊
13
74
hangeldiyev
04.02.2023 23:01
Biz henizem ynanamzok,
Ejemiziň ýoklugyna.
Ýöne welin berk ynanýan.
Oň ýüreginiň päkligine.

Ol ýalandan ýüzümize,
Etmändi hiç gülüm-ýalym.
Yhlasyndan kämilleşdi,
Meň mukaddes ene dilim.

Ellerini gysyp mäkäm,
Sypaladym çal saçyny.
Aldy ajal bir maşgalaň,
Iň Mukaddes oljasyna.

Päk ýüregi baky durup,
Gözel gözün ýumdy baky.
Örän Uly ýitgi boldy.
Içki, daşky dünýämdäki.

Hormat bilen ýatlarys eje,
Päk ýüregiňe,päkligiňe.
Ýöne hiç wagt ynanmarys
Seniň munda ýoklugyňa!

H.Hangeldiýew
16
92
hangeldiyev
20.01.2023 06:37
Güýzüň serpaý eden pagtasyn asman, ÝagdyrdyZemine yzyny kesmän.
Köp minnetdar bolup muň üçin göge,
Ak gary gysymlap, tokgalan çaga,
Begenip, çar ýana oklaýar ine,
Görk goşýar bu gyşyň gözelligine.
Biz bolsa başagaý, basgylap gary,
Maksatsyz barýarys bir ýere sary.
Birden indi beýnä, şeýle ýatlama,
Düşeninde ak gar gara paltoma.
Birmahal ak gary seçende asman,
Sowuk sähralarda elleri ysman,
Şineliň ýakasyn gulagyna gerip,
Garda süýşüp, bagryn sowuga berip,
Sowuk awtomaty, sowuk kaskasy.
Oklary diýsene, Hudaý saklasyn.
Aňzagyň içinde agyrka taplar,
Nobatsyz atýarka tanklar, toplar,
Ak gary al ganyň ereden çagy,
Eredende ony gözýaşdyr agy,
Ädigi, eşigi ezlip mazaly,
Ýüregi, süňňi hem teni yzaly.
Ýowuz günler geçip aýazyň için,
Göwnüme bolmasa, şu günler üçin.
Şol taryhy çala ýatladyp garlar,
Ýagýarlar ak garlar, pessaý ýagýarlar.
Endikli çagalar eglip Zemine,
Bir gysym ak gary tokgalap ine,
Ýürege sanjylan oklara derek,
Zyňyşyp oýnaýar, guwanmak gerek.
Men bolsa howlukmaç, geleňsiz haldan,
Hiç aýrylyp bilmän, barýaryn ýoldan.

H.Hangeldiýew
12
25
hangeldiyev
19.01.2023 21:20
Söýdüm seni! Söýdüm juda talantly.
Özüme garadym, ýowuz hem nyrhsyz.
Saňa -söýgüm, meni saňa tanatdy,
Ýaşamazlyk üçin dünýäde parhsyz.

Otdan alyp, suwa oklap özümi,
Men söýmek isledim ýagtydan-ýagty.
Sen parhsyz ýaşama. Açaý gözüňi,
Gör, her kim özüne gazanýar bagty...

Ýoly geçip barýan ädimme görä,
Tebigat birgeňsi, ýok ondan doýmak.
Öz bagtyňy gazanmaklyk kyn örän,
Neneň ýeňil özgeleňkä guwanmak!

Bir gün gözleriňi baglasa gussa,
Edil men dek käbir gije ýatmasaň. Göwniň giňär, haçan ýüregiň gyssa,
Bir gysymjyk yhlasymy ýatlasaň.

Söýgi, gussa hem seň päkize syryň,
Şoňa garylypdyr arzuwym ünjüm.
Şu gün şu günimize düşün ahyryn,
Düýnüň düýnlügine ynanmak üçin!

H.Hangeldiýew
14
64
hangeldiyev
18.01.2023 17:54
Wyždanyň päk bolsa kyndyr ýürekden, Duşmanyň ýüzüne ýylgyrmak , gülmek. Ýöne, başga kyn zat tebigatda bar, Ýitirilen wagtyň öwezin dolmak.

Eger mümkin bolsa, rugsat berseňiz, Mümkin däl zatlaryň aýdaýyn birin. Käteler ýitirilen wagtyň öwezin, Dolmak mümkin däldir hasap edýärin!

H.Hangeldiýew
17
62
hangeldiyev
16.01.2023 22:52
Ýitgisiz ýaşamak mümkin däl,dostlar! Şu ýitgi hiç aýrylmaýar adamdan. Şu günüm ýitgisiz ötürdim diýseň, Bir oňat söz çykýar seniň ýadyňdan.

Goý, gowluga bolsun bolsa ýitgimiz Zerurlyk däl oňa günä ýapmaklyk. Oňat ahyr erbet zady ýitirip, Deregine oňat zady tapmaklyk.

Artyk sözler ýara şahyr ýüregine, Onuň goşga çigit ýaly haýry ýok. On sözi ýitirip onuň deregine bir ajap pikiriň nämä degenok?

Pikir döredeýin,ajaýyp pikir,
Onuň parhy näme,ownukmy iri ownuk pikirleri heläk etmäliň Käte biz şolaňam bolýarys zary.

Bir gün jahyllykda gözden ýitseň-de, Senden miras galsa ajaýyp pikir, Söýgiň ile ýetse bolany bolar. Sen onsoň diýiber Hudaýa şükür!

Galamyň ýitirseň taparsyň galam, Ýiteniň tapylar miýesser etse, Ýöne, Ýaşlyk bilen ajaýyp pikir Olar tapylmaýar dereksiz ýitse.

H.Hangeldiýew
18
89